"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bagtyýarlygymyzyň kepili Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň talyp ýaşlary hem-de mekdep okuwçylary bilen umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu babatda, şeýle-de, bilim ulgamynyň ösüşi dogrusynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň talyp ýaşlary, TMÝG-niň işjeň agzalary öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Nurana ykbally ýaşlar

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň ak ýoly bilen alyp gitjek ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli bolmagy ugrunda mugallymlar hem yhlasly zähmet çekýärler. Serhetabat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gülşat Akmämmedowa hem çagalara ýaşlykdan bilim-terbiýe bermekde uly tagalla edýär. Ol 2008-nji ýylda H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde başlangyç synp we geografiýa hünärini ele aldy. Soňra ýokarda ady agzalan orta mekdepde işe başlady. G. Akmämmedowa işe başlan ilkinji günlerinde Annagül Akyýewa halypalyk edýär. Arzyly kärinde baý iş tejribesini toplan G. Akmämmedowa häzirki wagtda 4-nji synpa ýolbaşçylyk edýär hem-de mekdebiň 4-nji synplary boýunça usuly birleşmesiniň, şeýle-de, TMÝG-niň ilkinji guramasynyň başlygy wezipesini hem ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda ol ökde mugallymlaryň hatarynda tanalýar.

Bilim kämillige binýat

«Häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr» diýip, belleýän hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösmegi, ýaş nesliň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Kämil ylym-bilim islendik jemgyýetiň ösüşiniň, öňe ilerlemeginiň, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulaşmagynyň binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty ýokarlanýar. Ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim, terbiýe almaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünär sapaklarynyň girizilmegi, daşary ýurt dillerini, şol sanda ýapon, hytaý, nemes, fransuz dillerini okatmagyň ýola goýulmagynyň geljekde öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, ylmyň soňky gazananlarynyň, okatmagyň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň köp taraply bilim alyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişmeklerine oňyn täsirini ýetirýär.

«Döwlet guşy» romanynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Mälim bolşy ýaly, edebiýat dersinde okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýelemek, estetik endikleri kemala getirmek göz öňünde tutulýar. Şunda okuwçylaryň döredijilik ukyby, başarnygy kemala getirilýär. Okuwçylar çeper eserleriň üsti bilen dürli durmuş wakalarynyň şaýady bolýarlar, şonuň netijesinde-de özbaşdak pikir ýöretmegi, durmuşda duş geljek wakalary boýunça dogry netije çykaryp bilmegi öwrenýärler. Şonuň üçin okuwçylara eseriň many-mazmunyny hem täsirini giňişleýin açyp bermek işini dogry guramak esasy wezipeleriň biridir. Edebiýaty okatmagyň esasy döwri okuwça çeper sözüň manysyna, hyzmatyna düşünmegi öwretmegi öz içine alýar. XI synpda edebiýat dersinde «Döwlet guşy» romanyny öwretmek üçin 5 sagat göz öňünde tutulýar. Bu sagatlarda eseri okamakda okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw endigi, okalan esere syn ýazmagy, pikirleniş ukyby, başarnygy kemala getirilýär.

Okatmagyň kämil usullary

Dil — baýlyk, akylyň açary. Bular hemme diller babatda hem şeýledir. Dil ynsan aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesidir. Adam öz ene dilinden başga-da, beýleki halklaryň dillerini näçe köp öwrendigiçe, şonça-da dünýägaraýşy baý hasaplanylýar. Ýaş nesle dilleri kämil derejede öwretmek bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynda ileri tutulýan meseleleriň biridir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamynyň her bir basgançagynda daşary ýurt dillerini okatmagyň maksatlarynyň we wezipeleriniň amala aşyrylmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin kabul edilen resminama bolup durýar. Onuň çäginde ýerine ýetirilmeli işleri amal etmek bolsa mugallymlaryň öňünde duran möhüm wezipelerdir.

Dünýä dilleri öwrenilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Sanly bilim ulgamy, dünýä dilleriniň giňden öwrenilmegi bu beýik işleriň aýdyň mysallarydyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyza dünýä dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki dil kämillikdir, giň dünýägaraýyşdyr. Islendik halkyň dilini öwrenmek bilen bir hatarda, olaryň medeniýetini öwrenmäge hem mümkinçilik almak bolýar. Şonuň üçin hem dil öwrenmegi «dostluk köprüsi» diýip atlandyrýarlar. Ýaşlara dilleri öwretmekde, şeýle hem olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim öwretmegiň iň täze usullary, netijeli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Esasan hem, dil öwretmekde, dünýä dillerini özleşdirmekde dürli usullar işlenip taýýarlanylýar.

Bilimli nesil — röwşen geljegimiz

Jemgyýetiň ösüşi, ynsanlaryň bagtyýarlygy bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şu babatda hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz: «Bagtyýar zamanamyzda gülläp ösüşiň aýdyň ýoluna düşen ata Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyza baglydyr» diýip belleýär. Munuň özi milli Liderimiziň ýaş nesle ynamynyň uludygyny görkezýär. Ýurdumyzda raýatlaryň bolelin, asuda durmuşda ýaşamaklary üçin aýdyň maksatlar tutulýar. Şeýle asylly maksada ýetmekde, jemgyýetiň ählitaraplaýyn kämilleşmeginde ylym-bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy wajyp orna eýedir. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berlip, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi babatda uly tagallalar edilýär. Ösen maglumatlaryň zamanasynda ýaşlarymyzyň dünýä derejesindäki bilim goruny edinip, döwür bilen aýakdaş gitmekleri wajyp orunda durýar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bilim ulgamyny hem sanlylaşdyrmak öňde duran wezipeleriň biridir. Bu babatda ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ornaşdyrylan sanly bilim portaly ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly itergi berýär. Ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ösen innowasiýalardan

Kitap – paýhas hazynasy

Kitap — adamzadyň ýolgörkezijisi. Kitap bilen dünýä açylýar, durmuşa düşünilýär. Kitap — akyl hazynasy.

Sanly tehnologiýalar — önümçilige

Ýurdumyzda programma işläp düzüjileri we innowasion oýlap tapyjylary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň yglan eden «Sanly çözgüt — 2021» atly innowasion taslama bäsleşiginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarydyr talyplary uly üstünlik gazandylar. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary taslamalaryň birnäçesini hödürläp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Institutyň maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Serdar Azamatow bäsleşige ulag-logistika ugry boýunça «Emeli aňy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ulanmak» atly taslamasyny hödürledi. Taslamanyň maksady ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekden, ýol heläkçilikleriniň öňüni almakdan, awtoulaglarda sesli kömekçileri peýdalanmak bilen, adam üçin howpsuz we amatly programma üpjünçiligini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu programma üpjünçiligini öýjükli telefonlar hem-de awtoulag kameralary arkaly ulanmak mümkin. Ol sürüji ulagy dolandyrýan wagty irkilen ýagdaýynda ony galmagally ses arkaly oýarýar hem-de ýol belgileri barad

I açyk halkara internet bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil hünärmenleri kemala getirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi. Açyk halkara internet bäsleşiginiň esasy maksady talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmeklerini ösdürmek, şeýle-de nazary we amaly okuwlarda alan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmeklerini gazanmak bolup durýar.

Kitaphana işiniň döwrebaplygy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň kitaphana işinde täze, döwrebap usullary ornaşdyrmaga, ilata kitaphana hyzmatyny guramagyň ýokary derejesini üpjün etmäge giň mümkinçilikler açyldy. Täze taryhy döwürde elektron kitaphanalary döretmek işine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaphanalaryň döredilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary, halkymyzyň pähim-paýhasy, asyrlar boýy döreden ruhy gymmatlyklary, genji-hazynasy bilen tanyşmaga täze mümkinçilikler emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelmegine şert döredýär. Kitaphanalar halkymyzyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän aýna hökmünde ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Döredijilik adamlary, medeniýet işgärleri, mugallymlar we mekdep okuwçylary, kitap söýüjiler üçin gapylaryny giňden açan kitaphanalar özboluşly täsinlikler dünýäsi hökmünde hem ynsanyýetiň ünsüni özüne çekýär. Bu gün okalga zaly, internet, kompýuter otaglary, hyzmat etmegiň, kitaplary hasaba almagyň, gözegçilik etmegiň kompýuterleşdirilen ulgamy döredilen welaýat kitaphanalarynda, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynda we olaryň şahamçalarynda okyjylara döwrebap hyzmatlar amala aşyrylýar. Munuň özi kitaphanaçylar bilen okyjylaryň özara gatnaşygyny has-da işjeňleşdirmäge täsirini ýetirýär.

Halkymyzyň ruhy hazynasy

Ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, gözýetimini giňeldip, bilim derejesini artdyrmakda kitaphanalaryň ähmiýeti uludyr. Şeýle-de ylmyň-bilimiň ojagy bolan kitaphanalarda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlaryny, çuň manyly eserlerini, wagyz etmekde, ýaş okyjylaryň kämil bilim, almagynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Sebäbi kitaphana kitaplaryň toplanan mukaddes ýeridir, okyjylaryň dürli häsiýetdäki gahrymanlar, dürli döwürdäki wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolýan merkezidir. Kitabyň gadyr-gymmaty barada Arkadag Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Özünde döwrüň ruhuny, milletiň çeper-aň ösüşiniň keşbini, sowulmaz ylahy ylhamyň köňül joşgunyny jemleýändigi, kalplara tämizlik çaýýandygy üçin, ylmyň-bilimiň, kitabyň gadyr-gymmaty ähli baýlykdan zyýatdyr» diýip ýazýar. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek bilen kitaphana işiniň ilerlemegine täzeçe badalga berdi. Mundan başga-da, kitaphana hyzmatynyň guralyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirip, ondaky işleriň çygryny giňeltmäge uly mümkinçilikler döretdi. Ýurdumyzyň welaýat, etrap, şäher merkezlerindäki kitaphanalarda bitewi elektron ulgamynyň ýola goýulmagy türkmen we dünýä halklarynyň edebiýaty bilen tanyşmak, ylmyň gazananlary, dürli ulgamlaryň ösüşi barada maglumatlary toplamak, a

Bagtyýar geljegiň kepili

Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berlip, olaryň her biriniň kadaly ösmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Çagany ir ýaşdan ösdürmek işinde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine uly wezipe düşýär. Çünki çaganyň mekdebe çenli döwrüniň manyly guralmagy örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge uly ünsüň gönükdirilmegi, dürli ugurlar boýunça okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy, hünär taýýarlygy kämil bolan, başarjaň hünärmenler bilen üpjün edilmegi öz oňyn netijesini berýär. Çagalar bagy sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan ojagydyr. Psihologlar adamyň aň-paýhas taýdan ösüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýadynyň onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda emele gelýändigini aýdýarlar. Terbiýelemegiň maksatlarynyň biri-de çaganyň ukyplaryny ählitaraplaýyn ösdürmek bolup durýar. Çagalarda döredijilik ukyby terbiýelenende, olaryň kynçylyklary ýeňip geçmek erjelligini ösdürmäge ünsi gönükdirmeli, olarda özüňe talapkärlik, öz-özüňi tankyt edijilik ýaly şahsyýet aýratynlyklaryny terbiýelemeli. Şu meselede bir çagany öwüp, beýleki birini tankytlamaly däldir, her bir çaganyň dürli zatlary öz görüş, duýuş we beýan ediş aýratynlygy bardyr. Meselem, 3 ýaşly çaga ak kagyzyň ýüzüne reňkli çotgajyk bilen ýagyş damjalarynyň suratyny çekende ýa-da reňkli kagyzdan ýapra

Bilim işgärleriniň 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň ýanwar usuly-amaly okuwlaryny we maslahatlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ony dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge uly ähmiýet berýär. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Milli Liderimiz gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde täze bina edilen Maslahat köşgünde 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynda: «Bilim — täzeleniş we öňegidişlikdir. Şoňa görä-de, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen täze belentliklere barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi has-da çaltlandyrýarys» diýip belledi.

Bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlaryny hödürlenilýän temalar

I. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN: 1. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler barada eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak boýunça umumybilim edaralarynyň müdirleriniň işiniň guralyşy.

Halkara internet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Düýn Türkmen oba hojalyk institutynda golaýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I açyk halkara internet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, ýeňijilere diplomlar, şeýle hem minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 12-sinden, ýagny Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 94-si gatnaşdy.

Bilim — durmuşyň çyragy

Tükeniksiz hazyna saýylýan bilim ynsanyň ömür ýoluny ýagtylandyrýar. Şonuň üçinem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyndaky ösüş-özgerişliklere buýsançly mugallymlar okadýan okuwçylaryna döwrebap derejede bilim bermekde netijeli usullardan peýdalanýarlar, hünär ussatlygyny artdyrýarlar, döredijilikli zähmet çekýärler. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» şygaryny baş ýörelge edinýän ýaşlar mähriban Arkadagymyzyň özlerine bildirýän ynamyny ödemekde ähli başarnyklaryny, güýç-gaýratlaryny, zehin-lerini orta goýup, yhlasly okaýarlar. Çünki bilimli nesil döwleti özgerdijidir, Watanymyzyň daýanjydyr. Ýaş nesli bilimiň, ylmyň belentliklerine alyp gitmek bolsa mugallymlaryň borjudyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesli Watanymyzyň mynasyp perzentleri edip terbiýeläp ýetişdirmekde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde yhlas-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Toý ruhundaky bäsleşik

Ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmek, daşary ýurt dilleriniň we tebigy-takyk ugurly dersleriň çuňňur öwredilmegini gazanmak, kabul edilen Konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, welaýatymyzyň ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde bilim alýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde 12 sany ugry öz içine alýan taslama-döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyryny geçirdi. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde uly ruhubelentlikde geçirilen bäsleşik ýaş zehinleriň birnäçesini ýüze çykardy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar bilim alýan dersleri esasynda, özleriniň taslama-döredijilik işlerini görkezdiler. Bäsleşikde hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary, gözel tebigatymyz, diwar gazetlerini taýýarlamak boýunça okuwçylaryň sergi işlerine aýratynlykda baha berildi. Bitarap Watanymyzyň waspyny ýetirýän çeper okaýyşlar, daşary ýurt dillerinde türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşbini janlandyrmak boýunça kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň çykyşlary özüneçekiji boldy. Bäsleşikde el işleriniň we milli tagamlarymyzyň taýýarlanylyşy boýunça hem okuwçy gyzlaryň ukyp-başarnyklaryna aýratyn üns berildi. Şeýle-de bu ýerde 5 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda diktant ýazmak boýunça bäsleşik hem guraldy. Ýörite taýýarlanan synp o

Döwre mynasyp hünärmenler

Ýakynda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni baýram edildi. Häzirki wagtda bu pudaklaryň binýady has-da berkidilip, olar döwletimiziň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Bu ugurlarda ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagy we olaryň önümçilikde iş alyp barmagy ýurdumyzyň nebitgaz hem-de geologiýa ulgamynyň täze ösüşleriniň kepili bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň bilim we ylym binýady barha pugtalandyrylýar. Okuw, terbiýeçilik we ylym maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň binýadyna dünýäniň iň döwrebap tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesle bilim bermegiň we hünär öwretmegiň hil derejesini ýokarlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegine deňelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet, mynasyp hünärmen bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleri ylma teşne, döredijilige höwesek ýaşlary kemala getirýär.

Gözellige söýgi döredip

Çagalar tebigaty boýunça örän bilesigeliji bolýarlar. Olar daş-töweregini gurşap alýan dünýäni höwes bilen öwrenýärler we onuň gözelliklerine maýyl bolýarlar. Ene-atalar we bilim işgärleri olaryň şol häsiýetlerine daýanyp, sungatyň jadyly dünýäsine alyp gitmelidirler. Bu meselä başlangyç synplarda has içgin üns berilýär. Sebäbi hut şol ýaşda çagalaryň zehin aýratynlyklaryny ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek okuw işiniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Bu işe özüm hem jogapkärçilikli we döredijilikli çemeleşýärin. Surat çekmek, şekil ýasamak çaganyň tebigatyna, onuň oýna bolan höwesine ýakyndyr. Körpeler, ylaýta-da, surat çekmek bilen höwesli meşgullanýarlar. Olarda heniz mekdebe barmankalar surat çekmegiň ilkinji başarnyklary kemala gelýär. Biziň üstümize şol başarnyklary ösdürmek we kämilleşdirmek wezipesi düşýär. Çagalar özboluşly zatlary, köpöwüşginli baglary, owadan gülleri, dürli wakalary geň galmak we gyzyklanmak bilen kabul edýärler. Okuw işimde çagalaryň bilesigelijilik ukybyna daýanyp, olarda surat çekmek, şekil ýasamak ýaly endiklerini ösdürýärin. Munuň üçin dürli görkezme esbaplaryndan giňden peýdalanýaryn. Sapagyň dowamynda suraty çekilýän ýa-da şekili ýasalýan zatlary böleklere bölüp seljermäge, olary çagalara tanyş zatlara meňzetmek ýaly tärlere daýanýaryn.