Gar
Sahydyň kärende ýerine bolan yhlasyny diýsene. Haçan görseň, ekin meýdanyna tarap haýdap barýandyr. Öýlerinden iki menzillikde ýerleşýän güýzlük ak bugdaý ekilen ýaşyl öwsüp, begres don geýnen bugdaýly meýdan Sahydy görende, has-da reňk açýar. Sahyt her günki howa maglumatyny hökman diňläýmeli. Ertir gar ýagjagyny eşideninde, Sahydyň hem-ä keýpi çaglandy, hemem birhili aladasy artdy. Bu garyň şu ýylyň ilkinji garydygy kalbynda şatlyk uçgunlaryny döretdi. Ýaşyl öwsüp oturan giň meýdanyň ak garyň aşagynda galjakdygy welin, böwrüne iňkis saldy. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Ýöne irki döwürlerden bäri ata-babalarymyz her Täze ýylyň ilkinji günlerini, mübärek Nowruzy ýaşyl maýsalar bilen, ýaşyl maýsadan taýýarlanýan semeni tagamy bilen garşy almagy söýüpdirler. Bu barada atasy kän sapar gürrüň beripdi. Ol gürrüňlerden çagalykda göwni ganan Sahydyň ýaşyl maýsaly meýdany eziz görýändigi şundandyr. Şonuň üçinem ol ertir ýaşyl maýsalaryň üstüni gar örtmänkä, kärende ýerine barar-da, olara guwanar. Ýaşyl maýsaly meýdan bilenem gürleşer. Ol: