"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-023 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Demirýol köprüleri hem-de demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallar

Raýatlaryň we edara-kärhanalaryň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, sizi 2023-nji ýyl üçin şu aşakdaky ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň zerurdygyny ýatladýar. 1. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplarynyň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy;

Bildiriş

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çägindäki ýerleriň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Akdepe etrabynyň düzümine, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çägindäki ýerleriň hem-de dolandyryş çäk birlikleriniň Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirilýändigi, Daşoguz welaýatynyň  Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Babadaýhan, Şatlyk obalarynyň Daşoguz şäherine birikdirilýändigi sebäpli, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndaky 22 belgili haty esasynda, Andalyp şäherinde we geňeşlikleriň ilatly ýerlerinde hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-43 ugur kodunyň ýatyrylyp, 003-44 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi; Gubadag şäherinde we geňeşlikleriň ilatly ýerlerinde hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-45 ugur kody ýatyrylyp, 003-46 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi; Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň öňki Babadaýhan, Şatlyk obalarynda hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-48 ugur kodunyň ýatyrylyp, 003-22 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon b

Üns beriň, bäsleşik!

Bäsleşigiň düzgünnamasy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Uly ruhubelentlik hem-de päk arzuw-niýetler bilen gadam basan täze ýylymyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylyp, şanly ýyl nurana geljegimiz baradaky çäksiz aladalardan gözbaş alýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär Hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça:

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi awtoulag dolandyrmagy öwrenmäge taýýarlyk okuwlaryna çagyrýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi we onuň welaýatlardaky şahamçalary isleg bildirýänleri awtoulag dolandyrmagy öwrenmäge taýýarlyk okuwlaryna çagyrýar. Okuwlaryň möhleti, bahasy we degişli derejeleri şulardan ybarat:

Döredijilik bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp zamanasyny wasp etmek, taryhy ösüşleri aýdyň beýan etmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek, Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi «Maru — şahu jahan» welaýat gazeti bilen bilelikde ajaýyp zamanamyzyň eşretli durmuşynda ýaşaýan, döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň arasynda «Ylham berýär Galkynyşly döwrümiz, alkyş bolsun, Arkadagly Serdara!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň maksady

Bildirişler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çykaran 517-VI belgili karary esasynda Türkmenistanyň goranmak ministriniň 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndaky 238 belgili buýrugyna laýyklykda, Gurbansoltan eje adyndaky etrap harby wekilliginiň ýapylýandygy habar berilýär. * * *

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Owerdraft» kartyndan peýdalanmaga çagyrýar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine bank tarapyndan hödürlenilýän gysga möhletli karzlar üçin «Owerdraft karty» atly bank kartynyň ulanyşa girizilendigini habar berýär. «Owerdraft karty» nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda baglaşylan şertnama laýyklykda onuň «Owerdraft kart» hasabyna kesgitlenen çäklerde awtomatiki usulda gysga möhletli karzlary resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Duýduryş (signalizasiýa)-merkezleşdirilen blokirleme ulgamyny, şeýle hem telemehanikany ýola goýmak üçin enjamlar

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Bildirişler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili kararyna, welaýatyň käbir etraplarynyň we şäherleriniň dolandyryş-çäk derejeleriniň adynyň üýtgemegi, ýatyrylmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 2022-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky 205 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň S.A.Nyýazow adyndaky etrap polisiýa bölüminiň adynyň üýtgedilip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Şabat etrap polisiýa bölümi diýlip atlandyrylýandygy, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Gubadag etrap polisiýa bölüminiň ýatyrylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Boldumsaz etrap polisiýa bölümine, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap polisiýa bölüminiň ýatyrylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Akdepe etrap polisiýa bölümine birikdirilýändigi hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Köneürgenç şäheriniň we etrabynyň polisiýa bölüminiň adynyň üýtgedilip, mundan beýläk Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Daşoguz

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Türkmenistanyň serhet institutyna 2023 — 2024-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlandygyny habar berýäris. Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

Üns beriň, bäsleşik!

Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler! «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» giňden belleniljek Halkara zenanlar gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy «Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Hormatly işewürler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, siz özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

Abuna — 2023

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! 2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna, şol sanda «Watan» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2023-nji ýylyň 7-nji we 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Adalat  ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.