Aşgabat kino sungatynda

13 Maý 2021
1110

Şu günler paýtagtymyzyň «Aşgabat», «Watan», «Türkmenistan» kinoteatrlarynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Aşgabadyň waspy kino sungatymyzda» atly türkmen kinofilmleriniň hepdeligi dowam edýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan bilelikde guralan hepdelikde tanymal türkmen kinorežissýorlarynyň dürli ýyllarda surata düşüren çeper filmlerine uly orun berildi.

Ýörite habarçymyz.