"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Iň uly ýük awtoulagy görkezildi

Syýahatçylyk: tagallalar, şertler, mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Bu ugurdaky özgertmeleriň maksady döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşmaga, BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna agza ýurtlar bilen syýahatçylyk boýunça gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň işini dolandyrmakda kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan ugur alynýar. «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça hem Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi tarapyndan iş meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa pudagyň işiniň maksatlaýyn esasda dolandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň ýeke-täk milli syýahatçylyk «brendini» we «şygaryny» işläp taýýarlamak üçin bilermenler derejesinde pudagara iş topary döredilip, oňa degişli hünärmenler gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýeke-täk milli syýahatçylyk «brendiniň» birnäçe taslama görnüşleri taýýarlanyldy.

Täsin taslama

Saud Arabystany Patyşalygy «The Line» atly täze şäher gurmagy meýilleşdirýär. Bu ýerde binalaryň beýikligi 500 metre, ini 200 metre barabar bolup, şäheriň iki gapdalynda aýnadan diwar bolar. Bu bolsa ýaşaýjylaryň goh-galmagaldan uzakda asuda ýaşamagyna oňat şert döreder. Täze guruljak şäheriň umumy tutýan meýdany 34 müň inedördül kilometre golaý bolar. «The Line» atly şäherde awtoulag üçin niýetlenen köçeler bolmaz, ýagny bu ýerde diňe ýerasty otlular ulanylar. Howanyň arassalygy üçin amatly boljak bu otlular 20 minudyň dowamynda şäheriň bir çetinden beýleki çetine çenli baryp ýeter. 9 million ýaşaýja niýetlenen bu şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň 2030-njy ýyla çenli tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.

Jümle-jahan habarlary

Dünýä rekordyny gazandy

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Eziz Watanymyz syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň baý däpleri täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, syýahatçylyk ulgamynyň döwrebap ugurlaryny özünde jemleýär. Döwrebap şähergurluşygy, halkymyzyň taryhy-medeni özboluşlylygy, baý milli mirasy, dünýä meşhur türkmen halylary hem-de ahalteke bedewleri, gadymy ýadygärlikler, täsin tebigy ekologiýa ulgamlary syýahatçylygy ösdürmäge uly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäginde hem daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan türkmen topragynyň tüýs jahankeşdeleri özüne baglajak mekandygy aýratyn nygtaldy. Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň esasy ugry bolup durýar.

Russiýa Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasyndaky howa gatnawynyň açylmagyna gyzyklanma bildirýär

Russiýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen elektron söwda we ulag ugurlarynda geljekki taslamalary amala aşyrmaga, Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny açmaga, şeýle hem Hazar deňzinde kruiz gämi gatnawyny guramaga gyzyklanma bildirýärler. Bu hakda TASS habarlar agentligi Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaçyň sözlerine salgylanmak bilen, habar berýär. Onuň sözlerine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2024-nji ýylyň geçen sekiz aýynyň dowamynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47,9 göterim ösüş görkezdi.

Toprakdan dörän sungat

Binagärlik sungatynyň görnüşleri dürli-dürli bolup, şolaryň arasynda Yslam binagärligi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu görnüş VII asyrda Ýakyn Gündogarda döräp, Orta asyrlarda Kiçi Aziýada, Hindistanda, Eýranda, Merkezi Aziýada, Demirgazyk Afrikada, Ispaniýada, Kawkazda, has soňrak Günorta-Günbatar Aziýada ösüpdir. Diňe bir dini binalar däl, eýsem, adaty durmuş maksatly ymaratlar-da degişli bolan Yslam binagärligi hem birnäçe görnüşe bölünýär. Arap binagärligi. Bu görnüş yslam dini bilen birlikde dünýä ýaýrapdyr. XVI asyra çenli gurlan binalara mahsus bolan bu görnüşe gönüburçly we dörtburç howlularyň diwarlarynda arkalaryň, ötükleriň bolmagy häsiýetlidir.

Täsin desga

Wýetnamyň «Bitexco» maliýe diňi 2010-njy ýylyň oktýabr aýynda halka hyzmat edip başlady. Bina 68 gatdan we ýerzeminden ybaratdyr. Desganyň beýikligi 262 metre barabar bolup, umumy tutýan meýdany 100 müň inedördül metre golaýdyr. Bu maliýe diňi 2011-nji ýyla çenli ýurduň iň beýik desgasy hökmünde hasaba alyndy. Birnäçe edara otaglaryny, söwda merkezlerini we kafeleri öz içine alýan binada 33 müň inedördül metre barabar bolan awtoulag duralgasy hem bar. Desgada jemi 21-den gowrak lift bolup, olar bary-ýogy 1 minuda golaý wagtda iň ýokarky gata barýar. Bu bolsa desgada häzirki zaman kämil enjamlaryň ulanylandygyndan habar berýär.

Jümle-jahan habarlary

Robot rekord goýdy

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar. Kompaniýanyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, 23-nji noýabrdan «Belawiýanyň» uçary Minsk — Türkmenbaşy ugrunda hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar. Iş tertibine görä, şenbe güni uçar Minskden sagat 9:30-da uçup, ýerli wagt bilen 15:35-de Türkmenbaşy şäherine geler.

«Turkish Airlines» 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi

Türkiýäniň «Turkish Airlines» milli awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýyna çenli döwür üçin Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça awiapetekleriň täzelenen bahalarynyň sanawyny hödürledi. Täze nyrhnama laýyklykda, ekonom-klass derejesinde Aşgabatdan Stambula gitmegiň we gaýdyp gelmegiň bahasy 500 dollardan başlaýar. Munuň tersine, has takygy, Stambuldan Aşgabada gelmegiň we gaýdyp gitmegiň bahasy 720 ABŞ dollaryndan başlaýar.

«Turkish Airlines» mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy syýahatlary meýilleşdirmegi we guramagy ýokary derejede amatly dolandyrmaga ýardam etjek mobil goşundysyny hödürleýär. Smartfonlar we planşetler üçin elýeterli bolan bu tölegsiz goşundy syýahatyňyzyň ähli aspektlerini islän wagtyňyz, dünýäniň islendik ýerinden dolandyrmaga mümkinçilik berýär. «Turkish Airlines» goşundysynyň esasy mümkinçilikleri şulardan ybarat:

Meşhur teatr

Meşhur teatr Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän «Fridrihştad-Palast» teatry 1984-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Ol häzirki wagta çenli birnäçe gezek durky täzelenip, iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Ýurduň iň uly teatry hasaplanýan bu ýerde bir wagtyň özünde 1895-e golaý tomaşaçy ýerleşýär. Ýewropada iň köp syýahat edilýän ýerleriň biri hasaplanýan teatr 2020-nji ýylda taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alyndy. Beýikligi 110 metre, umumy tutýan meýdany 195 müň inedördül metre barabar bolan desgada dünýä meşhur sahna oýunlary görkezilýär.

Jümle-jahan habarlary

5 minut ýeterlik bolar Dünýä bazarynda diňe bir elektroulaglaryň däl, eýsem, olar üçin kuwwatly akkumulýatorlaryň önümçiligi hem artmak bilen. Taýwanyň «ProLogium» kompaniýasynyň öndüren akkumulýatorlary şu wagta çenli bu ugurdaky önümçiligiň iň ygtybarlysy diýlip kesgitlenildi. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, akkumulýatoryň düzümindäki kremniý diňe bir energiýanyň dykyzlygyny artdyrman, eýsem, zarýad alyş tizligini hem ep-esli ýokarlandyrýar. Ýagny onuň 5 minudyň dowamynda alan zarýady 300 kilometr ýoly geçmäge ýetýär. Täze akkumulýatoryň doly kuwwatlanmagy üçin bolsa 8,5 minut ýeterlikdir. Bu üstünlik elektromobil ulanyjylar üçin iň zerur ýeňillikdir.

«Turkish Airlines» Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar

Türkiýäniň milli awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Amerika uçuş ugurlarynyň artdyryljakdygyny habar berdi. Awiakompaniýa 2024-nji ýylyň 18-nji dekabryndan Çiliniň paýtagty Santýago şäherine dowamly uçuşlary amala aşyryp başlar. Bu awiakompaniýanyň Amerika yklymyndaky 26-njy uçuş ugry we sebitde hyzmat edilýän 10-njy ýurt bolar. Täze ugur boýunça uçuşlar iki tarapa hem San-Pauloda duralga bilen hepdede dört gezek amala aşyrylar. Bu çözgüt diňe bir «Turkish Airlines-iň» Günorta Amerikadaky ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, syýahatçylara yklymyň iň okgunly ösýän şäherleriniň birine amatly girişi üpjün eder.

Jümle-jahan habarlary

Wodorod ýangyçly uçar tanyşdyryldy

Belent desga

Nýu-Ýork şäheriniň gözelligine görk goşýan «Edge NYC» binasy 2020-nji ýylyň mart aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Şäheriň gözelligini synlamaga niýetlenen giň we ýagty zaly bolan binanyň beýikligi, takmynan, 387 metre barabardyr. 100 gatdan ybarat binanyň iň ýokarky synlaýyş gatyna barmak üçin bary-ýogy 2 minuda golaý wagt gerek bolýar. Bu bolsa häzirki zaman kämil enjamlaryň ulanylandygyndan habar berýär. Birnäçe edaralary, söwda merkezlerini, ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan desga şäheriň iň beýik binalarynyň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen binada daş-töweregi doly synlamaga ähli mümkinçilikler bar.

Demir ýolda hyzmatyň hili kämilleşýär

Ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze hyzmaty – ýagny «Bir gezeklik ýapynjalary» hödürleýär. Bu ädim, ýolagçylaryň has arassa we rahat syýahat ediş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Bir gezeklik ýapynjalar» ýolagçylara tämiz düşekleri elýeterli etmek arkaly mikroplar bilen galtaşma ähtimallygyny azaldýar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň wekiliýetiniň düzümindäki ulag ministri Marat Karabaýew Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdiklerini belledi. Bu barada Gazagystanyň resmi habarlar gullugy habar berýär. Resmi saparyň çäklerinde ulag ulgamynda 4 resminama – 2 ähtnama we 2 hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlar.

“Demirýollary” AGPJ tarapyndan “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna çenli zyýaratçylar üçin ýörite otluny ýola goýulýar

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Daşoguz welaýatyndaky “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmek üçin ýörite otluny ýola goýýar. Otly 11-nji oktýabrdan başlap Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat ugry boýunça hereket eder. Otly Aşgabadyň stansiýasyndan sagat 18:20-de ugrap, Içoguzda (23:30, 23:50), Daşoguzda (06:05, 06:40) durup, sagat 09:15-de Köneürgenje baryp ýeter.