"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Bahar TÜÝLIÝEWA,DTYB-nyň daşary ýurt bölümi bolan «Gyrgyz-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň» ýolbaşçysy:

Türkmenistan bilen BAE energiýa we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyrýan gulluk iş saparynyň dowamynda BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl bin Muhammed Al Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ulag-logistika boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň duşenbe güni habar bermegine görä, taraplar söwda-ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini bellediler we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Azerbaýjanyň tankeri türkmen nebitini daşamakda ulanylar

Azerbaýjanyň tankeri “Gahryman Halilbeýli” Türkmenistandan nebit daşamak üçin ulanylar diýip, Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasyniň (ASCO) metbugat gullugynyň başlygy Mehman Mehdiýew Caliber.az internet portalyna beren interwýusynda mälim etdi. Mehman Mehdiýew ýakynda “Zyh” gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynda bu gämini düýpli abatlaýyş işleriniň üstünlikli tamamlanandygyny we tankeriň ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji ýüzüşini amala aşyrjakdygyny aýtdy.

Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, «Aşgabat — Sanýa» uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

9-12-nji fewral aralygynda Hytaýyň «Hainan Weidu International Travel Co. Ltd» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat palatasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler we türkmen tarapyna iki sany geljegi uly taslama hödürlediler. Duşuşyklaryň esasy mowzugy iki ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky gatnaşygy boldy.

Magtymguly halk ýadynda

Irina KIKWADZE, Gruziýanyň «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň žurnalisti. Magtymguly, sözüm bilene sözdür,Bilmedik adama gury owazdyr.                                     Magtymguly Pyragy.

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär. Şeýle-de maslahata «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

«Wildberries» onlaýn dükany türkmen bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär

Russiýanyň iň uly onlaýn dükanlaryndan biri bolan «Wildberries» türkmen bazaryna girmek mümkinçiligini öwrenýär. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçugyň sözlerine görä, «Wildberries»-iň onlaýn dükany Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlarynyň bazarlaryna eýýäm ornaşyp, indi bu uly kompaniýanyň ümzügi GDA ýurtlaryna, has takygy, Türkmenistana hem-de Täjigistana gönügendir.

Şu ýylyň ýazynda Belarus Respublikasynyň ýüklerini Hazaryň üsti bilen daşamak synag ediler

Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astrahan welaýatynda bolandygyny senagat önümçiligi boýunça «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň (ÝYZ) metbugat gullugy habar berýär. Sebitiň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçirilen duşuşykda taraplar «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamagy ösdürmek we «Lotos» ÝYZ-da önümçiligiň lokalizasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, belarus tarapynyň wekilleriniň Astrahandaky port desgalary arkaly ýük daşamagy artdyrmak isleýändikleri bellenildi.

Halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi

5 — 9-njy fewralda Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi. Bu çärä gatnaşýanlara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp, «Cisco» şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen barlaghanalara gatnaşmak we olar bilen duşuşyp, maslahat alyşmak, enjamlary we tehnologiýalary sazlamaga degişli özbaşdak tejribe barlaghanalarynda işleri geçirmek ýaly mümkinçilikler döredildi. «Cisco Live 2024» atly uly tehniki okuw çäresiniň çäginde halkara sergi meýdançasy gurnaldy. Serginiň çäginde «Cisco Systems» kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary bilen tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi. Şonuň bilen birlikde, sergä gatnaşyjylar sergi meýdançasyndaky daşary ýurt kompaniýalaryň öndürýän önümlerini has giňişleýin öwrendiler.

Türkmenistan Halkara deňiz guramasynyň Bunker Konwensiýasyna goşuldy

Halkara deňiz guramasy (HDG) Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara Konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmagyny makullady. Konwensiýa 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär. Halkara deňiz guramasy (HDG) Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara Konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmagyny makullady. Konwensiýa 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap güýje girýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Metbugat gullugy habar berdi.

Jahan habarlary

Ýewropada parnik gazlaryň mukdary 90 göterim azalar Ýewropa Bileleşigi 2040-njy ýyla çenli atmosfera bölünip çykarylýan parnik gazlarynyň mukdaryny 90 göterim azaltmagy maksat edinýär. Bu gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hem-de atom energetikasynyň giňden ornaşdyrylmagy arkaly amala aşyrylar diýlip garaşylýar.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň sanly sanawyna giriziler

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasy baradaky maglumatlar «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin ulag-logistika merkezleriniň sanly sanawyna giriziler. «Türkmenistan: Altyn asyr» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, sanawy döretmek karary GDA-nyň ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen ulag babatyndaky işewür gepleşikleriniň ikinji mejlisiniň netijelerinden gelip çykýar.

Türkmenistan BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy

Gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmak barada degişli işler geçirilip, Halkara deňiz guramasy (HDG) tarapyndan Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy makullanyldy. Konwesniýa Türkmenistan üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap girýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Konwensiýanyň esasy maksady – bunker ýangyjy bilen hapalanmak boýunça jogapkärçiligi kesgitlemek amallaryny we ýeke-täk öweziniň dolunmagy üçin ýeke-täk halkara kadalary we tertibi kabul etmekden ybarat. Konwensiýa laýyklykda, bunker ýangyjy – bu gämi hereketlendirijileriniň işlemegi üçin peýdalanylýan ýangyçdyr. Konwensiýa ýangyç dökülmeleri netijesinde zyýan çeken taraplara çalt we netijeli öwez dolmany üpjün edýär.

Halkara giňişlikde

Adam hukuklarynyň goraglylygyna ygrarlylyk Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Folker Türküň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissaryň edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy möhüm hasaplaýandygy nygtaldy. Şunda bu düzümiň 2008-nji ýylda Bişkekde açylan sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin wajyp ähmiýete eýedigine üns çekildi.

Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: köpasyrlyk gatnaşyklara ygrarlylyk

6-njy fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýardyr. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy halkara derejede uly ähmiýete eýedir Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi.

Russiýa Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly Gyrgyzystana uzaýan ulag geçelgesini ösdürer

Russiýa Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesi bilen baglannyşýan iki sany geljegi uly ulag geçelgesini ösdürmek işlerine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisinde «GDA-nyň ykdysady ösüşi boýunça işewürlik merkezi» birleşiginiň baş direktory Wadim Ganin belledi. Göz öňünde tutulýan iki ulag geçelgesiniň biri Russiýa ― Hazar deňzi ― Türkmenistan ― Özbegistan ― Gyrgyzystan multimodal geçelgesini döretmegi ugur edinýär. Bu ulag geçelgesi başgaça «Günorta ulag geçelgesi» diýlip hem atlandyrylýar.

Demir ýol ulaglarynyň we demir ýol senagatynyň 11-nji halkara sergisi geçirildi

Demir ýol ulaglary we demir ýol senagaty boýunça halkara sergisiniň guralmagy Tähranda her ýyllyk adata öwrüldi. Iri halkara sergisi 2013-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Sergide demir ýol pudagynda ulanylýan iň täze tehnologiýalar, iň soňky demir ýol tehnikalary we enjamlar hödürlener. Eýranyň hökümeti köp sanly taslamalary durmuşa geçirmek we meýilleşdirmek arkaly demir ýol pudagynyň ösüşine goldaw berýär. Bu taslamalaryň demir ýol toruny takmynan 10 000 kilometre çenli giňeltmek we bar bolan demir ýol ulgamyny hem-de degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak üçin 25 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan serişdäniň harçlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistan — BMG: gender syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu günler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky we olaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň (CEDAW) nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli Konwensiýasyny ýerine ýetirmek bilen bagly altynjy döwürleýin hasabatyna garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda 2018-nji ýylda geçirilen 5-nji döwürleýin synyň çäklerinde bellenilen birnäçe meseleleri çözmekde öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik beren, 2018 — 2023-nji ýyllar aralygynda syýasy, ykdysady, hukuk, medeni-durmuş ugurlarynda amala aşyrylan özgertmeler barada maglumat berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty esasynda zenanlara mümkin bolan ähli ýeňillikler berilýär. Olaryň mynasyp ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Zenanlar döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işleýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar, eziz Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýur