"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Türkmen dünýäsiniň ruhy hazynasy

Gahryman Arkadagymyzyň: «Beýik pederlerimiziň taýsyz merdanalygy, ata Watany jany-teni bilen söýmek we goramak baradaky ölmez-ýitmez wesýetleri, pent-nesihatlary ýaş nesiller üçin edermenligiň, watansöýüjiligiň ajaýyp mekdebine öwrüldi» diýip, belläp geçişi ýaly, merdana halkymyzyň gadymy hem müdimi taryhy bar. Ony bilmek, öwrenmek biziň baý hem şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Taryhyň syrly sahypalarynda türkmen halky barada dürli garaýyşlar, aýdylan sözler kändir. Olar ady äleme ýaýran türkmenleriň gaýduwsyzlygy, batyrlygy, mertligi hakyndaky garaýyşlardyr. Elbetde, türkmeniň geçmişi, şu güni barada gürrüň açylanda bu iki wagty baglanyşdyrýan medeni ojak göz öňüňe gelýär. Bu bolsa biziň ruhy hazynamyz — kitaphana bolup durýar. Medeniýetiň, sungatyň, aň-bilimiň gülläp ösýän döwri bolan häzirki günlerimizde gurulýan döwrebap muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri ýaly medeni maksatly binalaryň sanasaň sogaby kän. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabatda uly, döwrebap kitaphanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi hemmämiziň köňül guşumyzy ganatlandyrdy. Olarda baý medeni mirasymyzy öwrenmek hem wagyz etmek, ýaşlary ruhy we ahlak taýdan terbiýelemek üçin uly mümkinçilikler bar. Döwrebap kitaphanalarda bitewi elektron ulgamynyň döredilendigi, olaryň aň-bilim edaralarynyň maglumat hem usulyýet merkezine öwrülendigi diýseň bu

Dutar bilen bagly ajaýyp ýatlama

Bu ajaýyp waka geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bolup geçipdi. Şol ýyl halkara folklor festiwaly geçirilipdi. Ol festiwala bütin ýurdumyzyň adyndan gatnaşmak bolsa, Tagtabazar etrabynyň “Pendi nagmalary” atly ajaýyp folklor toparynyň paýyna düşüpdi. Ol folklor toparyny şol festiwala gatnaşmak üçin taýýarlamak meniň paýyma düşüpdi. Şol sebäpli, meni Pendi iline ugradypdylar. Ol folkýor toparynyň içinde meşhur bagşy Ödenyýaz Nobatow saz toparyna ýolbaşçylyk edýärdi. Men öz elimden gelen ukybymdan peýdalanyp, ol folklor toparyna birnäçe üýtgeşmeler goşdum. Ana, şonda ussat halypa Ödenyýaz Nobatow maňa: “Seniň-ä, Baýram jan, gaty üýtgeşik fantaziýaň hem režissýorlyk ukybyň hem bar eken” diýip, ýylgyryp aýdypdy.

Piriň keramaty

Halk arasynda aýdym-sazyň piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň maslahat sorap ýanyna baran adamlara degerli maslahat berýän, il arasynda uly hormatdan peýdalanýan şahsyýet hökmünde tanalypdyr. Ol köp ugurdan ylymly, sungata tebigy zehinli adam bolupdyr. Aşyk Aýdyň piriň özi hakynda maglumatlaryň az bolandygy sebäpli, onuň keşbini dessanlaryň üsti bilen görüp bolýar. Bu beýik şahsyýetiň keşbi meşhur «Görogly», «Nejep oglan» dessanlarynda, Gorkut atanyň hekaýatlarynda aýdyň görkezilýär. Aşyk Aýdyň pir ökde sazanda, kyssaçy, halk döredijiliginiň wagyzçysy hökmünde tanalypdyr. Onuň bilen köp ýurtlaryň hökümdarlary geňeşipdirler. Bu hakda şeýle bir rowaýat bar:

Nesil terbiýesi — bagtyýar ösüşiň binýady

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli ugruna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna badalga berildi. Şu ýyl kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýyly öz içine alýan ösüş-özgertmeler meýilleşdirilip, olarda ýaşlar meselesine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurda ýaş neslimize mynasyp terbiýe bermek, ýaşlarda milletimize mahsus bolan gymmatly häsiýetleri kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Geljege gönükdirilen bu Milli maksatnamanyň milletiň ruhy we medeni gymmatlyklaryna bagyşlanan bölüminde: «Ýaş nesillerimizde geçmiş taryhymyza, köküni gadymyýetden alyp gaýdýan baý medeni we ruhy mirasymyza buýsanç duýgularyny döretmek, ata-babalarymyza mahsus asylly we arassa ýol-ýörelgeleri, häsiýetleri, ruhy-psihologik özboluşlylygy kemala getirmek meseleleri esasy wezipeleriň hatarynda durýar» diýlip bellenilýär. Ýaş nesle mynasyp terbiýe, kämil ylym-bilim bermek meselesi Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitapda ynsanyň kämilleşmeginde halkyň taryhy geçmişiniň dowamynda kemala getiren ylmy we ruhy gymmatlyklar, olaryň jemgyýetiň ösüşindäki orny bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin seljerme berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu edebi-filosofik eserinde ömr

Göwün gözelliginiň baýramy

Türkmen halky her dogan Aýy ýüzüne sylyp, «Rysgal-bereketli, saglykly, toýly aý bolsun!» diýip, dileg edýär. Gurban aýyny bolsa, uly şatlyk bilen garşy alýar. Halkymyz agzybirligiň gymmatyna, mukaddes däpleriň hormatyna çuňdan düşünýändigi üçin öňden dowam edip gelýän milli baýramçylyklarymyza aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda Gurban baýramy hem uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu baýramda gazan ataryp, goňşy-golamlaryny, dogan-garyndaşlaryny bir supranyň başyna jemläp, toý tutýar. Her bir döwletli maşgalada desterhan bezelip, gelen myhmanlara dürli naz-u-nygmatlar hödürlenilýär. «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýen ýagşy dilegler dilden dile geçýär. Arkadagly hajy Serdarymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ildeşlerimiziň 275-si haj parzyny berjaý etmek üçin Mekge-Medinä gitdiler. Olar bu günlerde ol ýerdäki zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşulyp, haj parzyny berjaý edýärler. Şeýle sogaply işleri amal etmek üçin amatly şertleri, giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize baş saglygyny diläp, aýat-töwir okaýarlar.

Mata gyýkyndylaryndan döreýän sungat

Soňky döwürde agaç böleklerinden, gutulardan, demir böleklerinden we beýleki zatlardan sungat eserlerini döretmek köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Birnäçe ýyl mundan ozal «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň mirashanasyna baranymda mirasgär gelin Maral Garrybaýewa mata bölejiklerinden guralyp tikilen çaga başgabyny görkezip: — Mata gyýkyndylaryny ýygnap, olardan sungat derejesindäki geýim döredişlerini göreniňde haýran galýarsyň — diýipdi.

Altyn aşygym, alçy gop!

«7/24. tm», № 27 (110), 04.07. 2022 Ata-babalarymyz ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä, milli ýörelgeler, däp-dessurlar, edim-gylymlar bilen birlikde sagdyn nesli terbiýelemekde dürli oýunlary hem döredip, nesillere miras goýupdyrlar. Olar çagalaryny durmuşa uýgunlaşdyrmak üçin dürli görnüşli maşklary öwredip, türkmen milli oýunlarynyň ähmiýetini düşündiripdirler. Bu oýunlar çagalarda ugurtapyjylygy hem çalasynlygy ösdüripdir. 

Tamdyr — bereketden alamat

Şu günler dok däneli bugdaýly atyzlara, barha beýgelýän galla harmanlaryna gözüň düşende, göwnüň galkynýar. Türkmeniň dünýä belli ak bugdaýy, ondan önýän mele-myssyk çörek we çörek önümleri... — olarsyz gündelik durmuşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen howlusyna ýaraşyk berýän tamdyr bolsa keramatyň, mukaddesligiň, agzybirligiň, bolelinligiň nyşany. Zähmetsöýer, işjanly, merdana, sabyr-kanagatly halkymyzyň geçmişine, şu gününe göz aýlanyňda, onuň baý medeni mirasynyň bolandygyna we bardygyna göz ýetirmek kyn däl. Ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň haýsy birini alsaň-da, olar görüm-görelde mekdebidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu ajaýyplyklar, özleriniň döreden, sungata öwrülen senetleri barada gyzykdyryp gürrüň bermäge döwtalapdylar. Indi, görüp otursak, yhlas bilen döredilen her bir senet durşy bilen sungat eseri eken. Olar bize «Görüň, eşidiň, özüňizden soňkulara-da ýadygär goýuň!» diýip, wesýet eden ekenler.

«Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny»

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň köpgyraňly döredijiliginde ynsan häsiýetiniň bezegi bolan edep-terbiýe, kämillik hakdaky goşgular aýratyn orny eýeleýär. Ahlak — ynsanyň özüni alyp barşynda il içinde oňlanýan gylyk-häsiýeti, edep-ekramy. Şeýle häsiýetli ynsana ahlagy päk, wyždanly adam diýilýär. Ahlakly ynsanyň ruhy dünýäsi baý bolup, ol her bir meselede paýhasly, oýlanyşykly hereket etmäge çalyşýar.

Nepes eýläp, nesillere gol ýapan

Ata-babalarymyzyň durmuş we zähmet ýollarynyň, edim-gylymlarynyň, asyrlar aşyp halkymyzyň gursagyna guýlan milli we medeni däp-dessurlarynyň, ruhyýet-dessury ýörelgeleriniň we ynam-ygtykadynyň milletimiziň mertebesi saýylan gymmatlyklardygy baradaky pikir Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň eseri her gezek eliňe alanyňda, biziň şu günki ýaşaýyş-durmuş medeniýetimizi özünden öňkülerden öwrenip, özünden soňkulara geçiren, düýnden alyp, şu güne ýetiren ildeşlerimiz hakynda oýlanýarsyň hem-de olaryň gujur-gaýratyna, gaýduwsyzlygyna, bütin durky-düýrmegi bilen Watan söýgüsine berlip ýaşandyklaryna, il-ulsuna jinnek ýaly peýda getirip biljegine gözi ýetse, janyny orta goýmaga taýýar bolandyklaryna göz ýetirýärsiň. Biziň şöhratly taryhymyzy özleriniň maňlaý deri bilen ýazan şeýle beýik ynsanlar bu günki bagtyýar zamanamyzda hormat-sarpa bilen mertebelenmäge mynasypdyrlar. Ýatlanylmaga mynasyp şeýle zähmet gahrymanlary ýurdumyzyň gündogar sebiti bolan Lebap topragynda-da az bolmandyr. Geçen asyryň ortalarynda olara «Lebabyň üç Jumagulysy» diýerdiler. Olar şol döwrüň iň ýokary tapawutlandyryş nyşanynyň eýeleri — Sosialistik Zähmetiň Gahrymanlary halaçly Jumaguly Mähremow, hojambazly Jumaguly Mämmedow, çärjewli Jumaguly Hekimow bolmaly. Bu günki gün olaryň ýaşan, daýhan birleşiginiň başlygy b

Bir tahýanyň taryhy

«Meniň üçin ähli eneleriň hem doga zehinlidigi, düşbüligi, pähimlidigi, ukyplydygy baradaky düşünje adaty zat. Tebigatyň eneleri owalynda ýaradyşy hem şeýle. «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplarymy ýazanymda-da, bu hakykata ýüzlenipdim. Türkmen zenanlary il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý eden mähribanlar. Olaryň zehini hem paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady». Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan.

Magtymgulynyň döredijiliginde döwletlilik taglymaty

Alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde belleýşi ýaly, halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şuňa görä, şahyryñ ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumadamzat bähbitli pelsepe-garaýyşlary Esasy Kanunymyza siňdi.  ХVIII asyryň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragy Gündogaryň çeper söz sungatyny baýlaşdyrmakda, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesini we edebiýatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, türkmen halkynyň mertebesini belent derejelere göteren beýik akyldar şahyrdyr. Şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary bu gün hasyl boldy.

Gadymy Merwiň müdimi söhbetleri

Gadymy ýazgylarda «Margiana», «Marguş», «Mouru» görnüşinde ady getirilýän, orta asyrlarda «Horasan şäherleriniň enesi» diýip atlandyrylan Merw dünýäniň iň gadymy medeni ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşip, yslam dünýäsiniň möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu gadymy şäher Istahry, Makdisi, Ýakut Hamawy, ibn Esir ýaly ylym dünýäsiniň ägirtleriniň işlerinde kän ýatlanylýar. Arap taryhçysy al-Ýakup «Kitap al-Buldan» («Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar. Halyf Harun ar-Reşidiň seýrek kitaplary okamak üçin bu şähere birnäçe gezek ýörite barandygy barada taryhy çeşmelerde ýatlanylýar. Bagdatdan soň musulman dünýäsiniň ikinji ylmy we medeni merkezi bolan döwürleri Merwdäki ýaly kitaphanalar Reý, Nişapur, Balh, Hyrat, Gazna, Buhara, Samarkant, Köneürgenç ýaly şäherleriň hiç birinde-de bolmandyr. 1999-njy ýylda Gadymy Merw ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Gyz edebi — gymmatlyk

Edep-ekram düşünjesini ykbalyna tug edinen milletimiz çagalaryň, ýaşlaryň, ýetginjekleriň terbiýesine aýratyn üns berýär. Halk arasynda gyz edebi barada-da juda köp gürrüňler edilýär. Munuň özi türkmeniň gyz maşgala bilen bagly gadymy ýörelgeleriniň hiç wagtda hem ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. Gyz maşgalaly öý — ojagyň synagly, sylagly öýdügini ene-mamalarymyz ýönelige ündemändir. Çünki il arasynda üç gyz perzendi terbiýeläp ýetişdirip, abraý bilen il hataryna goşan enäniň ýalkawlydygy barada aýdylýar. Gyzlaryň haýalylygy, sabyr-takatlylygy, edasy iliň genji-hazynasydyr diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Ozalam bir danadan: «Gyz perzendiň bolsa bagtly bolýarmyň ýa-da ogul zürýadyň?» diýip sorapdyrlar. Dana: «Uýaly ýigit umytlydyr», «Uýa ýigidiň umyt guşudyr», «Uýam bar — ummanym bar» diýipdirler. Perzentleriň ikisi hem ene-ata söýeg-sütündir welin, ýöne herhal «Gyzly öý — gyzylly öý» diýlenidir. Gyz perzendiňizi seriňize jyga, ogul zürýadyňyzy synaňyza gurbat saýyň!» diýip, jogap beripdir. Bu rowaýat owaldan-ahyra gyz maşgala aýratyn hormat goýulýandygyny delillendirýär. Çünki gyzlar geljekde maşgala sütünidirler. Şonuň üçinem gyz edebi göwher hasaplanypdyr. Türkmençilikde gelin edinjek bolsaň, gyzyň arkasy düýpli öwrenilýär. «Enesini gör-de, gyzyny al» diýlen ýörelgä-de berk eýerilýär. Munuň özi gyzlaryň durmuş guranda ile mertebe getirjek maşgalany döretmegine itergi ber

Gül boýnuňda gursakça

Gursakça adyndan belli bolşy ýaly, ýaş zenanlaryň gursagynyň üstünden dakynylýan bezeg şaýydyr. Ol ýasalyşy boýunça uly göwrümli, süýnmegräk altyburçly şekilde bolýar. Onuň esasy sap kümüşden ýasalyp, bezegiň ýüzüne altyn çaýylýar. Ýokarsyndan alaja geçirilip, boýna dakar ýaly iki sany gulp kebşirlenýär. Bu şaýyň ýokary tarapy «hüwi», «nerrek» nagyşlar bilen bezelýär. Ýüzüniň bezeginde işme zynjyrdan pişme şekilli we üçburçly geometrik çyzyklar goýlup, onuň töweregi «ýylanyzy», «çybyk», «bugdaý», «almagül», «islimi» nagyşlary bilen nepis haşamlanýar. Ortaça gymmat bahaly daşa gyzyl reňkli hakykdan birnäçe gaşlar oturdylýar. Şaýyň aşaky bölegini gaşly we örme zynjyrlaryň kömegi bilen çekilen naýza şekilli şelpeleri bezeýär. Gursakça bezegi boýna alajaly ýüp bilen dakylyp, gursagy ýapyp durýar. Geçmişde bu şaýy, esasan-da, ýaş çagasyny emdirýän gelinler dakynypdyr. Uly göwrümli bezeg şaýy ýaş zenanlaryň synalaryny del gözlerden gizläpdir. Türkmen halkynyň milli guwanjy bolan bezeg şaýlarynyň bu görnüşi geçmiş taryhy özüne siňdirip, ir eýýamlardan bäri, biziň şu günki günlerimize çenli özüniň esasy «sagdyn süňňüni» saklap gelipdir. Häzirki döwürde zergär ussalar asyl nusgadaky milli bezeg şaýlarymyzy kämil görnüşde ussatlyk bilen ýasaýarlar. Asyl nusgalara döwrebap öwüşgin berlen, kümüşden ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan hakyk, pöwrize, lagyl, merjenden gaşlar oturdylan bezeg şaýlar

Jorap örmegiň düzgünleri

Ene-mamalarymyz ähli işde bolşy ýaly, el hünärinde hem pasla görä däl-de, durmuşda zerur bolaýjak ýagdaýlara görä hereket edipdirler. Şonuň üçin güýz hem gyş paslynda gerek bolaýjak egin-eşikleri öňünden taýýarlap goýmagy nesillere ündäpdirler. Munuň özi maşgalada güýz hem gyş paslyna taýýarlykly bolmaklygyň käbir ýüze çykyp biläýjek kynçylyklaryň öňüni alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Bizem şu nukdaýnazardan ugur alyp, žurnalymyzyň şu sanynda okyjylarymyza dürli görnüşli joraplary örmegiň düzgünlerini hödürleýäris. Jorap örmegi öwrenijilere, ilki bilen, jorabyň daraklygy, jorabyň durky, jorabyň gonjy ýaly atlandyrylýan ýerlerini taýýar nusgalyk jorapda görkezip öwretmeli. Onsoň, joraby örmegi öwrenijiler, ilki bilen, iki ýüpden gezekleşdirip ak jorap örüp başlasalar elleriniň barmaklarynyň başarnyklary tiz endik ederler. Bir ýüp bilen örülen jorap ýuka, gowşak bolýar. Şeýdip iki ýüpden dürli güllüje joraplary örüp, elleriňi gowy endik etdireňden soň, dürli ýüplerden gülli joraby islendik taýýar nusgalara seredip, örmegi hem başararsyňyz.

Hakyk daşy barada

Ene-mamalarymyz daşyna altyn ýa kümüş çaýylan hakyk gaşly ýüzügi, gülýakany, gulakhalkany dakynmagy gowy görerdiler. Ýalynly gyzyl, gyzylymtyl goňur, mämişi narynç, sarymtyl gammaly bu daş olar üçin has ýakymly, kalba golaýdy. Pederlerimizde gadymy döwürlerden bäri hakyk daşy ykbalyňa we saglygyňa täsir edýär diýen ynanç bolupdyr. Häzirki wagtda hem litoterapewtler öňküleriň pikiri bilen ylalaşýarlar we durmuş aladalary bilen gurşalan adamlara hakyk daşly şaý-sepleri ulanmagy maslahat berýärler. Bu daşyň düzüminde demir hem-de kremniý köp bolany sebäpli, reňkler, köplenç, sarymtyl, goýy gyzyl öwüşginleri berýär. Orta berklikdäki daşlaryň hasabyna girýändigi üçin, hakyk daşyny zergärçilik sungatynda ulanmak amatly. Bu gadymy daşyň iň iri ýataklary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Braziliýada, Urugwaýda, Hindistanda, Gazagystanda, şeýle hem Russiýanyň Primorsk ülkesinde we Krymda ýerleşýär. Gadymy Müsürde hakyk daşy eneleriň we zenanlaryň howandary hasaplanypdyr. Faraonlar hakyk daşyny zergärçilik şaý-seplerini ýasanlarynda ulanypdyrlar. Olar bu gyzyl reňkli daşyň nerw dartgynlylygyny köşeşdirýändigine ynanypdyrlar. Orta asyrlarda Ýewropada bu daş adamy daşarky täsirlerden goraýjy hökmünde ulanylypdyr. Gurply ýewropalylar baýlygyny ýene-de artdyrmak hem-de özlerini dürli howpdan goramak üçin hakyk gaşly ýüzükleri dakynypdyrlar. Persiýada bolsa bu daş zenanlara iňňän owadanlyk we

Köki — taryh, özi — taryp

Dünýä medeniýetiniň ösmeginde uly orun eýeleýän türkmen halyçylyk sungaty halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurly şöhlesini saçýar. Türkmen halysynyň öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyna arheologik tapyndylaryň esasynda göz ýetirmek bolýar. Taryhy maglumatlara görä häzirki wagta çenli arheologlar tarapyndan tapylan halylaryň iň gadymy nusgalarynyň biri Pazyryk halysydyr. 1949-njy ýylda rus alymy, arheolog-taryhçy S.I.Rudenkonyň ýolbaşçylygynda Daglyk Altaý sebitlerinde gazuw agtaryş işleri geçirilende, bu ýerden dürli zatlar bilen bir hatarda (atyň süňkleri, dokalan mata, keçe), seýrek duş gelýän, ýüňden çitilen haly-da tapylýar. S.I.Rudenko bu halyny içgin öwrenýär we onuň dokalyş taýdan tapawutlanýandygy baradaky pikire gelýär. Alymyň bellemegine görä, Pazyryk halysy gadymy türki halklaryň döreden nusgasy bolmaly. Şeýle-de arheolog öz işlerinde halynyň kese dokma gurnagynda dokalandygyny subut edýär. Pazyryk halysy barada ýazylan ylmy işleriň aglabasynda onuň türkmenleriň gadymy halyçylyk sungatydygyny ykrar edýärler. Pazyryk halysynda türkmen haly nagşynyň görnüşleriniň bolmagy ony türkmen halkyna degişli etmäge mümkinçilik berýär.

Ýe­ne-de bug­daýly söz­ler ba­ra­da

Türk­men Di­ýa­ry­nyň giň düz­le­rin­de ýa­şyl de­ňiz bo­lup tol­kun atan bug­daý meý­dan­la­ry möw­ri­ti ýe­tip, tyl­la sa­ry reň­ke bo­ýal­dy. Di­ňe sün­bül­le­ri däl, eý­sem, ha­sy­ly hem al­tyn öwüs­ýän bug­daý kem­siz ýe­tiş­di. Şa­hyr Ata­jan An­na­ber­di­ýe­wiň «Bug­daý­ly meý­dan» ki­ta­byn­da­ky ady­bir goş­gu­dan se­tir­ler se­ri­ňe gel­ýär: Se­niň bal­da­gyň­da ba­ky ýa­şaý­şyňSa­zyn çal­mak üçin bo­gu­lan per­de.

Şaý-seplere siňen şekiller

Ata-babalarymyzyň hünärli gollaryndan çykan şaý-sepler täsin bir dünýäni ýada salýar. Tebigat gözelliklerini — ösümlikleri, janly-jandarlaryň şekillerini şaý-seplere siňdirip bilişleri pederlerimiziň ussatlygyndan habar berýär. Daş-töweregi gurşap alan janly tebigat, janly-jandarlar, ösümlik dünýäsi adamlary hemişe oýlandyryp gelipdir. Bu meselede zergärler janly-jandarlaryň hereketini, ösümliklerdäki aýratynlyklary synlap, dürli nusgalary döredipdirler. Bu hakda halypa zergär Gylyçmyrat Ataýew şeýle gürrüň berýär. — Aslynda tebigatyň özi zergär. Ol dag daşlaryndan, daragtlardan, deňiz-derýalaryň keşbinden dürli şekilleri alnymyzda goýýar. Köpetdagyň, Köýtendagyň gaýalaryna, Murgabyň, Jeýhunyň kenarlaryna, Arkajyň bag-bakjalaryna seýil edeniňde muny görmek bolýar. Zergäre ol şekilleri synlap, döredijilikli işläýmek galýar. Käte daglarda şeýle bir daşjagazlara duşýarsyň weli, ýüzünde Aýyň, Günüň, şaha ýaýyp oturan daragtlaryň ýa-da gülleriň keşbini görýärsiň. Onsoň ony ýonup-ýylmarsyň welin, owadan bir nusga döreýär duruberýär. Bu türkmeniň tebigaty durşy bilen gözellik.