"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Şotlandiýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 110 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Toýa ýaraýan ak pagta

«Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar» diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä! Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy. Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, «toý pagtalarynyň» taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä! Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine «toý pagtasy» bolup çykyp dur. Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ýataklaryndan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri netijeli zähmet çekýärler. Olar burawlanan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda Ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirýärler. Her biri anyk kesgitlemeleri talap edýän bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlamhanalaryndan, Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen müdirligiň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada oňat görkezijilere eýe bolunýar. Şu ýylyň geçen döwründe kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 7 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.

Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri

Bank ulgamyny döwrebap ösdürmekde aýratyn orunlaryň biri nagt däl hasaplaşyklara degişlidir. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boyunça ençeme işler geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary ylmyň iň soňky gazanan üstünliklerini we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mimkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Ilatyň saçagyna — ter önümler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere ýol salýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha rowaçlanýar. Ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ýerli çig malyň esasynda işleýän önümçilikleri köpeltmek ýaly ugurlaryň ösüşi döwrüň talaplary bilen sazlaşýar. Etrabymyzyň obasenagat düzümi has kämilleşdi, döwrebap önüm öndürýän kärhanalaryň hasabyna olaryň üsti ýetirilýär. Şolaryň birisi «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumydyr. Häzirki wagtda onuň önümleri tutuş welaýatymyzyň ilatyna ýetirilýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň çäginde hususy daýhan we ýyladyşhana hojalyklarynyň onlarçasynda gök, bag-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. «Azatlyk», «Parahat», «Jeýhun», «Dostluk» daýhan birleşiklerinden telekeçilere bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde döredilen 60 tonnadan başlap 2000 tonna çenli önüm ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanalar görenleri guwandyrýar. Olaryň pomidordyr hyýar ýaly önümleri ilatyň saçaklaryna gyşyn-ýazyn ýetirilip dur. Aýratyn-da, welaýat merkeziniň alkymynda ýerleşen «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde ýyladyşhanalaryň uly toplumy döredildi. Olaryň arasynda «Alty

Sanly ulgamyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýakyn geljegiň bu ugurdaky anyk wezipelerini kesgitledi. Ýeri gelende bellesek, ilatyň sanly aragatnaşyk ulgamynyň Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanylan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralar hem-de degişli beýleki döwlet edaralary tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Bedew batly beýik işler

2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle resminamalaryň biri hem «Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Karardyr. Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama üç ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

Ykdysadyýetiň rowaç ugry

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde iň täze we döwrebap tehnologiýalara esaslanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Şeýle hem şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamy kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde türkmen halky gündelik durmuşda, okuwda we işde, her ädimde häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerinden hem-de artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýarlar. Bu ugurda alnyp barylýan tapgyrlaýyn özgertmeler ýurdumyzda uzak möhletleýin we köptaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmaga, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, düýpli döwlet dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy

Önüm­ler­de iş­çi yh­la­sy bar

Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­my­nyň wa­jyp pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän kär­ha­na­la­ryň birnäçesi we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri hem Türk­me­na­bat­da ýer­leş­ýän pa­myk eg­ri­ji fab­rik­dir. Dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň gi­den bir ha­ta­ry bu gün­ki gün we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýar. Pu­dak­da­ky hä­zir­ki ösüş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da we­la­ýat­la­ryň äh­li­si­ni gy­ra­deň ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň ro­waç­ly­gy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup dur­ýar. Bäs­le­şi­ge ukyp­ly döw­re­bap önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň eme­le gel­me­giniň ne­ti­je­sin­de dok­ma önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi soň­ky ýyl­lar­da on­lar­ça es­se art­dy. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­re dün­ýä ba­zar­la­ryn­da hem uly is­leg bil­dir­ýär­ler.

Sanly ulgamyň kanuny esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada görkezilendir. Söwda işiniň onlaýn tertipde

Telekeçiligiň bähbitli ýoly

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat we Mary etrap komitetleriniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Meniň telekeçilikdäki ilkinji ädimlerim” atly bu duşuşyk “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň “Datly şerbeti” hususy kärhanasynyň mejlisler jaýynda guraldy. Bu çärä TSTP-niň welaýat we Mary etrap komitetleriniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Annaöwezow, TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Röwşen Geldimyradow, “Datly şerbet” hususy kärhanasynyň işçisi Şatäç Nurberdiýewa çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde badalga berilýän işler barada durup geçdiler. Telekeçileriň haryt bolçulygyny döretmekde bitirýän işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu duşuşykda çykyş edenler ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, giňişleýin gürrüň etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda alyp barýan bähbitli işleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Hasabatlylyk — sanly bilimiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň we gazanylýan durmuş-ykdysady görkezijileriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet kadalaşdyrylyşynyň we döwlet dolandyrylyşynyň ýörelgeleri durandyr. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýçleri çalt ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu ösüş-özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi baradaky wezipeleri öňe çykarýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda beýan edişi ýaly, ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. Barha ösýän şertler ykdysadyýeti döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek wezipelerini öňde goýýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeler ähli pudaklara, ulgamlara işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň

Durnukly ösüşiň ygtybarly esaslary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly binýadynyň döredilen döwrüdir. Şu ýyllarda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda diwersifikasiýalaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp baryldy. Innowasion ösüş diňe bir senagaty däl, eýsem, agrosenagat toplumyny, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, gurluşygy, söwda we beýleki hyzmat pudaklaryny gurşap aldy. Häzirki wagtda innowasion ösüşiň täze tapgyry — sanly ykdysadyýete geçmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynda uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda düýpli işler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklary hem bu ugurda ýola goýlan tutumly işleriň dowamydyr.

Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda

Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün edýän esasy pudaklaryň arasynda nebitgaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. «Garaşsyz Türkmenistan nebitiň, gazyň ummasyz gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hökmünde bellidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirýäris. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda güneşli ülkämiziň ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işi üstünlikli amala aşyrylýar. Mähriban Prezidentimiz nebitgazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini ýaýbaňlandyrmagy, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmagy, täze meýdançalary açmagy bu ulgamyň öňünde wezipe edip goýýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» esasy ýol görkeziji bolup durýar. Gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny çykarmak, nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen meşgullanýan önümçilik kärhanalarynyň birnäçesini özünde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserninde soňky ýyllarda önümçilige täze tehnologiýalardyr kämil enjamlary giňden ornaşdyrmaga girişildi. Mu

Belent sepgitlere ýetilýär

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçiljek şu ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary netijeli işlemegini dowam edýärler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdäniň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem jikme-jik gürrüň edildi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3, söwdada 15,1, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Durnukly depgin rowaçlanýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üstünlikli amala aşyrylýan düýpli ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Arkadag Prezidentimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygygymyzyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýetiň esasy

Häzirki wagtda bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaýyn binýat pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem sanly bilimi ösdürmekde tutumly işler amala aşyrylýar.

Ösüşiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ykdysady ösüşler bilen ynamly öňe barýar. Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli sebitleri ösdürilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri barha kuwwatlanýar, sanly ulgam üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşlere tizlik berýär. Sebäbi dürli resminamalar, ykdysady amallar tiz ýerine ýetirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy döwrebap üstünlikleri üpjün edýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Şeýle döwrebap işleri kämil alyp barmakda hünärmenleriň hem kämilliginiň möhümdigini bellemek gerek. Şunda ýaş nesilleriň döwrebap bilimi, ösen aň-düşünjesi baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem bilimli ýaşlary kemala getirmekde, olaryň döwrebap bilimlere eýe bolmaklarynda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemelidiris. Ýokary okuw mekdebimizde sanly ulgamdan peýdalanmagyň dürli ugurlary ýaşlara öwredilýär. Munuň ähmiýeti hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň has-da giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna, her bir işe döredijilikli çemeleşmeklerine oňat täsirini ýetirýär.