"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Beýik işleriň rowaçlygy — ösüşleriň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Bu günki günde durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda halka hyzmat etmegiň möhüm guraly bolan kanunçylygyň ösdürilmegi, barha kämilleşdirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda dabaraly bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren asylly ýörelgelerini öz içine alýan hem-de halkara derejä eýe bolan bu ajaýyp baýramyň bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýandygy, halklaryň parahatçylyk we döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrülendigi nygtalýar. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Bedenterbiýe we sport baradaky döw

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident! Hytaý Halk Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine ygrarlydygyny beýan etdi. “Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Möwsümleýin işler göwnejaý alnyp barylýar

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen diplomatiýasy — parahatçylygyň ilçisi

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky çözgütleri we daşary syýasy ýörelgeleri, ilkinji nobatda, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, hususan-da, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary we şertnamalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly hem-de üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar aýdyň mysaldyr. Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär. Bu işleri dowam etdirmekde we ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri örän jogapkärli hem-de asylly wezipäni ýerine ýetirýärler. Türkmen diplomatlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygide

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý meýdanlarynda topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gadymy baýram tebigatyň täzelenişini, bereket-bolçulygy alamatlandyryp, Watanymyzyň döredijilik ýoly bilen belent maksatlara tarap okgunly öňe gitmeginiň aýdyň beýany bolup durýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç! Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Hormatly adamlar! Gadyrly watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

«Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 358-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. (TDH)

Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Berkarar döwletimizde dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyga, birek-birege hormat goýmak Türkmenistan döwletimizde esasy ýörelgedir. Bilşimiz ýaly, Arkadagly eýýamymyzda Watanymyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabatdan dünýäniň çar künjegine ýollar çekildi. Bu ýollar häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilen görnüşi bolup, ol çar tarapa türkmen ilinden iberilen dost-doganlyk salamyny alyp gidýär. Türkmenistandan başlanýan ýollar dünýäniň halklaryny birleşdirýär. Beýik Ýüpek ýoly ýurdumyzyň şäherleriniň we taryhy ýerleriniň tutuş geografiýasyny özünde jemleýär. Munuň şeýledigine dürli eýýamlardaky köp sanly ýadygärlikler, häzirki güne çenli saklanyp galan, özleriniň binagärlik aýratynlyklary bilen haýran galdyryjy binalar hem-de olar hakyndaky halk hakydasy şaýatlyk edýär.

Ýaşyl baglar — baky bahar, baky bagt

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde, has takygy, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde, Arçabil şaýolunyň ugrunda, şeýle hem Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärliginiň töwereginde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz 7 sany bag nahalyny oturtdylar. Mälim bolşy ýaly, ýedilik san türkmenlerde şowlulygyň we rowaçlygyň nyşany hasaplanylýar. Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi. Bu asylly iş Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hezreti Muhammet örän rehimdar bolupdyr, diňe ynsanlara däl, haýwanlara-da, ähli zada rehimli bolmagy ündäpdir. Bu babatda öz hereketleri bilen görelde bolupdyr. Ýeke galan, üşeýän, açlyk çekýän, kesele ýolugan haýwanlar barada alada edipdir. Agaç ekene, teşne

Tutanýerli zähmet: maksadymyz we wezipämiz

Halkymyz täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly buýsançly şygara beslenen ýylyny belent maksatlara, täze üstünliklere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumly başlangyjy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine uly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda zähmete we zähmet çekýän adamlara aýratyn sylag-sarpa goýulýar. Zähmeti goramaga we goldamaga, zähmetiň konstitusion ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepilliklerini kesgitlemek zähmet kanunçylygynyň wajyp maksady bolup durýar. Bu meseleleriň ähmiýetiniň örän wajypdygy sebäpli, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 1-nji maddasynda  ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary we esasy wezipeleri göz öňünde tutulandyr.

Nowruz geldi ilime

Bahar paslynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Ata Watanymyzda Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hasaplanylýar. Täzelenişiň, ýakymly duýgulardan şineleýän täze pikirdir garaýyşlaryň baýramy bolan Nowruzy her halk özüçe, «Nauroz», «Nooruz» ýa «Newruz» diýip atlandyrýar. Ýöne ol nähili atlandyrylsa-da, mazmun taýdan, maksat babatda bir umumylyga eýedir. Dostluk köprüsiniň binýadyny berkitmek maksadyna eýerýän bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de belent ruhuny we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini özünde jemleýär. Biz hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny paýlaşýarys. Enejan NAZAROWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri:

Harby gullukçylaryň hukuk goraglylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, her bir raýat üçin iň amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar adamlaryň durmuş, zähmet we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Şunda ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyna hem aýratyn uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.