Medeni diplomatiýa — halklary jebisleşdirýän umumylyk

12 Maý 2021
1074

Medeniýet — nirede ýaşalýandygyna, haýsy dilde sözleşilýändigine garamazdan, Ýer togalagynyň islendik nokadynda sözsüz düşünişip bolýan umumylykdyr. Islendik halky öwrenmekçi bolsaň, ilki dilini, soňra medeniýetini öwren diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr. Dil — pikir alyşmaga, medeniýet bolsa, ýakyndan düşünişmäge ýardam edýär.

Halklaryň kalplaryna ýol salýan medeni gatnaşyklar bütindünýä möçberli ähli başlangyçlaryň, ylalaşyklaryň hem özara ynanyşmagyň binýadydyr. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyzda medeni diplomatiýany ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Sözümiz guraksy bolmaz ýaly, dürli ýyllarda biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerde geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle-de daşary ýurtlaryň biziň döwletimizde geçirilen Medeniýet günlerini, döredijilik toparlarydyr aýdymçylarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralarda, festiwallardadyr bäsleşiklerde çykyş edip gelýändiklerini nygtamak gerek.

Aýnabat NAZAROWA,
«Esger».