"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Resmi habar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylýar

30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Eziz Diýar şanly wakalara beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty has-da belent derejelere eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Munuň özi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýar. Çünki medeniýet diplomatiýasy hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm guralydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi her bir türkmeniň buýsanjyny goşalandyrdy. Geçirilen dabaralaryň çäklerinde taryhy kökleri, medeniýeti meňzeş we umumy çeşmelerden gözbaş alýan türki dünýäsiniň doganlyk halklarynyň wekilleri ak şäherimiz Aşgabadyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini synladylar. «Gadymy Änew medeniýeti» ady bilen ylymda giňden tanalýan Änew topragy doganlyk ýurtlardan gelen myhmanlary, türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, gujak açyp garşy aldy.

Änew — taryhy medeniýetiň ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bir hatarda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi taryhy wakadyr. Ine, bu günki gün bolsa, biz ýene-de bir taryhy pursada şaýat bolduk. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby elimize gelip gowuşdy.

Köňülleri buýsandyrýan dabaralar

2-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu dabara ýurdumyzyň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde sahnalaşdyrylan aýdym-sazly edebi çykyşlar bolsa bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

1-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasy halkymyzyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini beýan edýän sergi bilen badalga aldy. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri — taryhymyzyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyga eýe bolan ylmy kitaplary, milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri baradaky dürli neşirler hem bar.

Gymmatly eser

Şu gün, 2-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň baharynda halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň  halkymyzy ýene bir ajaýyp eseri bilen serpaýlamagy il-ulsumyzyň begenjini, buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby  gadymy Änew şäheriniň  binagärlik medeniýetiniň, çeperçilik däpleriniň,  beýik şahsyýetleriň ýaşan, döreden, guran gadymy Änew topragyndaky edebi, taryhy gymmatlyklarynyň giň beýanynyň jemidir. Kitabyň sahypalary  taryh, durmuş, geçmiş we geljek baradaky suratlar bilen bezelen. Tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda täze kitabyň üç dilde neşir edilmeginiň daşary ýurtly raýatlaryň hem  Änew şäheriniň  taryhy we medeni gymmatlyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründäki ösüşli ýollary bilen tanyşmaklaryna giň mümkinçilik döretjekdigi barada-da aýdyldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Möwsümleýin işler sazlaşykly guralýar

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmekde hemişe işjeň orny eýeleýändigini bellediler. Nygtalşy ýaly, Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmeginde möhüm orny eýeledi we bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde ähli hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.

Täze metjit geçmiş mirasymyza sarpa goýulýandygynyň beýanydyr

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina hem-de ugurdaş desgalar girýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!Eziz watandaşlar!Hormatly myhmanlar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirýäris diýip belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Täze metjidiň açylyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şanly waka mynasybetli çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.