Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edip, gazanan ýeňişleri, şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden, mähirli gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň, ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli işleriňiziň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.