"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ga­ryn­ja­lar dynç alýarmy?

Jan­ly-jan­dar­la­ryň äh­li­si hem gi­je-gün­di­ziň bel­li bir wag­tyn­da dem-dynç al­ýar­. Em­ma gi­je­si­ne hem he­re­ket edip ýö­ren ga­ryn­ja­la­ry gö­re­niň­de: «Be, bu­lar ha­çan dynç alýarka?» di­ýen so­rag ýü­ze çyk­ýar. Dog­ru­dan hem, «Ga­ryn­ja ga­ra gün­de...» diý­li­şi ýa­ly, bu ki­çi­jik mö­jek­ler gi­je-gün­diz he­re­ket­de. Eý­sem, bu işeň­ňir jan­dar­lar ha­çan dynç alýarka?! Ga­ryn­ja­lar uly maş­ga­la bo­lup ýa­şap, edil­me­li iş­le­ri öz ara­la­ryn­da bö­lüş­ýär­ler. Ýag­ny her bir ga­ryn­ja­nyň öz we­si­pe­si bar. Et­me­li işi­ni bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bu jan­dar­la­r uk­la­mak üçin ses­siz we howp­suz ýe­re – hin­le­ri­ne gir­ýär­ler we bir-iki sa­gat dynç al­ýar­lar. Dynç al­ýan ga­ryn­ja­la­ryň et­me­li iş­le­ri­ni «do­gan­la­ry» ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Adat­ça, ga­ryn­ja­lar gi­je­si­ne köp­räk iş­läp, gün­di­zi­ne dynç al­ýar­lar. Esa­san hem, to­mus pas­lyn­da ga­ryn­ja­lar gün­di­zi­ne ýe­riň aşa­gyn­da­ky sal­kyn öýün­de dynç alyp, gi­je­si­ne işe baş­la­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar kä­te agaç­la­ryň ga­byk­la­ry­nyň ara­syn­da, ot-çö­püň ara­syn­da hem dynç al­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar iý­mit da­şa­mak üçin çe­ken ýo­lun­dan ha­tar bo­lup ýö­räp, bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­la­şyp gid­ýär­ler. Ha­çan­da kä­bir ga­ryn­ja­nyň he­re­ke­ti ha­ýal­lap ýa­dap baş­la­sa, beý­le­ki­ler onuň ýü­kü­ni äkid­ýär­ler. Ýa­daw ga­ryn­ja bol­sa, dynç almak üçin amat­ly

Gyş uku­sy­na gid­ýän jan­dar­lar

Köp jan­dar üçin gyş­da ýe­ter­lik iý­mit tap­mak kyn bol­ýar. Şol se­bäp­den o­la­ryň kö­pü­si gy­şy­na uka gid­ýär­ler. Haý­wan­la­ryň ener­gi­ýa­sy­ny tyg­şyt­la­mak we gyş­da ar­tyk­maç iý­mit­len­mez­den ýa­şa­mak üçin ýü­rek ur­şu­ny ha­ýal­lat­ma­gy­na «gyş uku­sy» di­ýil­ýär. Kä­bir jan­dar­lar gyş­la­ýan wag­tyn­da he­re­ke­ti­ni ha­ýal­lad­ýan bol­sa, kä­bir­le­ri süý­ji uka gid­ýär­ler. Uk­la­ýan wag­tyn­da o­la­ryň be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy pe­sel­ýär we ýü­rek ur­şy ha­ýal­la­ýar. Şeý­le jan­dar­lar güý­zü­ne has köp iý­mit­le­nip, be­de­nin­de has köp ýag eme­le gel­ýär. Bu ýag jan­dar uzak wagt uka gi­de­nin­de be­de­ni üçin iý­mit bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýa­gyň iki gör­nü­şi bar - ada­ty ak ýag we go­ňur ýag. Go­ňur ýa­gy bo­lan haý­wa­nyň beý­ni­siniň, ýü­re­giniň we öý­ke­niniň işi örän pe­sel­ýär. Oýan­ma­gyň wag­ty ge­len­de, bu sy­na­la­ry gaý­ta­dan ka­da­ly ýag­daý­da iş­läp baş­la­ýar. Gem­ri­ji­ler, kir­pi, aýy, pyş­ba­ga, ýar­ga­nat, gur­ba­ga ýa­ly jan­dar­lar çuň uka gid­ýär­ler. Süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­lar we hat­da kä­bir mör-mö­jek­ler gy­şy uk­lap ge­çir­ýär­ler. Aýy­lar gyş uku­sy­na gid­ýän jan­dar­la­ryň ara­syn­da has bel­li bol­sa­lar-da, olar hem di­ňe so­wuk wag­ty ýat­ýar­lar. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­nyň ys­sy ho­wa şert­le­rin­de ýa­şa­ýan aýy­lar uk­la­ma­ýar­lar. Se­bä­bi olar ýy­lyň do­wa­my

Ab­ra­ka­dab­ra ja­dy­ly sö­züň ta­ry­hy

Ab­ra­ka­dab­ra! Ja­dy­nyň ny­şa­ny­na öw­rü­len bu söz di­ňe bir göz­bag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ula­nyl­man, eý­sem, ar­zuw­la­ry­ňy ama­la aşy­ry­jy gud­rat­ly söz hök­mün­de ça­ga­lar ta­ra­pyn­dan hem ula­nyl­ýar. Köp­ler müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan bu sö­züň şy­pa be­ri­ji hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na, er­bet güýç­ler­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar. Dür­li emel­le­ri gör­kez­ýän göz­bag­çy­lar tä­sin bir ýag­da­ýyň ýü­ze çyk­ma­gy üçin «ab­ra­ka­dab­ra» di­ýip gy­gyr­ýar. Şeý­le­lik­de, düý­bün­den bol­ma­jak bir gör­nüş köp­çü­li­giň öňün­de peý­da bol­ýar. My­sal üçin, şlýa­pa­nyň için­den tow­şan­jy­gyň gu­la­gy­ny üşerdip çyk­ma­gy, ýüzi şekilli kart­la­ryň hem­me­si­niň bir­meň­zeş açyl­ma­gy we ş.m. Ab­ra­ka­dab­ra ara­meý di­lin­dä­ki «avra keh­dab­ra» söz dü­zü­min­den ge­lip çy­kyp, «aý­dy­şym ýa­ly ed­ýä­rin, diý­şim ýa­ly dö­red­ýä­rin» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýär. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da bu söz beý­le­ki dil­le­re-de ge­çip, gud­rat­ly söz hök­mün­de ynan­ja öw­rü­lip­dir.

Gyş pas­lyn­da iýil­me­li mi­we

Be­ýi (behi) adam sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri­dir. Wi­ta­min­le­riň jem­le­nen ýe­ri ha­sap­lan­ýan bu mi­wäniň iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ryn­dan baş­lap, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na çen­li bir­nä­çe peý­da­sy bar. Güýz pas­lyn­da ýe­tiş­ýän we ýaz pas­ly­na çen­li za­ýa­lan­man sak­lan­ýan bu mi­we­den ter­li­gi­ne iý­mek bi­len bir ha­tar­da, şer­bet, mü­rep­be, mar­me­lad taý­ýar­lap bol­ýar. Be­ýi ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri halk luk­man­çy­ly­gyn­da ula­ny­lyp ge­lin­ýän mi­weleriň bi­ri­dir. Agajyň ýap­ra­gy, mi­we­si we çi­gi­di der­de der­man ha­sap­lan­ýan bu mi­we gyş pas­lyn­da iý­me­li mi­we­le­riň bi­ri­dir. Be­ýi­niň dü­zü­min­de er­kin ra­di­kal­la­ra gar­şy gö­reş­ýän güýç­li an­ti­ok­si­dant­lar bar. Bu an­ti­ok­si­dant­lar öý­jük­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, do­wam­ly ke­sel­ler­den go­ra­ýar. Al­ma­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bu mi­we wag­tyn­dan öň gar­ra­ma­gy gi­jik­dir­ýär, şeý­le hem de­ri­niň çe­ýe hem ýaş gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Çiş­me how­pu­ny azal­dyp, be­de­niň alyş-ça­lyş işi­ni gol­da­ýar. Be­ýi ýü­rek ýet­mez­çi­li­gi­niň hem der­ma­ny ha­sap­lan­ýar.

Kim­çi – ko­reý­le­riň syr­ly iş­däa­ça­ry

Her hal­kyň özü­ne mah­sus nus­ga­lyk ta­gam­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, ko­reý­ler hem dünýä­niň aş­pez­çi­lik sun­ga­ty­na öz­bo­luş­ly ta­gam­la­ry bi­len go­şant go­şup­dyr. Ko­reý aş­ha­na­sy diý­len­de köp­ler, il­ki bi­len, kim­çi iş­däa­ça­ry­nyň ady­ny tut­ýar. Ko­reý aş­ha­na­sy­nyň iň naý­ba­şy ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan kim­çi sag­lyk üçin iň peý­da­ly iş­däa­çar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, «ko­reý aş­ha­na­sy­nyň tä­ji» ha­sap­lan­ýan bu iş­däa­ça­ryň sy­ry nä­me­de? Bu iş­däa­çar ha­ky­kat­da­nam peý­da­ly­my? Kim­çi­niň dür­li gör­nü­şi bar. Bu gör­nüş­ler iş­däa­ça­ra go­şul­ýan gök-bak­ja önüm­le­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Däp bol­şy ýa­ly, bu iş­däa­ça­ra duz­la­nan na­pa ke­le­mi (hy­taý ke­le­mi), turp, ter hy­ýar, kä­şir, ýaş so­gan, sa­rym­sak, zen­je­bil, zeý­tun ýa­gy, gy­zyl burç, sir­ke, kün­ji, şe­ker, süý­ji tü­wi uny we ga­ýa du­zy go­şul­ýar. Adat­ça kim­çi taý­ýar­la­mak bir gün wagt al­ýar. Il­ki bi­len ýum­şak hem uzyn ak bal­dak­ly na­pa ke­le­mi 6 sa­gat tö­we­re­gi duz­ly suw­da sak­lan­ýar. Duz­ly suw ke­lem­dä­ki bak­te­ri­ýa­la­ryň ös­me­gi­niň öňü­ni alyp, ysy­ny aýyr­ýar we ýum­şak bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ke­lem duz­ly suw­dan çy­ka­ry­lyp, su­wy sy­ry­gyp do­ly ak­ýan­ça go­ýul­ýar we gy­zyl burç, sir­ke we zeý­tun ýa­gy bi­len ma­ri­nad edil­ýär. Soň­ra tü­wi unun­dan bu­la­mak taý­ýar­lap, içi­ne kül­ke gy­zyl burç go­şul­ýar

Bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan şä­her­ler

Kä­te uzak ge­ze­len­jiň do­wa­myn­da uly zat­la­ra üns ber­lip, ki­çi­jik zat­la­ra wagt hem gal­ma­ýar. Bir gün­de is­len­dik bir uly şä­he­riň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­nyş­mak müm­kin hem däl. Mu­nuň üçin azyn­dan bir hep­de ge­rek. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si uly şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan hem bol­sa, uzak sy­ýa­hat ada­my ýa­dad­ýar. Şol se­bäp­li köp ýurt­la­ra sy­ýa­hat edýän ja­han­keş­de­ler bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan ki­çi­jik şä­her­le­re ge­ze­len­je gi­de­ni­ni kem gör­me­ýärler. Uly bolmadyk şä­her­le­ri ula­ga mün­mez­den py­ýa­da aý­la­nyp bol­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da bir gün­de ge­ze­lenç edip bol­ýan ki­çi­jik şä­her­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik. Se­go­wi­ýa, Is­pa­ni­ýa­nyň ta­ry­hy me­ka­ny. Mad­rid­den uzak bol­ma­dyk ara­lyk­da ýer­leş­ýän Se­go­wi­ýa er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan tä­sin gur­lu­şa eýe­dir. Se­go­wi­ýa­nyň aja­ýyp suw aka­ba­sy, Al­ka­sar ga­la­sy şä­he­riň meş­hur ýer­le­ri­dir. 6 müň 163 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän asu­da şä­he­riň 52 müň ýa­şaý­jy­sy bar. Se­go­wi­ýa ta­ry­hy ýer­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan­lar üçin iň go­wy şä­her­le­riň bi­ri­dir.

Mer­ke­liň ýat­la­ma­lar ki­ta­by çap edil­di

Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­ki Kans­le­ri An­ge­la Mer­ke­liň «Er­kin­lik» at­ly tä­ze ýat­la­ma­lar ki­ta­by Kýoln şä­he­ri­niň «Kie­pen­heuer and Witsch» ne­şir­ýa­tyn­da çap edil­di. Ki­tap­da pro­tes­tant ru­ha­ny­nyň gy­zy Mer­ke­liň uly sy­ýa­sa­ta gel­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ki­ta­byň da­şyn­da sy­ýa­sat­çy ze­na­nyň alys­la­ra ga­rap du­ran keş­bi ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ki­tap Mer­ke­liň sy­ýa­sy ge­ňeş­çi­si Bea­te Bau­man bi­len bi­le­lik­de ýa­zy­lyp­dyr. Ki­tap köp san­ly su­rat­la­ry, şol san­da öň­ki Kans­le­riň ça­ga­lyk su­rat­la­ry­ny hem öz içi­ne al­ýar. «Dün­ýä­niň 30 ýur­dun­da ne­şir edi­len bu ki­tap «bi­ziň döw­rü­mi­ziň iň tä­sir­li sy­ýa­sat­çy­sy­nyň oý-pi­kir­le­ri­ne we işi­ne çuň­ňur dü­şün­mä­ge ýar­dam be­rer» di­ýip, «Bild» ne­şi­ri ýaz­ýar. Bu ki­tap tiz wagt­da iň köp sa­ty­lan ki­ta­ba öw­rül­di. Ber­lin­de ýüz­ler­çe adam aw­tog­raf al­mak üçin «Duss­mann» ki­tap dü­ka­ny­nyň da­şy­na jem­len­di­ler.

An­to­niu Koş­ta we­zi­pe­si­ne gi­riş­di

Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we Bel­gi­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Şarl Mi­şel öz yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Koş­ta ge­çir­di we oňa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň res­mi ýyg­nak­la­ryn­da ula­nyl­ýan ja­ňy gow­şur­dy. Koş­ta azyn­dan 2,5 ýyl­lap Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň ýo­ka­ry sy­ýa­sy gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk eder. Ol özü­niň il­kin­ji çy­ky­şyn­da «Dür­lü­lik­de ag­zy­bir­lik» ýö­rel­ge­si­ni do­wam et­dir­me­gi wa­da ber­di.

So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy

1-nji de­kabr­da Ru­my­ni­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 23 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Bu saý­law­lar­da Ru­my­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry gel­jek 4 ýyl üçin De­pu­tat­lar pa­la­ta­sy­nyň we Se­na­tyň ag­za­la­ry­ny saý­la­dy­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy her iki pa­la­ta­da-da öň­de­li­gi eýe­läp, Se­nat­da 23,71 gö­te­rim, We­kil­ler pa­la­ta­syn­da 23,07 gö­te­rim ses al­dy. Şeý­le-de «Ru­myn­la­ry bir­leş­dir­mek üçin bi­le­le­şik» (AUR) 17,44 gö­te­rim, «Ru­my­ni­ýa­nyň wengr­le­ri­niň de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi» (UDMR) 16,62 gö­te­rim, Mil­li-li­be­ral par­ti­ýa­sy (NLP) 14,93 gö­te­rim ses bi­len Se­na­ta gir­di­ler. Şeý­le hem 16,98 gö­te­rim bi­len AUR, 16,49 gö­te­rim bi­len UDMR we 14,31 gö­te­rim bi­len NLP We­kil­ler pa­la­ta­sy­na gir­di. We­kil­ler we se­na­tor­lar we­zi­pe­le­ri­ne 10 mü­ňe go­laý adam da­laş ed­ýär, ýö­ne ola­ryň ba­ry-ýo­gy 456-sy par­la­men­te gi­rer.

Olaf Şols da­laş­gär hö­dür­len­di

Bir­nä­çe hep­de do­wam eden içer­ki mas­la­hat­lar­dan soň, Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy (SPD) Kans­ler Olaf Şol­sy gel­jek ýyl ýurt­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da esa­sy da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­le­mek ka­ra­ry­na gel­di. Bu ba­ra­da Olaf Şol­suň SPD-niň egin­deş ýol­baş­çy­la­ry Lars Kling­baýl we Zas­kiýa Es­ken bi­len bi­le­lik­de gat­na­şan met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da mä­lim edil­di. Sy­ýa­sy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty IN­SA-nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da iň meş­hur ne­mes sy­ýa­sat­çy­sy go­ran­mak mi­nist­ri Bo­ris Pis­to­ri­us­dyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, Bo­ris Pis­to­ri­us wi­deo ýüz­len­me­sin­de ady­ny da­laş­gär­le­riň sa­na­wyn­dan aýyr­ýan­dy­gy­ny, şeý­le­lik bi­len Olaf Şol­suň da­laş­gär­li­gi­ne ýol aç­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

COP16 öz işine başlady

2-nji de­kabr­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahaty (СOP16) öz işi­ne baş­la­dy. Mej­lis­de top­ra­gy gurplan­dyr­mak we gu­rak­çy­ly­ga gar­şy gö­re­şi ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça glo­bal ta­gal­la­lar ba­ra­da mas­la­hat edi­ler. «Bi­ziň Ýe­ri­miz. Bi­ziň gel­je­gi­miz» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän maslahat 13-nji de­kab­ra çen­li do­wam eder. Bu forum ýer äti­ýaç­lyk­la­ry­na bagyşlanan BMG-niň Çöl­leş­mä­ gar­şy gö­reşmek boýunça Kon­wen­si­ýa­sy­na gatnaşyjy taraplaryň Ýa­kyn Gün­do­gar­da we De­mir­ga­zyk Af­ri­ka se­bi­tin­de ge­çi­r­ýän il­kin­ji mas­la­ha­tydyr.

Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky­nyň tä­ze baş­ly­gy

Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň (AÖB) Do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi 59 ýaş­ly Ma­sa­to Kan­da­ny Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň 11-nji baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. Ma­sa­to Kan­da 2025-nji ýy­lyň 24-nji few­ra­lyn­da işe baş­lap, bu we­zi­pä­ni 2026-njy ýy­lyň 23-nji no­ýab­ry­na çen­li do­wam et­di­rer. Ol hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň we ma­li­ýe mi­nist­ri­niň ýö­ri­te ge­ňeş­çi­si­dir. «Ma­sa­to Kan­da­nyň hal­ka­ra ma­li­ýe pu­da­gyn­da­ky uly tej­ri­be­si we kö­p u­gur­lar­da su­but edi­len ýol­baş­çy­ly­gy glo­bal yk­dy­sa­dy kyn­çy­lyk­la­ry çöz­mä­ge we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge kö­mek eder» di­ýip, ban­kyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Fa­bio Pa­net­ta aýt­dy.

Ikin­ji gezek bellendi

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da­ky ştab-k­war­ti­ra­syn­da ni­ge­ri­ýa­ly ze­nan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la­ gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ikin­ji ge­zek bel­len­di. Bu ka­rar BSG-niň Baş Ge­ňe­şi­niň no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­di. Gu­ra­ma tä­ze baş di­rek­tor bel­le­mek me­se­le­si res­mi taý­dan 8-nji okt­ýabr­da baş­lan­dy. Da­laş­gär hö­dür­le­mek möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ikin­ji dört ýyl­lyk möh­le­ti eýe­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bu we­zi­pe üçin ýe­ke-täk da­laş­gär bo­lup gal­dy. N. Okon­jo-Iwea­la­nyň ikin­ji möh­le­ti 2025-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da baş­lar. Ni­ge­ri­ýa­da dog­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýän il­kin­ji ze­nan we il­kin­ji af­ri­ka­ly­dyr. Ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy hök­mün­de Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Ban­kyn­da 25 ýyl do­lan­dy­ry­jy mü­dir bo­lup iş­läp­di.

Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri tas­syk­lan­dy

Gru­zi­ýa­nyň par­la­men­ti ýur­duň Prem­ýer-mi­nistri we­zi­pe­si­ne Irak­li Ko­bak­hid­ze­ni gaýtadan tas­syk­la­dy. Mas­la­hat ýur­duň iň ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň web sa­hy­pa­syn­da gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­di. – 84 adam ses ber­di, sak­la­nan ýok. Ka­rar ka­bul edil­di – di­ýip, par­la­men­tiň baş­ly­gy Şal­wa Pa­pu­aş­wi­li ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­di.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

«Hua­wei» «akyl­ly» sa­gat çy­kar­dy. Hy­ta­ýyň «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy «akyl­ly» go­şar sa­gat­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy­ny ge­çir­di. 18 ka­rat­lyk al­tyn çaýylan «Watch Ul­ti­ma­te De­sign Gold» mo­de­li­niň ba­ha­sy 3 müň dol­lar­dan gow­rak. Akyl­ly sa­gat­lar gy­zy­lyň gy­ryn­dy­syn­dan ýa­sa­lan ny­şa­na eýe­dir. Ila­ty 37,5 mil­li­on ada­ma ýet­di. Şu ýy­lyň 27-nji no­ýab­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň ila­ty 37,5 mil­li­on ada­ma ýet­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ha­bar ber­di. Mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, 2030-njy ýy­la çen­li ýur­duň ila­ty 40 mil­lio­ndan geçer. Soň­ky 30 ýyl­da ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sa­ny 15 mil­li­on adam köpelmek bi­len, ilat sa­ny dur­nuk­ly art­ýar.

Dil – netijeli hyzmatdaşlygyň serişdesi

Halk ara­syn­da «Dil bi­len dün­ýä­ni ge­zer» diý­lip aý­dy­ly­şy ýa­ly, baş­ga dil­le­ri öw­ren­mek biz üçin wa­jyp bo­lup dur­ýar. Dür­li dil­le­ri bil­mez­den kä­mil hü­när­men bol­mak as­la müm­kin däl. Se­bä­bi üçün­ji müň­ýyl­lyk ylym-bi­li­miň we teh­ni­ka­nyň örän çalt dep­gin­de ösen döw­ri bol­dy. «Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» çä­gin­de bu ugur­da bir­nä­çe iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän mek­dep­ler we dür­li dil­le­re ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­ler hem bar. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek­de hä­zir­ki wagt­da yl­my esas­da öw­re­ni­len, tej­ri­be­de oňat ne­ti­je ber­ýän usul­lar­dan giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şeý­le usul­lar bi­lim ber­mek­de mul­ti­me­di­ýa tag­ta­lar­da ta­nyş­dy­ryş­la­ryň üs­ti bi­len öw­ret­mek, iň­lis di­lin­dä­ki gep­le­şik­le­ri tej­ri­be­de diň­let­mek we ki­tap­dan ge­çi­len söz­le­ri okat­mak bi­len ber­ki­dil­ýär. Bu iş­le­riň ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy ýaş­la­ryň dü­şün­je­si­niň has-da ös­me­gi­ne oňat tä­sir ed­ýär. Şun­da da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­ýän ta­lyp bir sa­pak­da on­lar­ça sö­zi öw­r

Döw­re­bap hu­kuk öz­gert­me­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da de­mok­ra­tik esas­lar bar­ha çuň­laş­dy­ryl­ýar. Hu­kuk me­de­ni­ýe­ti we işi has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň we her bir ra­ýa­tyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li öz­gert­me­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li şeý­le iş­le­riň bi­ri hem Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny we äh­mi­ýe­ti­ni güýç­len­dir­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da ýerine ýetirilýän iş­ler­dir. Kons­ti­tu­si­ýa Esa­sy Ka­nun bol­mak bi­len, beý­le­ki ada­ty ka­nun­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Il­ki bi­len, Kons­ti­tu­si­ýa iň ýo­ka­ry hu­kuk güý­jü­ne eýe bo­lan ka­nun­dyr. Bu ka­da­lar Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň mad­da­la­ryn­da aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär. Ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na gö­rä kä­mil­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Tä­ze ka­nun­lar Wa­ta­ny­my­zy dep­gin­li ös­dür­mä­ge, ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li o

Bi­ta­rap­lyk – nus­ga­lyk ýol

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­nü­ni bag­ty­ýar­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň ýa­ky­my bi­len gar­şy­la­ýan hal­ky­myz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty esa­syn­da yn­san­per­wer­li­giň, dost-do­gan­ly­gyň aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri­ni dün­ýä ýaý­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de has-da giň­den ýaý­baň­lan­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ola­ryň çäk­le­rin­de de­giş­li hal­ka­ra iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýar. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň öňe sü­ren dün­ýä äh­mi­ýet­li bir­nä­çe mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ma­gy hem hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk we hoş­ni­ýet­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne he­mi­şe yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty­nyň esa­syn­da hal­ky­myz dün­ýä halk­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta ber­jaý ed­ýär. Ýur­du­my­za ge­len myh­ma­na sup­ra bol­dan ýa­zyl­ýar. Bu bol­sa yn­san­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dyr­ýar, dost-do­gan bo­lup ýa­şa­ma­ga iter­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ra ym­t

Ýaşlar – ýurdumyzyň geljegi

Ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky ala­da ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de be­den taý­dan sag­dyn, bi­lim­li ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin iň go­wy şert­le­ri dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Wa­ta­ny­my­zyň da­ýan­jy bo­lan ýaş nes­liň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin dün­ýä yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ul­ga­ma or­naş­dyr­mak­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ylym, bi­lim, hü­när, ter­bi­ýe me­se­le­le­rin­de uly we­zi­pe­le­ri öň­de goý­ýar. Ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li şah­sy­ýe­tiň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap ös­dür­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­mak ýaş ne­sil­le­re yna­nyl­ýar. Ösüş­ler bol­sa tä­ze pi­kir­le­ri ta­lap ed­ýär. Tä­ze pi­kir­ler bol­sa he­mi­şe sag­dyn, ru­hu­be­lent, zäh­met­sö­ýer adam­la­ra mah­sus hä­si­ýet­dir. Bi­lim al­mak, hü­när öw­ren­mek türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da berk eýe­rip ge­len dur­muş ka­da­sy­dyr. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­t

Ar­ka­dag şä­he­ri – ýo­ka­ry hi­liň nus­ga­sy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da nus­ga­lyk oba­lar, şä­her­çe­dir şä­her­ler gu­rul­ýar. Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp ýer­de gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri bu ba­bat­da buý­sanç bi­len nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Ar­ka­dag şä­he­ri te­bi­gy gur­şa­wa aýaw­ly çe­me­leş­me­gi, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ma­gy üçin ýa­şaý­şyň tä­ze ga­raý­şy­ny özün­de jem­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len gur­lan, döw­let äh­mi­ýet­li şä­her di­ýen hu­kuk de­re­je­si­ne eýe bo­lan tä­ze şä­he­riň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de me­de­ni-dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň 336-sy ýer­li bi­na­gär­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan gu­rul­dy. Döw­re­bap şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re we kuw­wa­ta eýe­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.