"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisiniň we Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny hemişelik Bitaraplygyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Üstünlikli durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirmek bilen, ýurduňyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk taglymlaryna ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halky Bitaraplyk ýyllarynda döwlet gurluşynda we durmuş-ykdysady ulgamda gazanan üstünliklerine daýanyp, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygy bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, doganlyk halklaryň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, ýakynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekar säheriniň irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagyňyz biziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döretdi. Munuň üçin Size tüýs ýürekden çykýan hoşallygymyzy beýan edýäris we bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň röwşen geljegi ugrunda amala aşyrýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynas

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän enç

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Şol gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Baýramçylyk konserti geçirildi

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. ...Hormatly Prezidentimiz konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowy kabul etdi. Ol hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, iki ýurduň halklarynyň umumy ruhy, medeni-taryhy gymmatlyklary arkaly baglanyşýan Özbegistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini aýtdy. Diplomat pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, diplomat döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.