"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Adam hakyndaky aladanyň aýdyň nyşany

Döwlet Baştutanymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär. Bu hakykata tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglyklaryny berkitmekleri, dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şert-mümkinçilikleriň netijesinde has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý edip, sport bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň döredilen şeýle ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň pugtalandyrylmagy — ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ýurdumyzyň bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary mu

Parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň pugtalandyrylmagy — ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ýurdumyzyň bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary mu

Parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň pugtalandyrylmagy — ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ýurdumyzyň bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyk

Sport — sagdynlygyň serpaýy

Häzirki döwürde zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi. Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sporty bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar.

Asylly ýörelgeler döwrebap ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologiýa taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyza häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyna, Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde geçiriljek Dünýä türkmenleriniň yns

Çagalar hakyndaky alada — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Milli demokratiýanyň berk binýady

Halkymyzyň hem-de her bir adamyň bähbidini ileri tutýan demokratik we dünýewi hukuk ýörelgeler Esasy Kanunymyzda berkidilendir. Milli kanunçylygyň binýatlaýyn resminamasy bolan Konstitusiýamyzda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň halk tarapyndan amala aşyrylýandygy, halkyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydygy bellenilýär. Ata-babalarymyzyň jemgyýeti we döwleti dolandyrmak boýunça köpasyrlyk tejribesine kybap gelýän bu ýörelge Garaşsyz Watanymyzyň häzirki syýasy ulgamynda-da öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji iýulda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle hem onuň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlaryndan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna teklip edilýän wekilleri saýlamagyň tertibi tassyklanyldy. Häzirki günlerde bu foruma ýokary derejede taýýarlyk işleri dowam edýär. Syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

Agzybirligiň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz belent maksatlar bilen röwşen geljege barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşmak, milli demokratik däplere eýermek we jemgyýetçilik pikirini nazara almak halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan milli tejribä esaslanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz işine halkyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär, olar bolsa halkyň bähbitlerinden ugur alýarlar. Öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, il-ýurt bähbitli çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakda hem-de kabul etmekde bu wekilçilikli edara uly orun degişlidir.

Asylly ýörelgelerimiziň dabaralanmagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ygrarly bolup, halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş döwlet hökmünde uly abraýa eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işlerini, giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz milli demokratiýamyzyň däplerine esaslanmak, ata-babalarymyzyň taryhy tejribesiniň gymmatlyklaryny täze döwrüň şertlerine laýyklykda ösdürmek arkaly halk häkimiýetliliginiň kämil nusgasyny kemala getirdi. Asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri geçen döwürde gazanylan ösüşlere baha berip, geljekki derwaýys wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolan umumymilli forumlardyr. Täze taryhy döwrüň asylly däbine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde eziz Watanymyzda döwlet dolandyryşynyň iň derwaýys meselelerine garalyp, döwleti, jemgyýetçilik durmuşyny has-da ösdürmäge gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Şol çözgütleriň kabul edilmegine jemgyýetçiligiň giň wekilleriniň gatnaşmagy halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerine kybap gelýär.

Bagtyýar halkymyzyň abadançylygy ugrunda

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 13-nji awgustda Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda ýerleşýän, tebigatyň täsin «merjeni» hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy. Şol günüň ertesi döwlet Baştutanymyz Günüň dogýan çagynda Hazar deňziniň ajaýyp howasyndan lezzet alyp, onuň kenarynda welosipedli gezelenç etdi.

Halk bähbitli maslahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli ösüşler guwandyryjy häsiýete eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkymyzyň medeni we ykdysady durmuşyny özgertmegiň aýdyň, anyk ýollary kesgitlenildi. Ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda taryhda görlüp-eşidilmedik derejede tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny ösen, kuwwatly ykdysadyýetden, kämil medeniýetden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Şoňa baglylykda, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolan barha kuwwatlanýan ykdysadyýetimizi dostlukly gatnaşyklary giňeldip, has-da berkitmek üçin giň ýollar açyldy. Türkmen halkynda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelge bar. Şonuň üçin hemişe pähimdar pederlerimiziň durmuş tejribelerinden, ýol-ýörelgelerinden peýdalanmagy ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet, halk bähbitli işiň başyny tutanda ilki halka geňeşýär. Agzybirligi, jebisligimizi, durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlarboýy dowam edip gelýän merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyçlaryny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Şu günler eziz Diýarymyzda bagtyýar ulus-ilimiz beýik Garaşsyzlyg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

Magtymgulynyň eserleri dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr.Söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandalarymyzonuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdirler. ***

Nazarym kimýadyr...

Älemde heniz beýle abzal ýok, ýöne ynsan aňynda üýtgeşik bir ukyp bar. Ol ajaýyp pursatlary surata alýar-da, olary emaý bilen köňül töründe ýerleşdirýär. Kuýaş bolup dünýäňi ýagtyldýan şol pursatlar ynsan ömrüne many çaýyp, yhlasyna itergi, ylhamyna ganat berýär. Köňül çuňluklaryndaky etsem-goýsamlary gämikledýär, boýy ýeten arzuwlar hasyl berip başlaýar. Yhlasyňa görä maksat daragtynyň miwesinden dadyrýar. Aý-günleriň aýlanyp, ýyllaryň çalşyp durmagy hem, gyşyň aňzagy ýa-da tomsuň epgegi hem, ýazyň çabgasy ýa güýzüň ýagny hem ol pursatlary hakydadan pozup aýryp bilenok. Ol ussat zergärleriň elinden çykan sünnälenen nagyş kibi ömrümize hem-de döwrümize çaýylan ykbal bezegidir. Durmuşyň duýdansyz sowgatlary, ömrüň ýakymly pursatlary belent maksatlarymyzyň ylham badalgasydyr. Köňlüň ugur alýan Kyblasydyr, kompasydyr. Menzilleri ynam bilen külterledýän joşgun bedewidir.

Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşany

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşany

19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşany

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.