"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ýurt binaly boldy, döwlet guruldy

Gündogaryň beýik akyldary hem şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasyna girizilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň karary bilen 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy il-ýurdumyz üçin uly abraý-mertebedir. Magtymguly Pyragynyň beýikligi onuň goşgularynda durmuş hakykatynyň çeper we öňdengörüjilik bilen beýan edilmegindedir. Beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan, görüň, näçe asyrlardan bäri egsilmez ylham, ruhy güýç alýarlar?! Onuň goşgularynda durmuşyň dürli taraplary içgin beýan edilýär. Şahyryň ruhuňa gudratly bir güýç bolup täsir edýän, ýagşylygy ündeýän setirlerini dünýä halklary hem aýdym edip aýdýarlar.

TOÝ TOÝLANÝAR MEDENIÝETIŇ ŞANYNA

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý-mertebesi has-da belende galýar. Medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän halk dünýäde başga ýok bolsa gerek?! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl uly dabara bilen bellenilýän bu baýram – Medeniýet hepdeligi «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip, medeniýetimiziň täze taryhy döwründäki beýik galkynyşyny şöhlelendirdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli çäreler türkmen halkynyň medeni mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge we täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Medeniýet hepdeliginiň çäginde ýaýbaňlandyrylýan medeni köpçülikleýin çäreleriň mazmunynda köp ugurly türkmen medeniýetiniň ähli görnüşleriniň – opera, aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungatlarynyň, edebiýatyň we halk döredijiliginiň özboluşly sazlaşygy öz beýanyny tapýar. Medeniýet hepdeligiň çäklerinde geçirilýän şygryýet agşamlarynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen bir hatarda şahyr ýaşlar hem öz ýürek buýsançlaryny siňdiren goşgularyny okaýarlar. Bu olar üçin özboluşl

UZAK ÝAŞA, ARKADAG!

Gahryman Arkadagymyzyň eşretli eýýamynyň ömrümize dolmagynyň, ykballara gabat gelmeginiň, bagta berilmeginiň, saýa salmagynyň özi bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Berlen ömrüň gymmatyny duýmak bar, oňa uýmak bar. Apalamak, arzylamak bar. Subutyny türkmeniň şu günki ýeten beýik derejesiniň özi sözsüz düşündirýär. Şu nurana günleriň sanalgy sallaryň dowamynda gurlan erteki mysaly Arkadag şäheriniň bir ýyllygy bilen utgaşmagy aýratyn täsin.

Toýly ýyllaryň gujagynda

Abraý-mertebesi barha belende göterilýän ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere, taryhy tutumlara beslenýär. Şol ösüşlerdir tutumlar bolsa türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, asuda, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Her bir raýatyň bimöçber aladalar bilen gurşalyp alynýan döwletinde ýaşamak, işlemek, döretmek uly bagtdan, bagtyýarlykdan nyşandyr. Elbetde, her bir halk özüniň milliligi, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanalýar. Bu günki gün türkmen medeniýeti we sungaty Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Her ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

«Gel, dutarym, sözleşeli...»

Balkanabat şäherinde ýerleşýän Nebitçileriň medeniýet köşgüne barsaň, welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň suratlarynda nazaryň eglenýär. Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlaryň nurana keşplerini synlanyňda, kalbyňy ýakymly duýgularyň gaplap alanyny duýman galýarsyň. Şol ýakymly duýgular bolsa milli öwüşgine baý bolan aýdym-saz sungatymyz, onuň ösüşli menzilleri we häzirki ajaýyp zamanamyzda ýeten belentlikleri, halkyň köňül töründe orun alan senet eýeleri baradaky buýsançly oýlanmalara ulaşýar. Mekdepde edebiýat sapagyny has-da gowy görýän, çeper eserleri ürç edip okaýan ýetginjek oglan-gyzlaryň goşgy ýazmaga synanyşmadygy ýok bolsa gerek. Özümiň bu babatdaky ilkinji ädimimiň türkmen dutaryna bolan buýsanjy beýan etmek bilen başlanandygy şu günki ýaly ýadymda. «Dutar, seniň gudratyňa haýran men» diýen setir bilen başlanýan goşgy, soň-soňlar göz ýetirişim ýaly, çeperçilik taýdan gowşajyk çykanam bolsa, damarynda türkmen gany aýlanýan oglanyň öz milliligine bolan buýsanjyny, gara gazma dutarly şahandaz halkyna söýgüsini ýüze çykarmaga çalşypdy...

Täze eýýamyň üme dessury

Eziz Diýarymyzda milli gymmatlyklarymyzyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň has-da kämilleşmegi hem-de dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.  Ene-mamalarymyzyň el hünäri bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.  Ýurdumyzda üme dessury bilen baglanyşykly «El hünäri — il gezer» ady bilen birnäçe çäreler we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Dabaraly çäreleriň dowamynda sungat derejesine ýetirilen çeper el hünärimiziň özboluşly aýratynlyklary giň beýanyny tapýar. Keşdelere, göllere siňen durmuş hakykaty barada söhbet edilýär.

El hünäri — il gezer

MILLILIK — MILLETIŇ BUÝSANJY Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty gadymy el hünärleriniň biridir. Halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolan keşdeçilik senediniň gözbaşy müňýyllyklara uzaýar. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Gyz-gelinleriň milli el işleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, keşdeçilik sungaty türkmen zenanlarynyň döreden baýlyklarynyň esasy nusgalarynyň biri hasaplanylýar.

«MAGTYMGULY ZERGÄR» ESERI

Garaşsyzlyk döwrüniň syýasy we ruhy talaplaryny berjaý etmekde şekillendiriş sungatynyň orny uludyr. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant goşan suratkeşleriň birnäçesi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini dürli usullarda janlandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden «Magtymguly Pyragy» kanoniki portretinden başlap, şu günlerde döredilýän Pyragynyň keşbini synlanyňda şol döwre mahsus duýguny başdan geçirýärsiň. Aýhan Hajyýew 1959-njy ýylda ýerine ýetiren «Magtymguly zergär» atly işini şahyryň kanoniki portretine esaslanyp, şahyry ХVIII asyra degişli egin-eşikler bilen suratlandyrýar, şeýle hem Magtymgulynyň diňe bir şahyr däl-de, eýsem ussat zergärdigini açyp görkezýär. Eserde Magtymguly Pyragy ak öýüň içinde eline zergärçilik gurallaryny alyp, gülýaka ýasaýan pursatynda şekillendirilýär. Şahyryň keşbine seredeniňde, onuň öz kärinden lezzet alýan adamyň duýgusyny, rahatlygyny, özüne bolan ynamy görýärsiň. Şahyryň garaýşynda öňdengörüji pikirli adamyň häsiýetini görmek bolýar.

Aýdym-sazyň şäheri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir». Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeliginde hem bu hakykat has äşgär duýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda örän ýokary derejede geçirilip, ýatda galyjy duýgulara beslenmegi täze şäherde döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Akylly» şäherde owadanlygy, kaşaňlygy we özboluşly binagärlik öwüşginleri bilen alamatlanýan medeni ojaklaryň, medeni aň-bilim binalarynyň birnäçesi bar. Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem şeýle binalardyr. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda şol medeni ojaklarda çäreleriň birnäçesiniň üstünlikli geçendigi diýseň guwandyrýar.

Sungat — köňül köprüsi

Halkyň taryhy ösüşiniň dowamynda gazanan tejribelerini döredijiligiň dürli görnüşlerine siňdirip, nesilleriň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýän medeniýet ulgamy milli gymmatlyklaryň älemgoşar öwüşginli hazynasyny dabaralandyrýar. Medeniýet, milli miras halkyň ruhy baýlygy hökmünde nesilden-nesle geçip, her bir nesil tarapyndan täze gymmatlyklar bilen baýlaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti beýik galkynyşy başdan geçirýär, medeni gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna giňden tanyşdyrylýar, umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde giňden bellenilen Medeniýet hepdeligi ruhy gymmatlyklary dabaralandyrýan çärelere baý bolup, toýlar-toýlara ulaşyp gitdi. 25-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi bolsa baýramçylyk çärelerine aýratyn öwüşgin çaýyp, döwlet tarapyndan medeniýet ulgamynyň dürli şahalarynyň ösdürilmegi ugrunda giň şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nusgasyna öwrüldi. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary Garaşsyzlygyň ilki döwürlerinden bäri hereket edip, milli sungatda özboluşly ýol döredip, uly meşhurlyga eýe bolan toparlaryň biridir. Bu topar Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlaryň ençem

Dana Pyragynyň sarpasy

Gündogaryň beýik akyldar şahyry, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda berkarar Watanymyz gülläp ösýär, ýurdumyzyň sebitlerinde täze obadyr şäherçeler gurulýar, ähli ugurlarda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Şonuň bilen bir hatarda, şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has belende göterilýär. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçmeginiň özi hem akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligini, ruhy dünýäsini, edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, şöhratyny has-da beýgeltmekde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragy ýiti zehinliligi, akyl-paýhaslylygy bilen ady dünýä dolan, ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyran ussat şahyrymyzdyr. Onuň ajaýyp şygyrlary, milli taryhymyzyň mukaddesligini, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy wasp edýän dürdäne setirleri, öwüt-nesihatlary, öňdengörüji oý-pikirleri häzirki ýaş nesillerimize pähim-paýhasyny çuňlaşdyrmaga nusgalyk mekdep bolup durýar. Beýik akyldar özüniň umman dek giň mana öwrülen goşgularynda Watanyň mukaddesligini, türkmen ýigitleriniň mertligini, zenanlarymyzyň gözelligini, halkymyzyň myhmansöýerligini, agzybirligini, jebisligini, tebigatymyzyň ajaýyplygyny ussatlyk bilen suratlandyrýar.

Halkymyzyň akyldary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy türkmen topragynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Dana Pyragynyň döwlet berkararlygy, il agzybirligi baradaky nurana arzuwlary täze taryhy döwürde, hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, pähim-paýhasy netijesinde hasyl boldy. Bu gün biz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda ýaşaýarys, ýurdumyzyň dünýädäki belent at-abraýyna, şan-şöhratyna guwanýarys». Beýik akyldaryň arzuw eden berkarar döwletinde ýaşaýan halkymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, edebi-mirasyna goýýan hormat-sarpasynyň çäksizdigine şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalary hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde dana atamyz Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygy, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilendigi buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.

Taryha siňen şekiller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geçmiş taryhymyzy, onuň tanymal wekillerini öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär, ösüp gelýän ýaş nesilleriň halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhyny, müňýyllyklara uzaýan nusgawy däp-dessurlarymyzy öwrenmekleri we mynasyp dowam etdirmekleri üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu gün Änew medeniýetini öwrenmek ugrundaky tagallalar has-da begendirýär. Gadymy Änew medeniýeti ata-babalarymyzyň türkmen topragynda iňňän gadymy döwürlerde ösen siwilizasiýany döredendigine şaýatlyk edýär. Bu künjek ýurdumyzyň taryhy mekanlarynyň biri bolup, dürli taryhy döwürleri başdan geçirdi. Gadymy Änewde türkmen we daşary ýurtly alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň barşynda ençeme taryhy tapyndylar, gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar Änewiň dünýä taryhynda oturymly ýaşaýşyň, gadymy ekerançylygyň, maldarçylygyň, senetçiligiň dörän Watany hökmünde şöhratlanandygy hakdaky hakykaty dabaralandyrýar.

Köňül baýlygy

Arkadag şäherinde uly dabaralara beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizde, sungatymyzda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, döredijilik işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi halkyň baý milli mirasyny, däp-dessurlaryny, gadymy gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek, kämilleşdirmek we wagyz etmek babatda öňde goýlan wezipeler bilen-de aýrylmaz baglanyşyklydyr. Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda kitap okamagyň peýdasy, onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti barada durup geçýär. Bu ajaýyp eserde dürli ugurlara degişli gymmatly maglumatlar bar. Şolaryň möhüm ähmiýetlileriniň biri hökmünde kär-hünär terbiýesi barada gürrüň berilýär: «Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr. Ýaşlarymyz öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşýandyklaryna oňat düşünmelidirler». Ine, şeýle gymmatly pikirler biziň her birimiziň gündelik durmuşymyzda örän peýdalydyr. Şeýle eserler kitaba, okamaga bolan

Watansöýüjiligiň we agzybirligiň belent senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli 29-njy iýunda agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

«Medeniýet hepdeligi — 2024»: ýapylyş dabarasy

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy. Medeni forumyň jemleýji güni Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy.

«Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşik zehinli çagalary ýüze çykardy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2024-nji ýyl­da, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan gün­le­rin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň aja­ýyp keş­bi­ni, eziz Wa­ta­ny­my­za, ene top­ra­gy­my­za, maş­ga­la mu­kad­des­li­gi­ne, gö­zel te­bi­ga­ty­my­za bo­lan söý­gi­ni çe­per­çi­lik iş­le­rin­de be­ýan ed­ýän ýaş ne­sil­le­riň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­na my­na­syp ba­ha ber­mek, su­rat çek­mek bi­len meş­gul­lan­ýan ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik uky­by­ny açyp gör­ke­zip, ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak hem-de ola­ry hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri­niň ara­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­lyk et­me­gin­de «Biz — Ar­ka­dag Ser­dar­ly Wa­ta­nyň bag­ty­ýar ne­sil­le­ri» at­ly su­rat çek­mek bo­ýun­ça yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Medeniýet hepdeligi — 2024

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň­ hem-de ene-ma­ma­la­ry­my­zyň uzak ta­ry­hyň do­wa­myn­da sün­nä­läp, kä­mil­leş­di­rip, baý­laş­dy­ryp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ren mad­dy we ru­hy me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä iç­re da­ba­ra­lan­dyr­mak, ola­ry sar­pa­la­mak, mer­te­be­si­ni belende gal­dyr­mak bi­ziň äh­li­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­my­zyň da­ba­ra­lan­ma­gy­dyr. Şu ba­bat­da ýur­du­myz­da ýy­lyň ýy­ly­na ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­de­ni­ýet hep­de­li­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, sun­ga­ty­my­zyň öz­bo­luş­ly to­ýu­na öw­rü­len bu se­ne her ýyl tä­ze­çe öwüş­gin­ler bi­len baý­laş­ýar. Ge­çen ýyl bu baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de me­de­ni­ýe­tiň, sun­ga­tyň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, yl­myň öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy­na, bir ýer­dä­ki bi­te­wü­li­gi­ne öw­rü­len Ar­ka­dag şä­he­ri­niň 1-nji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip­di. Bu ýyl bol­sa bu şan­ly toý şol «akyl­ly» şä­her­de giň­den tu­tul­dy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Hormatly dabara gatnaşyjуlar! Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!