"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Mineral dökünleriň ähmiýeti

Ýerli çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagy ýurdumyzda-da, onuň çäklerinden daşarda-da uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu pudakda uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu taslamalar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mineral dökünleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga şert döreder. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny, azyk howpsuzlygyny gazanmakda oba hojalyk pudagy aýratyn ähmiýete eýedir. Pudagy ylmy esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmek syýasatynyň özenini emele getirýär. Yssy howa şertlerinde ýer-suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň ýollaryny öwrenmek we oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri hasaplanýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 171-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Gonkongyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, nebit koksuny satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýet — döwrebaplygyň nusgasy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu düşünje ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Bu nusgada zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler döreýär. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň esasy maksatlarynyň biridir. Sanly ulgamyň üstünlikli hereket etmegi üçin bolsa, internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuterleriň üsti bilen sanly görnüşde dolandyrmak we elektron söwda hyzmatlarynyň internet arkaly ýerlenilmegi üstünlikli berjaý edilmelidir.

Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýokary tehnologiýalaryň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzy özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ata Watanymyzyň her bir künjeginde täsin binagärlik toplumlary peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, halkymyzyň guwanjyna öwrülen Aşgabat şäherinde gurlan giň şaýollar, bagy-bossanlyga örtülen seýilgähler, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Aşgabat abadançylygyň şäheri. Halkara hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde täsin desgalarynyň ençemesi guruldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyzda ençeme täze döwrebap ýaşaýyş toplumlary peýda boldy. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda, ýagny Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda täze ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň 16 sanysyndan, söwda-dynç alyş merkezleriniň 2-sinden ybarat bolan binalar toplumynyň peýda bolmagy oňa şaýatlyk edýär.

Döwrebap şertler we mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda bank hyzmatlarynyň hiline wajyp orun degişlidir. Ykdysadyýeti sanly ulgam arkaly ösdürmekde söwda, ykdysady, maliýe, bank ulgamlary we döwlet dolandyryşy aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde we ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilmegi möhüm ugurlaryň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly bank hyzmatlary durmuşymyza giňden ornaşýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklar boýunça edilýän hyzmatlaryň ýaýrawyny giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesinde geçirilýän amallaryň jeminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy barha artýar.

Mahabatlandyrma — önümlere we hyzmatlara gyzyklanma

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kabul edilen, haryt bolçulygyny döretmekde we düýpli gurluşyk işlerinde göwrümli işleri ýerine ýetirýän kiçi we orta telekeçileriň işlerine uly goldaw berip biljek kanunlaryň biri-de, «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu biziň kanunçylyk ulgamymyzdaky täzelikleriň biri, mahabatlandyrmak işini düzgünleşdirýän ilkinji Kanundyr. Agzalan  Kanun mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we mahabaty öndürmegiň, ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bellenilen Kanunyň 2-nji maddasynyň birinji bölegindäki mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýandygynyň bellenilmegi, onuň kadalarynyň ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklaryna esaslanýandygynyň, demokratik ýol-ýörelgelere eýerilýändiginiň we halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň we jebisliginiň esaslaryny berkitmekden ugur alýandygynyň tekrarlanmasydyr. Şu nukdaýnazardan, mahabatyň umumy talaplary onuň kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabatyň sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmezlikden ybarat bolmagy bilen baglydyr. Şeýlelik bilen, mahabatyň kanuny bolmagy onuň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyny esaslandyrýar we bu düzgüniň bozulmagy mahabat beriji üçin ýaramaz netijelere getirip biler.

Sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirip başlady. Gahryman Arkadagymyz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellemek bilen, türkmen ylmyny ösdürmäge, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge uly üns berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryn

Ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, batly gadamlar bilen öňe gitmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Esasan hem häzirki ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi berk binýadyň bardygyny beýan edýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän işleriň her biri halkyň bähbidine we ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda sanly ulgamyň durmuşa geçirilýändigini, önümçiligiň, hususan-da, senagat önümleriniň artdyrylýandygyny aýratyn bellemek bolar. Bu ugurlaryň her biri babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşulýar.

Ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu günki gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatynda ähli ugurlarda düýpli bazar özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetde ýokary depginli ösüşler gazanylyp, sebit we ählumumy derejelerdäki iri, halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli kärhanalar we desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Ykdysadyýetimizde senagatlaşma-innowasion özgertmeler has çalt depginlerde alnyp barylýar. Ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli berkitmek netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durnukly ösüşini gazanmakda dünýä nusgalyk beýik işler, asyrlara barabar ösüşler gazanylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli pudaklary sanly ulgama geçirmäge, maliýe-ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga, pudaklarda we kärhanalarda hasaba alnyş we hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge, salgyt-býujet we pul-karz işjeňligini döwrebap derejelerde ýola goýmaga, ätiýaçlandyryş işini ösdürmäge, maliýe bazarlaryny döretmäge we bu ugurlarda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmäge, ösüşiň geljekki sepgitleriniň sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyna baglydygyny nazara alyp, sanlylaşdyrmak işlerine uly üns berýärler. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işlerin

Ogulsabyr ene ýene ilkinji!

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Ogulsabyr Pygamowa geçen ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de welaýatymyzda ilkinjileriň hatarynda pile tabşyryp, zähmet üstünligini gazandy. Şu ýyl 45 gram ýüpek gurçugyndan 200 kilogramdan geçirip pile tabşyrmagy meýilleşdirýän Ogulsabyr ene eýýäm 60 kilogramdan gowrak piläni döwlet terezisinden geçirdi. Ol ýüpek gurçugyny ýene-de birnäçe tamda idedýär. Beýleki tamlardaky gurçuklar hem pile saryp, ýygyma taýyn boldy. Olary synlap, Ogulsabyr enäniň şu ýyl Watan harmanyna meýilnamadan has hem köp piläni tabşyrjakdygyna ynanýarsyň.

Jeýhun joşly döwrebap işler

Merkezi Aziýanyň iň iri suw akabasy bolan Amyderýanyň 1000 kilometrden hem gowragynyň Türkmenistanyň çäklerinden akyp geçýändigi bize eýýäm mekdep ýyllaryndan bäri mälim. Bu çägiň esasy bölegi welaýatymyza degişlidir. Ýurdumyzyň dirilik damaryna öwrülen derýanyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak, şol bir wagtda-da ony aýawly saklamak, hemişe gözegçilik etmek bolsa döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen hem hormatly Prezidentimiz ýakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine agentligiň garamagyndaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek tabşyryldy. Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze görnüşde esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk serişdesi bolan bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçirmek, bu işleriň netijesinde üýşürilen derýa çägesini isleg bildirýän edara-kärhanalara ýerlemek ýaly işlerden ybarat bolup durýar. Kärhananyň gur

Döwrebap hyzmatlar — täze mümkinçilikler

Döwlet Baştutanymyzyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary Türkmenistanyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryndan ugur almak bilen kesgitlenilýär. Önümçilige maýa goýum serişdeleriniň çekilmegi diňe bir halk hojalygynyň esasy pudaklaryny we ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususy önüm öndürijilerini goldamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän harytlaryň hasabyna ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem kömek edýär. Kiçi we orta telekeçiligi, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ösdürmek häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy maksatlary täze iş orunlaryny döretmek arkaly haryt bazaryny ýerli önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Oba hojalygy ulgamynda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak wajyp ähmiýete eýedir. Bank ulgamy bu işe mynasyp goşant goşýar.

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny halkara ülňülere laýyk gelýän innowasion tilsimatlary ulanmak arkaly ösdürmek, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek, ondan alnan täze önümleri dünýä bazarlaryna çykarmakda köpugurlylygy gazanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, nebitgaz pudagyna dünýäde öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgaz senagatynda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen dünýä bazarlaryna çykmak babatda milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde kabul edilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Bu Kanunyň kabul edilmegi bilen, nebit işleriniň ýene bir görnüşi hökmünde gaýtadan işlemek amaly girizildi. Nebit işlerine täze görnüşiň girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmekde «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň çäklerinde maýadarlary çekmäge, maýa goýum şertlerini we işlerini has-da kämilleşdirmäge, türkmen tarapynyň kepili hökmünde maýadarlara maýa goýum we täze tä

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Hormatly talyplar hem-de mähriban ata-eneler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär: ■ «Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Belent ösüşleriň ýoly bilen

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda halkymyzyň durmuşynda ýatdagalyjy pursatlara beslenjek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlary uludan tutulýar. Goşa baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem medeni-durmuş maksatly täze desgalar ulanylmaga berilýär. Şol desgalaryň ählisiniň gurluşygynda bolsa mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmekden gözbaş alynýar. Golaýda ak şäherimiziň günortasynda, Çandybil şaýolunyň ugrunda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, şeýle hem «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň döwrebap binalarynyň açylyş dabaralary boldy. Milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan bank ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen bina edilen banklaryň täze edara binalary bu gün paýtagtymyzyň görkana keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 17 müň inedördül metr meýdany eýeleýän «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynyň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zallary, hem-de beýleki zerur maksatlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Binada kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilen iş otaglarynyň 300-den gowragy ýerleşip, onda birbada müşderileriň 250-den gowragyny

Polietilen haltalar: Farapdan dünýä bazaryna

2019-njy ýylyň tomsunda esaslandyrylan «Rysgally gap» hususy kärhanasynyň önümçilige girişenine şu ýylyň ýanwarynda bir ýyl dolýar. Muňa garamazdan, bu hususy kärhanada öndürilýän polietilen haltalaryň eksport bazary barha giňeýär. Bir ýaşly önümçilikMundan 13 ýyl ozal döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany 26 müňden geçdi. Olaryň müňlerçesi öz işlerini biziň welaýatymyzda alyp barýarlar. Şolaryň biri hem «Rysgally gap» hususy kärhanasydyr.

Gül Watanyň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň telekeçiligi ösdürmeklige hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde hususy ulgamda bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaňy-ýakynda hut Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda we sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhana toplumlary işe girizildi. Häzirkizaman döwrebap tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen, jemi 400-e golaý täze iş orunlarynyň döredilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Kiçi göwrümli karzlaryň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri halka hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän ykdysady özgertmelerine jogap edip, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly bank amallaryny sanlylaşdyrmak işleri netijeli ýola goýulýar. Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň ýene bir görnüşine — — kiçi göwrümli karzlara bolan islegler günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynda, bellenen tertipde bölünip berlen melleginde, kömekçi hojalygynda, ýaýladaky ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary bermek ýola goýlan. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçylyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk

Ykdysady ösüşiň binýady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri çözmek hem biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmelidir.