Döwürleriň we göwünleriň buýsanjy
Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji aprelde ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ähmiýete eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagyndaky esasy baýramçylyk çäreleri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy.