"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!

Goňşuçylyk gatnaşyklary rowaçlanýar

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlary synlamak maksady bilen, giň möçberli serginiň guralýan ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.

Türkmenistan — ÝHHG: netijeli hyzmatdaşlyklar ösdürilýär

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy tassyklanyldy. Energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Anyk wezipeler kesgitlendi

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynyň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýok

Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň ýurdumyz bilen dürli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda bolan duşuşygynyň bu ulgamda netijeli dialogy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şol duşuşykda ekologiýa ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Energetika pudagy — ykdysadyýetimiziň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dowam etdirilýän döwletli işleriň netijesinde, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýeti beýik ösüşlere eýe bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hem energetika pudagydyr. Häzirki döwürde bu ulgamda giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Elektrik energiýasyny öndürmek dünýäniň iň girdejili önümçilikleriniň biri hasaplanýar. Ata Watanymyz Türkmenistan bolsa energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedir. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika pudagynda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, has-da döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn çäreler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän her bir işde halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalar bardyr.

Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugry özüniň diňe bir milli bähbitlerine däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleri nazarlaýan maksatlaryna, halkara giňişliginde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, döwletara gatnaşyklaryň esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň tassyk edilmegine netijeli, ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çemeleşmäge bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini görkezýär. Taryhy tejribäniň düýpli medeni we aň-düşünje gorlarynyň we häzirki zaman garaýyşlarynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasynda jemlenmegi Türkmenistanyň içerki ösüşinde-de, dünýä giňişliginde-de üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Bu hakykatyň durmuş ýüzünde amala aşýandygyny ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilikli gatnaşyklarynda, öňe sürýän oňyn garaýyşlarynda görmek bolýar. Hususan-da, ýurdumyzyň öňe sürýän parahatsöýüjilik, dost-doganlyk ýörelgesiniň bu gün bütin dünýäde giňden goldaw tapýandygyna Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşynyň dowamynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky ÇYKYŞY

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary!Hanymlar we jenaplar!

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Halk bähbidini nazarlaýan bu mejlisiň barşynda Gahryman Arkadagymyz taryhy söz sözläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi nygtalmaga mynasypdyr. Sol sebäpli-de, demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýändigi, ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň esaslarynyň yzygiderli berkidilýändigi aýdyň görünýär.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň hatyrasyna

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky ÇYKYŞY

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň 

Beýik başlangyçlara badalga

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, serkerdelerdir harby gullukçylar, esgerler, harby talyplar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ine, şu nukdaýnazardan Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen bu maslahat hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň taryhy ähmiýetini aýdyň ýüze çykardy.

Rowaçlyga beslenýän giň gerimli işler

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Berkarar ýurdumyz bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we asudalygy berkitmek, özara we netijeli hyzmatdaşlygy giňden ösdürmek hem-de pugtalandyrmak babatda tutumly işleri durmuşa geçirýär. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty hem-de abadançylygyň, asudalygyň hatyrasyna we dünýä döwletleriniň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleri bilen giňden tanalýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda dürli ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklar bolsa halklaryň bähbidinden ugur alýar. Özara netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary halklaryň dostlaşmagyna hem-de ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, durnukly ösüşi gazanmaga şert döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary iki dostlukly döwletiň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açdy. Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygy yzygiderli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu ugurda y

Gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolýar

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara düzüm bilen gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky ÇYKYŞY

(Antalýa şäheri, 2024-nji ýylyň 1-nji marty) Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary we agzalary! Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň ýurdumyz bilen dürli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.