"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: DANIÝA KOROLLYGY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Sirkulýar ykdysadyýete geçmekde hereketlendiriji güýç hökmünde kärhanalary berkitmek ugry boýunça başlangyçlar:

8,2 milliard amerikan dollaryna satyn alar

Ýaponiýanyň «Nippon Life Insurance» kompaniýasy ABŞ-nyň «Resolution Life Group» ätiýaçlandyryş kompaniýasyny 8,2 milliard amerikan dollaryna satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada «Nikkei» gazeti habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Nippon Life» häzirki wagtda «Resolution Life» kompaniýasynyň 23 göteriminiň eýesidir. Maglumat üçin, «Nippon Life» şu ýylyň maýynda «Corebridge Financial» kompaniýasynyň 20 göterim paýyny 3,8 milliard amerikan dollary bahadan satyn alypdy.

Ýyllyk girdejisi ýokarlandy

«Taiwan Semiconductor Manufacturing» kompaniýasynyň ýyllyk arassa peýdasy 34 göterim artyp, 276,06 milliard täze taýwan dollaryna (8,48 milliard amerikan dollary) deň boldy. Kompaniýanyň düşewündi oktýabr aýynda 314,34 milliard täze taýwan dollaryna barabar boldy. 11 aýyň dowamynda bolsa kompaniýanyň düşewündi 31,8 göterim ýokarlanyp, 2,616 trillion täze taýwan dollaryna deň boldy.

Düşewündi artýar

Ispaniýanyň «Inditex» kompaniýasy 2024-nji ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça düşewündini 7,1 göterim, arassa peýdasyny bolsa 8,5 göterim artdyrdy. Fewral — oktýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa peýdasy 4,449 milliard ýewro ýetdi. Görkezilen wagtyň dowamynda kompaniýanyň düşewündi bolsa 27,422 milliard ýewro deň boldy. Maglumat üçin, kompaniýa ispaniýaly milliarder Amansio Orteganyňkydyr. Şeýle-de «Inditex» kompaniýasy 5659 eşik dükanyny dolandyrýar. Olaryň arasynda «Zara» we «Zara Home», «Pul&Bear», «Massimo Dutti», «Bershka» hem-de «Oysho» dükanlaryň bardygy bellärliklidir.

Şu gün – Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

Nebitgaz pudagynyň ösüşli menzilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nebitgaz pudagynyň ösüşine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Milli baýlygymyz bolan nebiti, gazy aýawly saklamak, geologiýa işlerini netijeli usulda alyp barmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgazly ýataklary daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär.

Köpugurly ösüş — abadan ýaşaýşyň kepili

6-njy dekabrda şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy beýan edildi. Durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan bu netijeler häzirki döwürde amala aşyrylýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miwesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde hem milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň netijeli ugry bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň çig mal öndürýän ýurtdan innowasion häsiýetli taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Bu syýasaty ykdysadyýetinde ýangyç-energetika pudagynyň tutýan orny uly bolan döwletlerde oýlanyşykly amala aşyrmak ykdysady howpsuzlyk nukdaýnazaryndan möhüm bolup durýar.

Tebigy baýlyklarymyz halkymyzyň rysgal çeşmesidir

Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şu gün — 14-nji dekabrda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň giňden dabaralandyrylmagy wajyp ähmiýete eýedir.

Milli ykdysadyýetiň strategik pudagy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, ýurdumyzda nebitgaz we geologiýa pudagy halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzda nebitgaz senagatyna milli ykdysadyýetiň strategik pudagy hökmünde garalyp, ony ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda energiýa serişdeleri bilen diňe bir içerki sarp edijileri däl, eýsem, daşarky bazary hem ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürmegiň, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmagyň wajypdygyny belleýär. Şu maksat bilen, nebitgaz toplumynda ylmyň we tehnikanyň iň täze, öňdebaryjy gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmegi işjeňleşdirmegiň usullary köpugurly bolup, tehniki, tebigy, önümçilik, ykdysady we beýleki sebäplere görä, belli bir usuly saýlap almak ylmy taýdan doly esaslandyrylmagy talap edýär. Gözleg-barlag işleri döwründe nebiti, gazy çykarmakda, olary içerki we daşarky sarp edijilere ibermekde ulag-logistika ulgamynda daşky gurşawy goramak, sebitde ekologiýa abadançylygy üpjün etmek bilen bagly işler elmydama üns merkezinde saklanýar. Ählumumy metan boýunça

Mil­li baý­ly­gy­myz aba­dan­çy­ly­gyň hyz­ma­tyn­da

Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri türk­men top­ra­gy­nyň ba­ha­syz baý­ly­gy­dyr. Şol baý­ly­gyň gor­la­ry­ny ag­ta­ryp tap­mak, meý­dan­ça­la­ry se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek, te­bi­gy ga­zyň we ne­bi­tiň ga­zy­lyp alyn­ýan möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, çig mal­la­ry çuň­ňur gaý­ta­dan iş­le­mek we ola­ry sarp edi­ji­le­re ug­ra­tmak ýa­ly mö­hüm iş­ler ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Pu­da­gyň we­la­ýa­ty­myz­da­ky kär­ha­na­la­ry­nyň ba­şar­jaň iş­gär­le­ri bu işe yh­las­ly we mak­sa­da ok­gun­ly gat­naş­ýar­lar. Olar öz­le­ri­niň hü­när baý­ram­la­ry­ny hem zäh­met sow­gat­la­ry bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dyn­da çig mal­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň ha­sa­by­na ýo­ka­ry hil­li ne­bit önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de gu­wan­dy­ry­jy gör­ke­zi­ji­ler ga­za­nyl­ýar. Şan­ly ýy­lyň ge­çen on bir aýyn­da kär­ha­na­da çig mal­la­ryň 431,4 müň ton­na­sy gaý­ta­dan iş­le­nil­di we bu ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma 109,1 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Şon­ça çig mal­dan bol­sa geç­gin­li önüm­le­riň je­mi 375,7 müň ton­na go­la­ýy ön­dü­ril­di. Bu önü­miň 219 müň ton­na go­la­ýy dür­li ok­tan san­ly ben­zin­dir. Bu gym­mat­ly önü­mi ön­dür­mek­de ge­çen ýy­lyň de­ňeş­di­ril­ýän döw­rü­ne gö­rä 109,6 gö­te­rim ösüş dep­gi­ni­niň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Şeý­le-de ge­çen dö­wür­de di­zel ýan­gy­jy­nyň 109,6 müň ton­na go­la­ý

Ykdysadyýetimiziň wajyp pudagy

14-nji dekabr — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinde nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň saldamly goşantlary bardyr. Bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Geçip barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berildi.

Döwrebap kärhanalar ulanylmaga berildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Halkara Bitaraplyk gününiň garşy alynýan günleri ýatdan çykmajak, ajaýyp pursatlara beslenýär. Durmuş-medeni maksatly desgalaryň, önümçilik kärhanalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hasyl bolýan bedew batly ösüşleriň beýik tutumyny açyp görkezýär. Öňňin Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde bir günde iki iri kärhananyň toý bagynyň kesilmegi ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Ir säherden başlan dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar.

Obalaryň ajaýyp keşbi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ösüşli, özgerişli ýyllarynda oba adamlary eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Şäher bilen egin deňläp ösýän obalaryň hatarynda Şabat etrabynyň Hasylçy geňeşliginiň çäginde ýerleşýän obalary mysal görkezmek bolýar. Hasylçy geňeşligini Hasylçy, Gargaly, Altmyş, Diwanbegi, Boz, Serhetabat ýaly obalaryň ýedisi düzüp, olarda häzirki zamanyň döwrebap ýaşaýyş gurşawy doly üpjün edilendir. 13-müňe golaý ilaty bolan geňeşlikde taryhy döwrümiziň baş maksat hökmünde öňe çykýan wezipeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň doly şaýady bolduk.ş

On bir aýda ulag toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HARYT-ÇIG MAL BIRŽASYNYŇ GEÇEN HEPDEDÄKI SÖWDALARY

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Hytaýdan, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 679 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Metbugat mahabaty — bu kagyz ýüzünde çap edilen mahabat maglumatlary (listowkalar (tekstli ýa-da bezeg suratly ýaprak), bukletler, kataloglar, kitaplar, tanyşdyryş kartajyklary we ş.m.).

Marketingiň esaslary Bazar we marketing

Marketingiň esaslary Bazar we marketing (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Dünýä ýurtlarynyň ösüşinde sanly söwdanyň ähmiýeti

Sanly ykdysadyýet — dünýäniň iň çalt ösýän pudaklarynyň biri. Soňky ýyllarda sanly ulgam innowasiýany hem-de kärhanalaryň işini ösdürmegiň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Sanly ulgam bellibir babatda dünýäniň söwda ulgamynyň ägirt uly ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda dünýäniň halkara sanly söwda ulgamynda ABŞ hem-de Hytaý bilelikde bu bazaryň paýynyň ýarysyndan gowragyny eýeleýärler. Halkara maýadarlar Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda söwda ulgamyny sanlylaşdyrmagy ösdürmek maksady bilen, uly gyzyklanma bildirýärler.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: DANIÝA KOROLLYGY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Daniýa Korollygy Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň, Demirgazyk Geňeşiniň agzasy bolup, dünýäde gür ilatly, tebigy baýlyklaryň ätiýaçlyklary çäkli, ykdysadyýeti tutuşlygyna diýen ýaly adam maýasyna we çig mallaryň importyna esaslanýan, deňagramlaşdyryfilan býujetli, uly möçberde profisitli töleg balansly, pul birligi (Daniýa krony) berk, gaýtadan maliýeleşdirmegiň göterim we hümmetsizlenme derejeleri pes, durnukly ykdysady ulgama eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar.

Uly möçberde maýa goýdular

«Nvidia» kompaniýasy, «Accel» gaznasy we «Orbis» maýa goýum kärhanasy bilelikde «Nebius Group» kompaniýasyna 700 million amerikan dollary möçberinde maýa goýdular. Ýeri gelende bellesek, «Nebius Group» emeli aň infrastrukturalary bilen işleýän kompaniýadyr.