"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Kämil kanunçylyk — sagdyn jemgyýet

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanjak üstümizdäki ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige görülýän taýýarlyk işleri ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we dünýä tejribesini göz öňünde tutmak bilen kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmeklige aýratyn uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kämil demokratik we halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda giň gerimli konstitusion özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň kabul edilmegi hem doly subut edýär.

Elektron senagaty önümçiliginiň ösüşine giň gerim berilýär

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere gelende, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesine bellenildi. * * *

Ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň abadançylygy giň gerimli harby özgertmeleriň baş maksadydyr

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Täze tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, harby we hukuk goraýjy işgärleriň, harby gullukçylaryň netijeli işlemegi hem-de gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär. Golaýda milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi.

18-nji fewral — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, YNANYŞMAGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen «Türkmenistanyň Daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama laýyklykda, Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär we halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan dartgynly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.

«Açyk gapylar» syýasaty dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar. Milli Liderimiziň ynsanperwer syýasatyndan gözbaş alýan daşary syýasatymyzyň netijeli durmuşa geçirilmeginde türkmen diplomatlarynyň eýeleýän orny örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen diplomatiýasynyň özboluşly taryhy sahypasyny döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 18-nji fewralynda «Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky» taryhy Permana gol çekmegi doly äşgär edýär. Bu çözgütden soňra her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenilip geçilýär. Bu bolsa halkara giňişliginde ata Watanymyzyň adyndan wekilçilik edýän diplomatlarymyza goýulýan uly sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Möhüm ugurlarda döwrebap işler

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, ähli ulgamlar bilen bir hatarda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde dünýäniň ösen tejribeleriniň hem-de täzeçil tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde häzirki zaman çözgütleriň, döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri kesgitlemegi hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi. Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezinde hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň hasabatyndan soňra ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew bu merkeziň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada gürrüň berýän şekillerdir çyzgylar görkezilip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň amala aşyrýan işlerinde u

Türkmenistanyň Prezidenti ynanç hatyny kabul etdi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol netijeli türkmen-pakistan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Dünýäde ykrar edilen milli Lider

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýar. Bu ösüşde uly rowaçlyga beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň soňky on dört ýyldan gowrak döwrüň dowamynda amala aşyran tutumly işleri biziň halkymyzy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne eýe etdi. Şol tutumly işleriň barşynda amala aşyrylan özgertmeler ähli ugurlarda uly üstünliklere getirdi. Soňky iki hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň dürli ulgamlarynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda dowam eden 2020-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren iş maslahatlarynda, hususan-da geçen hepdäniň anna güni, 12-nji fewralda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde getirilen anyk maglumatlar biziň bu aýdýanymyzy ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen subut eden wakalar boldy. Çünki bu amal edilen işleriň esasynda hormatly Prezidentimiziň iňňän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty ýatyr. Mundan on dört ýyl öň, biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Prezidenti wezipesine saýlananda: «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar» diýen parasatly ýörelgäni b

Zenan kalbynyň owazy

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini asylly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanatdylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda baş baýrama bagyşlanyp çäreler, dabaralar geçirilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça saýlama tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde işewür zenanlar Watanymyzy wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor Nabat Nurgeldiýewa 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem polkownik Başmyrat Berdinazarowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestriniň borçnama boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Merjen Makgyýewa baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Pakistanyň Prezidenti Arif Alwiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow hasabat berdi.

Bähbitli gatnaşyklaryň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň binýadynyň örän berkden tutulandygyndan habar berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanjak Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri hem taryhy wakalara beslenýär. Muny ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň işe girizilmegine ak pata bermeginde hem görmek bolýar.

Habarlar

4-nji ýan­war. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän tä­ze, 2021-nji ýyl­da il­kin­ji san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny gecir­di. Oňa Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri gat­naş­dy­lar. Iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne paý­tag­ty­my­zy hem-de we­la­ýat­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, oba­se­na­gat top­lu­myn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly hem-de eziz Di­ýa­ry­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şu ýyl bel­le­nil­jek şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ula­nyl­ma­ga be­ril­jek des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de şu ýy­lyň şy­ga­ry­nyň hor­ma­ty­na gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da­ky me­se­le­ler gi­ri­zil­di. 6-njy ýan­war. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Tä­ze ýy­lyň il­kin­ji Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň 2020-nji ýyl­da ama­la aşy­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri jem­le­ni­lip, ola­ryň öňün­de ýa­kyn gel­jek­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil

Bitewülik diplomatiýasy — türkmeniň milli ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan we halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly milli medeniýetini hem-de bu ugurdaky köpasyrlyk taryhy tejribesini, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen asylly maksatlary, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Zeminiň halklarynyň bähbitlerinden ugur alýan parahatçylyk söýüjiligiň nusgalyk ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp eser häzirki zaman dünýäsinde halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürýär. Şonuň bilen birlikde umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmak babatynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň milli tejribesini giň halkara jemgyýetçiligine aýan edýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň kitabyň ilkinji babynda: «Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy parahat söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olaryň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatyşmazlyk, dinlere hormat goýmak, açyklyk, halkymyzda bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny özünde jemleýän düzgünlerden ugur alýar» diýmeginiň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar. Dünýäde syýasy Lider hökmünde ykrar edilen belent mertebeli Gahryma

Döwrebap tehnologiýalara möhüm ähmiýet berilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy

Aşgabat, 15-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde “Altyn kölüň” kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine: