"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Kämil kanunlara daýanyp

Her bir kanun esasynda ýörelen dogry ýol kämillige alyp barýar. Kanunçylygyň höküm sürýän ýurdunda adalatyň dabaralanýandygyna, halallygyň, agzybirligiň, abadançylygyň höküm sürýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeler demokratiýany, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmekde, adalat jemgyýetiniň binýadyny berkitmekde öz miwesini berýär. Gahryman Arkadagymyz ýurtda kanunlaryň, tertip-düzgüniň ähli raýatlar, guramalar, edaralar tarapyndan doly hem dogry berjaý edilmeginiň degişli edaralar tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagyny talap edýär. 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, teleradiogepleşiklere möhüm orun degişlidigi bellenildi. Bu kanun 53 maddadan ybarat bolup, ol resmi taýdan çap edilen gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan, gol çekilenden soň güýje girdi. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça t

Kaşaň desgalaryň ýalkymy

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz Aşgabady dünýä ülňülerine laýyk gelýän geljegiň şäherine, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin iň amatly şertleri bolan ajaýyp şähere öwürmekdir.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bank ulgamynyň ösdürilmegi ykdysadyýetimizi täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy 12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Owerdraft» bank hyzmaty

«Owerdraft» karzy — söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende bank kartynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, bu karz dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka şeýle hyzmaty açmak üçin arza berenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň dowamynda karzdan, banka barmazdan, zerurlygyna görä, awtomatik usulda alyp we yzyna gaýtaryp bilýär. Şeýlelikde, «Owerdraft» karzy müşderiniň bank kart hasabynyň galyndysy azalan halatynda, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde töleg geçirilende bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, onuň «Owerdraft» karzynyň esasy bergisi we hasaplanýan göterimleri awtomatik usulda tölenýär.

Ykdysady strategiýada hususy pudagyň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylýan maksatnamalaryň we amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisiniň baş maksady mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň ykdysadyýeti baý tebigy, ykdysady, maýa goýum we adam maýasynyň zähmet gorlaryny peýdalanmak arkaly üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Önümçiligi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlary hem-de iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşe gönükdirilendir.

Ösüş depgini ýokarlanýar

Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu gün «Türkmendermansenagat» birleşiginde öňdebaryjylaryň hatarynda barýar. Bu häzirki zaman kärhanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda önümçiligiň ösüş depgini yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenilip gurlan bu kärhanada şu ýylyň geçen üç aýynda jemi 2 million 730 müň manatlyga barabar önüm öndürilip, meýilnama 181 göterim berjaý edildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 126 göterim ýokarlandyrylandygyny görkezýär. Ýod önümçiligi kärhanasynda taýýarlanýan ekologiýa taýdan arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da, ýola çykylyp işlenilende juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bir gezek ulanylýan ýod taýajyklarynyňdyr ýod galamlarynyň lukmançylykda zerur bolýan halatlary sanardan köpdür. Şikes ýetme we hirurgiýa görnüşli ýaralary arassalamak, bioserişdeleri synag üçin almak, barlamak, özbaşdak ulanmak ýaly ýagdaýlarda onuň ähmiýeti uludyr. Kärhananyň önümlerine bolan isleg içerki we daşarky bazarlarda barha artýar.

Ýokary hil — döwrebaplyk

Dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistan dokma pudagynyň ähli ugurlarynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilmegini, diňe bir içerki bazary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, dünýä bazaryna uly islegden peýdalanýan, halkara ölçeglere laýyk gelýän dokma önümlerini ibermegiň möçberlerini artdyrmagy ugur edinýär. Türkmenistanyň jemi içerki önüminde bu pudagyň tutýan paýynyň ýylsaýyn artmagy, ilkinji nobatda, dokma önümlerini öndürmekde döwletimiziň bäsdeşlik artykmaçlyklaryna eýe bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, dokma senagaty üçin zerur bolan çig malyň, ýagny pagtanyň, ýüpegiň öz ýurdumyzda öndürilmegi pudagyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Türkmeniň mukaddes topragynda, çogly Gününiň, suwunyň täsirinde ösdürilip ýetişdirilen pagta süýüminiň özboluşly häsiýetleri gigiýeniki taýdan arassalygy, geçirijiligi, gegiroskopik (çyglylygy özüne kabul edip bilijiligi) berkligi, çeýeligi, üzülme uzynlygy, tämizligi we şuňa meňzeş häsiýetleri emele getirýär. Şol sebäpli hem dünýä ýüzünde pagta süýümlerinden taýýarlanylýan önümlerde özüniň iň gowy häsiýetlerini görkezen türkmen pagtasyndan öndürilen harytlara uly isleg bildirilýär.

Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden biziň aň-düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly ornaşýar. Raýatlarymyzyň arasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň geriminiň giňemegi, tehniki oýlap tapyşlaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine itergi berýär. Bu bolsa halkara işewürligiň, bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly ýardam berýär. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullar hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşýar. Bu öz gezeginde, ykdysadyýetde düzümleýin üýtgeşmeleriň emele gelmegine getirýär hem-de sanly tehnologiýalara we elektron haryt dolanyşygyna esaslanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň wajyplygyny öňe çykarýar.

Himiýa senagatynyň üstünlikleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty dünýä nusgalyk ösüşleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny goýmak, täze ylmy-tehniki esasda taýýarlanan ýokary tehnologiýaly enjamlary önümçilige ornaşdyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri amal etmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda himiýa senagatynyň düzümine girýän täze-täze kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şolara mysal hökmünde, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatyndaky «Garabokazkarbamid» we Polimer zawodlaryny görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň himiýa pudagynyň işgärleri türkmen topragynyň baý uglewodorod, mineral we gidromineral gorlaryny ulanmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýarlar. Bu iş tebigy baýlyklary gazyp almak bilen bir hatarda, olary gaýtadan işläp, taýýar önüm — taýýar haryt görnüşinde sarp edijilere ýerlemegi hem öz içine alýar.

Sanly tehnologiýalar döwrüň talaby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni bedew batly ösüşleri bilen taryha ýazylýar. Çünki bu döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde bütin dünýäde ösen tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gidýän biziň ýurdumyzda hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň özüniň ýokary netijesini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyply sanly yk

Milli ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň döwrebap ösüşini üpjün etmekde sanly ykdysadyýetiň möhüm orny bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen kuwwatlandyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga badalga berýär. Sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, ozaly bilen, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň belent derejelere çykýandygyndan habar berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ykdysady bähbit babatda köpsanly artykmaçlyklara eýedir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimizde sarp edijileriň isleglerini has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär. Ýagny, önümçiligiň kuwwatlygynyň artmagy, bazar gatnaşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, önümçilik çykdajylarynyň peselmegi, täze iş orunlaryň döredilmegi ýaly raýatlar üçin bähbitli taraplary ýüze çykýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetde, halk hojalygynyň pudaklarynda sanly usullaryň girizilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň kämilleşmegine, berk binýatly sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge ýar

Täjirçilik banklary — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwrebap şertler — ýokary hilli hyzmatlar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna degişli düzümleriň işi hem hil taýdan täze, häzirki zaman derejesine eýe bolýar. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze, döwrebap binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu banklaryň hünärmenleri gurlan döwrebap binalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürek töründen çykýan alkyşlaryny aýdýarlar. Kakajan BAÝRAMGULYÝEW,«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter hasaby we hasabatlary müdirliginiň hünärmeni:

Bu günki Ekerem...

«Hemme zat çagalykdan başlanýar» diýlişi ýaly, kiçilikden her kim bir hünäriň eýesi bolmagy höwes edýär. Haýsy käri saýlap alsaňam, kitap seniň iň ýakyn maslahatçyň bolýar. Çagalykdan kitap bilen höwrügenimizden bolsa gerek, şol döwürlerde okan kitaplarymyzyň gahrymanlary heniz-henizlerem ýatdan çykanok. Şahyr Kasym Nurbadowyň 1986-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda neşir edilen «Deňziň düýbündäki öý» atly kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryna niýetlenen goşgular, ertekiler, poemalar ýygyndysy hem, şahyryň bilesigeliji çagalaryň täsinlikden doly dünýäsi barada söhbet açýan beýleki kitaplarynda bolşy ýaly, dürli kärdäki adamlar bilen tanyş edýär. Bu kitabyň annotasiýasynda: «Sen ulalaňda kim bolmakçy? Belki, Dawut aga ýaly nebitçi bolarsyň!..» diýlip ýazylypdyr. Kitapdaky nebitçileriň durmuşyna bagyşlanan «Ekerem» atly poema, ine, şeýle setirler bilen başlanýar: «Dostlar!Mal bakanam,Ekin ekenem,Eşidemok diýmezDiýseň: «Ekerem»«Ekerem — gaz, nebitiňMesgeni» diýer!..».

Bank ulgamynyň täze döwrebap binalary

Düýn hormatly Prezidentimiz «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy Apreliň hoştap howaly säherinde paýtagtymyzyň günorta böleginden uzap gidýän Çandybil şaýolunyň ugry köp adamly boldy. Bu ýerde gurlan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiziň toý bagyny kesmegi bilen, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny al-asmana göterdi.

Täze binalaryň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan waka — ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Bu ajaýyp sene mynasybetli ýurdumyzda häzirden başlap giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzda abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işleri gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Şonuň netijesinde Aşgabat şäheri barha gözel keşbe eýe bolup, tanalmaz derejede özgerýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Bu çäreler häzirki döwürde anyk netije berýär. Şeýlelikde, dünýä ýurtlarynyň halklary Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleri uly gyzyklanma bilen synlaýarlar. Ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolsa ak mermerli paýtagtymyz durýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary netije berýändigine her ädimde gabat gelýäris. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi düýpli özgerdi. Ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Keşbi ajaýyp Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uludan tutýar. Gözel paýtagtymyzyň günortasynda mundan sanlyja ýyl öň hem boş ýatan gojaman Köpetdagyň baýyrlygynda hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde, täsin tebigata, gür baglyga bürenýän halkara derejeli şaýollar, kaşaň ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalary, saglygy goraýyş desgalary peýda boldy. Paýtagtymyzyň bu künjegini synlanyňda ak şäherimiziň örän çalt depginlerdäki ösüşlerine, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine bolan buýsanjyň goşalanýar. Düýn bolsa bu künjegiň täsin binagärlik keşbiniň üstüni ýetirýän ak şäherimiziň Çandybil şaýolunyň ugrunda döwrebap binalaryň ikisi ulanmaga berildi. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň bu ajaýyp künjeginde hormatly Prezidentimiziň parasaty bilen döredilen türkmenistanlylaryň çuňňur hormat goýýan, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, bagtyýar ýaşaýşyny hem-de demokratik ýörelgelerini, häzirki zaman türkmen döwletliligini we kanunçylygyny dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesi bar. Ak şäherimiziň beýik

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmakda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy, daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan «Ýaşyl» tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen, elektrik energiýany ýel elektrik stansiýalaryň hasabyna öndürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatynda ýurduň oňyn şertleri bar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Ýel elektrik stansiýalarynyň ygtybarly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin taslamany işläp düzmekde bildirilýän gurnama iş kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Sarp edijileri elektrik energiýa bilen üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ýagny ýeliň energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmekde ýel elektrik stansiýalaryndan peýdalanmagyň we ony gurnap, işe goýbermegiň derejesi çylşyrymly alamatlara baglylykda saýlanylyp alynýar. Wajyp hasaplanylýan alamatlaryň biri-de, ýel gorlarynyň energiýa potensialy we onuň wagta görä üýtgemesi, gurnaljak ýerdäki kuwwata, energiýa bolan zerurlyk, elektrik üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyna bildirilýän talaplar, elektrik üpjünçilik ulgamynyň tehniki-ykdysady görkezijileri degişlidir.

Toý-baýramly Çandybil

Adam elmydama gözellige, özgerişlige teşne bolýar. Berkarar Diýarymyz, gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen beýik özgertmeleriň, gurmagyň we döretmegiň şöhratly döwrüni başdan geçirip, täze taryha girýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde edilen işlere nazar aýlanyňda-da geçen sanlyja ýylyň özi muňa kemsiz göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Aşgabat şäherinde amala aşyrylan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Gurlup ulanylmaga berlen senagat desgalary, medeni-durmuş maksatly kaşaň binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň aýdyň dabaralanmasydyr. Diňe soňky birnäçe ýylyň içinde Aşgabat şäheriniň çäginde gurlup ulanylmaga berlen binalardyr desgalary sanasaň sogaby bar diýleni. Aşgabady ösdürmegiň 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde gurlan ymaratlar aýratyn gözegelüwliligi bilen köpleriň söýgüsine mynasyp boldy. Häzirki wagtda şeýle ajaýyp binalaryň ýene-de onlarçasynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu ymaratlaryň türkmen telekeçileri tarapyndan bina edilýändigini bellemek aýratyn buýsançlydyr. Ynha, hut düýn bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Çandybil şaýolunyň ugrunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenista