"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boljakdygyna berk ynanýaryn.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu nurana günlerde biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädimleriň ädiljekdigine ynanýaryn.

Abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. Türkmenistany ylmyň gazananlaryna, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ykdysady taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Welaýatlarda gowaça ekişine girişmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýokary hilli tohumlary möwsüme doly taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi, gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Belent sepgitlere badalga

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Türkmenistan daşary ýurt bazarlarynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär. Daşary syýasatymyz bolsa ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli dialogy alyp barmaga ýardam edýär. Geçen hepdäniň wakalary hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyrylýar

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gadymy Änewiň müdimi keşbi

Dana pederlerimiziň nesillere miras goýan sargytlarynda «Watana bolan söýgi maşgalaňa, ýakyn hossarlaryňa, öýüňe, il-günüňe, daş-töweregiňi gurşap alýan tebigata bolan söýgüden başlanýar» diýen ganatly jümleler bar. Söýgi düşünjesiniň bar ýerinde bolsa mukaddeslik bar. Halkymyzyň mukaddeslik babatdaky ýörelgeleri bolsa, halallyk, asylzadalyk, wepalylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly. Çünki bu düşünjeler ynsan kowmunyň kalbynda ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly duýgularyň tohumyny şineledýär. Haçanda şeýle asylly ýörelgeler dowam etdirilende durmuş bagtyýarlyga beslenip, ykballar gülleýär.

Häzirki döwrüň ruhunda ynsanperwer ýörelgeler

Ynsanperwerlik ýörelgelerine uýup, nesillere haýyr-sahawatly adamlar bolup ýetişmegi ündän pederlerimiz adamkärçiligiň belent nusgasyny bize miras galdyrypdyrlar. Bu asylly ýol-ýörelgeler biziň günlerimizde-de döwrebap dowam etdirilýär. 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirmegi hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi. Şol gün Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Ýurdumyz belent üstünliklere beslenýär

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Möhüm ugurlar kesgitlenildi

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän beýik işler

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Ynsanperwerligiň asylly ýörelgesi

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Umumadamzat ähmiýetli resminama

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar, usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bilen taryhy ähmiýete eýedir. Oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy hem guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty yzygiderli ösdürilýär. Halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem onuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ony Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary kabul etmegi hem tassyklaýar.

Asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bilen netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biri. Türkmen halkyny TDG-ä agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-12-nji martynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu geňeşiň 15-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu çäre Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek babatda nobatdaky aýgytly ädim boldy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Güneşli Diýarymyzyň rowaç gadamlary

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.