Şahyry tanaryn diýseňiz

27 Ýanwar 2021
1581

Ýazyjy-şahyrlar hakynda gürrüň edilende: «Döredijilik adamlarynyň ykbaly, hüý-häsiýetleri, garaýyşlary, gözýetimi onuň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Olary has gowy tanamak isleseň, eserlerini okabermeli» diýlen düşünje bar. Durmuş tejribesine esaslanyp aýdylan şu pikir hakykat. Elbetde, ýazyjy-şahyrlaryň eserleri mähir-yhlasa beslenen, kalp töründen gaýdyp, onuň gözýetiminiň çäginde dünýä akyl ýetirişine görä, uzak ýyllaryň dowamynda toplan genji-hazynasy.

Döwrüň sesine öz wagtynda ses goşmagy başarýan, Jeýhun deýin joşgunly, ýaz kimin ýakymly, sözleri saýhally, durmuşda sabyrly-kanagatly Bazar Şalyýew hem atalaryň pentlerine uýup, nesillere ýagşy öwütleri berip, hormatly Prezidentimizi, ata Watany, il-güni, eziz Diýarymyzyň tebigatyny, bütin barlygy, durmuşy jandan söýüp, edermen eždatlarymyzyň geçmişine, edebi hem medeni mirasyna hormat-sarpa goýup, şükürli ýaşaýan, olary özüniň duýguly dünýäsine kabul edip, özüçe gaýtadan işläp, şahyrana mährine ýugrup, goşga öwrüp, okyjylar köpçüliginiň dykgatyna ýetirýän adam. Bazar aganyň ynsanperwer häsiýeti, şahyrana dünýäsi bilen tanyşmak üçin, elbetde, onuň goşgularyna ýüzlenäýmeli bolýar. Onuň goşgulary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Bazar Şalyýewiň 2018-nji ýylda neşir edilip halka ýetirilen «Ynam» atly kitaby, 2019-njy ýylda neşir edilen «Hasyl» atly kitaby onuň ýüreginden syzdyryp döreden goşgularynyň miwesidir. «Ynam» atly kitabyň girişinde şeýle diýilýär: «Her gezek ýürege ýiti täsir edýän zatlary görenimizde, begenjimizi, şatlygymyzy içimize sygdyryp bilmesek, ýöne bu ahwalaty söz bilenem beýan etmegi başarmasak, «Duýgulary beýan etmek üçin sözler azlyk edýär» diýen jümleleri aýtmaga endik edipdiris... Islendik waka, hadysa, duýgy, göz öňüne getirmeler, arzuw-hyýallar, mahlasy, beýan edilmek we ýetirilmek islenilýän her bir maglumat, habar, pikir ýa-da bizi gurşap alan her bir zat döredijilik adamsynyň ussatlygyna baglylykda söze-de sygýan ekeni, köňle-de ornaşyp bilýän ekeni. Eger-de sözler beýan edilýän wakany göz öňünde janlandyryp bilýän bolsa, onda şoňa eser diýilýär. Zehinli şahyr Bazar Şalyýewiň «Ynam» atly bu kitabyny okap gören her bir adam bu sözlere magat göz ýetirer». Dogrudan-da şahyryň bu kitabynda okyjynyň ýüregine ýol ýasaýan goşgular ýeterlik. Şahyryň «Buşluk» atly goşgusynda:

Abdylhalyk JUMADOW