Türkmende «myhman paýy» diýen düşünje bar. «Myhman paýy» munuň özi myhmanyň rysgalydyr. Türkmen myhman üçin hem rysgal paýyny aýryp goýýandyr, ätiýaçlydyr. Saý-sebäp bilen «myhman paýy» galmadyk halatynda, myhman üçin ýeňiljek nahar ataryp goýýandyr. Derrew bir çäýnek çaý içilýänçä, myhman nahary taýyndyr. Türkmeniň «myhman paýy» diýleni hem, myhman gelensoň hem hezzet-hormat geler durar, geler durar, miwe, ir-iýmiş ýetişen döwri dagy bolsa-ha, saçak üstünde ýer tapmagam aňsat däldir. Oňa çenli myhman gelenden soňky atarylan nahar hem bişer.
Türkmen myhmansöýerlige uly sarpa goýýar, gapysyndan del kişi gelse-de «gel, geç» diýer, hödür-tagam hödürlär. Türkmeniň rysgally-döwletliligi hem şondandyr. Türkmen «Myhman öz rysgal-döwleti bilen gelýändir» diýýändir. Sebäbi türkmeniň ýagşy niýeti bar. Ýagşy niýet döwletlilikdir. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bolsa özüniň ýagşy niýetliliginden gözbaş alýandyr. Ýagşy niýetlilik agzybirlige eltýär.