"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Wepalylygyň milli nusgasy

Ýurdumyzda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi we Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň çap edilmegi milli gymmatlygymyz bolan alabaý itlerimize üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly alabaý itini hem iň ýakyň kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr. Onuň tohumynyň arassa saklanylmagy, terbiýesiniň kemsiz ýetirilmegi üçin müňýyllyklaryň dowamynda yhlas-zähmetini gaýgyrmandyr. Bu tohumyň şol asyl durkuny saklap galmagyna türkmen itşynaslary mynasyp goşantlaryny goşdular. Şonuň üçin hem olar parasatly halkymyzyň paýhasyndan, dynuwsyz zähmetinden dörän dünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda durýan baýlyklarymyzyň biridir.

Dogduk Watanyň gadyry

Magtymguly Pyragynyň keşbi alnymyzda mertligi, batyrlygy, ene topragy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde hemişe belentde dur. Bu bolsa akyldar şahyrymyzyň goşgularynda umumadamzat derejeli gymmatlyklary ussatlyk bilen beýan edendigini alamatlandyrýar. Magtymgulynyň döredijiligini nurlandyryp duran esasy aýratynlyklarynyň biri watançylyk temasyndan döreden şygyrlarydyr. Ol ilini, ýurduny, ene topragynyň ezizligini, mährem-mukaddesligini çeper sözüň güýji, nepisligi bilen ynsan aňyna guýmagy başarýan deňsiz-taýsyz eserleri döredipdir.

Döredijilik duşuşygy

Şu gün — 14-nji iýulda Türkmenistanyň  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan joşup çykan «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp eserine esaslanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda «Milli mirasymyz — egsilmez baýlygymyz» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Haly — türkmeniň köňül nagşy

Milli amaly-haşam sungatymyz baý we köpdürlüdir. Ol halydyr haly önümleriniň dürli görnüşlerini, keçe nagyşlaryny, donlary, tahýalary gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini, at esbaplaryny öz içine alýar. Olarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesi öz beýanyny tapypdyr. Türkmeniň milli halyçylyk sungaty irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, häzire çenli gadyr-gymmatyny saklap gelýär. Bu inçe senediň köp asyrlyk taryhy bar. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda gadymy Rime eltilen türkmen halylarynyň nepisligine ýewropalylar haýran galypdyrlar. Parfiýa döwletine hökümdarlyk eden arşamidler neberesiniň tagmasynyň şol halylarda şekillendirilendigi hakyndaky maglumatlar hem mälimdir. Nepis halylarymyz beýik Seljuklar döwründe, ýagny, Х-ХIII asyrlarda Ýewropa yklymyna aralaşypdyr. Italýan syýahatçysy Marko Polo türkmen halylary barada ilkinji ýatlamasyny baryp ХIII asyrda ýazypdyr. Mahlasy, halk senetçilik-bezeg sungatynyň iň ýokary derejä ýeten pudagy halyçylykdyr. Türkmeniň durmuşyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.

Geýsem ýüpek-parçany...

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýüpekçilik ileri tutulýan pudaklaryň birine öwrüldi. Oba hojalygynyň ösüş maksatnamasynda ýüpekçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň ýüpek önümlerine, ýüpek matalaryna we dünýä belli ýüpek halylaryna daşarky bazarlarda hem isleg artýar. Şol esasda piläniň bereketli hasylyny öndürmek, dokma senagatymyzy ýokary hilli ýüpek çig maly bilen üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenabatdaky ýüpek fabriginde kelepleýji sehiň işe girizilmegi, Aşgabadyň ýüpek fabriginiň durkunyň doly täzelenmegi oňa aýdyň mysaldyr. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň ýüpek öýme gyňaçlary öňdebaryjy dünýä nusgalaryndan birjik-de kemlär ýaly däl. Hytaýyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýasy ornaşdyrylan Aşgabadyň ýüpek fabriginde halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelýän ýüpek halylary we matalary dokamak üçin ulanylýan ýüpek ýüplügi öndürilýär hem-de şol halylar dokalýar. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylan Ruhabadyň panbarhat fabrigi milli dokma önümçiligini ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy, şol bir wagtyň özünde-de türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň dokma senagatyna hyzmat edýän ýüpekçiligi ösdürmek, esasan, tut ýapraklaryna bagly. Çünki tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolup durýar. Bir gap ýa-da bir guty gurçuk tohumyny

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Owazly dünýäniň ägirdi Biz bu makalamyzda häli-häzirlerem teleradio ýaýlymlarynda şirin aýdymlary ýaňlanyp duran ussat bagşy hem alym Agamyrat Ýagmyrow barada söhbet etmekçi.

Otdan çykarylan dutar

(Bolan waka esasynda) Meşhur dutar ussasy Mämmetmyrat ussa barada doly maglumatlar azlyk edýär. Bolsa-da, dilden-dile geçip, rowaýata öwrülip giden gürrüňler, käbir maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol hatda köwüş tikmekde-de, haty owadan, keşde çeken ýaly edip ýazmakda-da ezber bolupdyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde gymmatbaha daşlar

Magtymguly zergärçilik bilen hem meşgullanypdyr. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan özboluşly zergärçilik sungaty şahyry biparh goýmandyr. Magtymguly Pyragynyň çuň manyly setirlerine ser salnanda, onuň zergärçiligiň inçe syrlaryny, gymmat bahaly daşlaryň häsiýetlerini öwrenmekde uly ussatlyga ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Şahyr «Gyzmaly boldum» atly goşgusynda: Köňül gözgüsinе ýaryň аdyny,Hеkgаklyk eýlеýip, ýаzmаly bоldum —

Türkmeniň milli awçylyk gurallary

Halkymyzda awçylyk däpleri öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Awçylyk gurallary esasan agaçdan, süňkden, ýüpden, mata böleklerinden we şuňa meňzeş sadaja zatlardan ýasalypdyr. Käbir kiçiräk guşlary awlamakda sürgi diýlip atlandyrylýan aw esbaby hem ulanylypdyr. Bu esbap Ahalda sürgi, Maryda perde, Lebapda çara diýlip hem atlandyrylypdyr. Sürgi ýer bilen reňkdeş bölek haltajygyň ýüzüne dürli reňkli mata kesimleri gezekleşdirilip tikilýär. Soňra sürgi açyk meýdanda germewaja berkidilip serlip goýulýar. Onuň aňyrsynda bolsa awçy gizlenýär. Şemala ykjaşyp duran mata böleklerini uzakdan synlanyňda, al-elwan gülli meýdana çalym edensoň, guşlar onuň golaýyna gonýarlar. Awçy bu pursatdan peýdalanýar.

Ak öýleriň bezegi

Çeper elli gelin-gyzlarymyz ýüňi arassalap, darap, egrip, gerek bolan reňkleri-de tebigatymyzyň ot-çöplerinden alyp, şol bir durkuny saklaýan halylara we haly önümlerine çäksiz yhlas siňdiripdirler. Ot-çöplerden reňkleriň taýýarlanylyşy barada Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Halylaryň we haly önümleriniň hersiniň özboluşly aýratynlygy, gözelligi bar. Şeýle önümleriň biri-de ak öýüň içinden hem daşyndan aýlanýan öý ýüpüdir. Dokalyş aýratynlygy bilen tapawutlanýan öý ýüpleri dürli-dürli bolup, ene-mamalarymyz olara «eginýüp», «akýüp» «gülliýüp» hem diýipdirler. Ak öýleriň esbaplarynyň arasynda kilim önümlerine aýratyn üns berlipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Kilim — täsin göllere beslenen sungat» atly bölüminde şeýle bellenilýär: «Türkmeniň ak öýüniň esasy bezegi-ýaraşygy hökmünde «eňsi», «gapylyk», «ojakbaşy düşek», «çemçetorba», «duztorba», «golaň», «akýüp», «gyzyldüzi», «aladüzi», «gönjükýüp», «artmak» ýaly kilim önümleri häzirki günlere çenli giňden ulanylyp gelinýär».

Halkymyz Gurban baýramyny belleýär

Türkmen halky watansöýüjiligi, halallygy, päkligi we dogruçyllygy bilen gadymyýetden gözbaş alýan, milli öwüşginlere baý ajaýyp maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşupdyr. Päk ahlaklylygy, wyždan arassalygyny ündeýän ynanç-ygtykatlaryň, däp-dessurlaryň, ynsanperwer kadalaryň we dünýewi gymmatlyklaryň kemala gelmegi, baýlaşmagy hem-de dünýä ýaýylmagy babatda mynasyp orny eýeläpdir. Bütin durky bilen halallyga, arassa ahlaklylyga uýan ata-babalarymyz dost-doganlygy, hoşniýetliligi, birek-birege ýagşylyk etmegi durmuş kadasyna öwrüpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler her bir maşgalanyň asudalygynyň we abadançylygynyň, tutuş jemgyýetimiziň agzybirliginiň girewi bolup hyzmat edýär. Güneşli ýurdumyzda Gurban baýramynyň üç günläp döwlet derejesinde agzybirlikde bellenilmegi hem halkymyzyň şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýandygyny aýdyň görkezýär.      

Geljege ynam

– Alo, eje salam, kakam ýeralmaly çorba içmek isleýär, nädip bişireýin? – diýip, ýedi ýaşlyja Meri ejesinden sorady. – Ýeralmaly çorbamy? Bolýa, mähribanym. Ilki düýnki ulanan gazanymyzy al. Soňra iki sany ýeralmany al... – diýip, ejesi sabyrlylyk bilen gyzyna her  bir ýerine ýetirmeli işini düşündirip aýdyp başlady. «Mähribanym, sen muny başararsyň» diýip, ejesiniň millionlarça gezek gaýtalan sözleri Meriniň gulagyna hoş ýakýardy. Şeýlelikde, Meri dünýä belli «Mery Kay» kompaniýasynyň düýbüni tutujysy boldy. Ol üstünlige barýan ýollarynda köp kynçylyklara duşdy, kompaniýasy batmak derejesine ýetende-de onuň gulagynda ejesiniň «sen muny başararsyň» diýen sözleri ýaňlanýardy.

Ýaşy asyrdan aşan muzeý

Tejen şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi milli gymmatlyklaryň köp jemlenen ýerleriniň biri hökmünde diňe bir welaýatda däl, Diýarymyzyň ähli ýerinde bellidir. Muzeýiň binasy 1911-nji ýylda gurlupdyr. Onsoň ýaşy asyrdan aşan muzeýe gadam basanyňda, halkymyzyň şöhratly geçmişine dolan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Muzeýiň bölümlerinde milli gymmatlyklaryň 4490 müňe golaýy saklanýar. Onuň ylmy işgäri Kakajan Haldurdyýew diýseň işjanly adam.

Saklanyp galan pursatlar

Manyly ömrüni haly sungatyna bagyşlan halypa halyçy Bibi Ahmedowa bilen onuň jigisi, matematika ylymlarynyň kandidaty Atadurdy Ahmedowyň durmuşynyň bir pursadyny şöhlelendirýän bu surat 1975-nji ýylda düşürilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ussat halyça bagyşlan «Halyçy B.Ahmedowa» diýen suraty ýerleşdirilipdir. A.Hajyýew bu eserini 1958-nji ýylda döredipdir.

Halkyň ruhy baýlygy

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda döredijilik işgärleriniň möhüm orny bar. Döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşiginde parahatçylyk dörediji, özara peýdaly hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn gadyr goýýan ýurt hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny belende götermekde medeniýet diplomatiýasyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ähli döredijilik işgärleriniň wezipeleri häzirki döwrüň döredijilikli ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşini, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, Garaşsyz döwletimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen ägirt uly tutumlaryny giňden wagyz etmekden ybaratdyr. Mähriban Watanymyzda halkara derejede geçirilýän döredijilik forumlary, Medeniýet günleri, festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler hemişelik Bitarap döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Aşgabadyň dizaýn aýratynlyklary

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Men gözelligi döredýärin» şygar astynda «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly maslahat we sergi geçirildi. Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş binagärlik we şäher gurluşy müdirliginiň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. «Men gözelligi döredýärin» şygar astynda geçen «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly sergide mähriban Diýarymyzda ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyzy hem-de gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, olary geljekki nesillere geçirmek maksady bilen çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp halylary we haly önümleri, zergärçilik sungatyny wasp edýän sungat eserleri, şaý-sepleriň dürli görnüşleri hem giňden ýaýbaňlandyryldy.

Gadymy Lebap halylary

Milli halyçylyk sungatymyz juda gadymydyr. Baryp müňlerçe ýyl mundan ozal Türkmenistanda halyçylyk bilen meşgul bolnandygyny ýurdumyzda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri hem görkezýär. XIII asyrda ýaşap geçen arap geografy Ibn-Seýdiň ýazmagyna görä, türkmenler dürli ýurtlarda geçginli ajaýyp halylary dokapdyrlar. Türkmen halylary şol döwürlerde Russiýa, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Hytaý ýaly ýurtlara barha köp satylyp ugraýar. Halylar Türkiýede we Fransiýada has ýokary bahalardan satyn alnypdyr. Önümleriň gowy nusgalary has gymmat bolup, her inedördül metri üçin 30-50 altyn pul tölenipdir. Başga bir maglumatda bolsa, 1902—1903-nji ýyllarda Gyzylaýak we Beşir halylarynyň her inedördül metriniň Londonyň bazarynda 44 altyn pula satylandygy aýdylýar.

Ykrar edilen gymmatlyk

Gymmatlyk milletiň döredijilik ukybynyň derejesiniň görkezijisidir. Dünýäniň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky — özüniň bäş müň ýyllyk taryhynda gymmatlyklaryň tutuş ulgamyny döretmegi başaran millet. Halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary hem, ruhy gymmatlyklary hem sanardan köp. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ýaýmak dogrusynda tutumly we netijeli işler amal edilýär. Il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli bu meseläniň çözgüdi hil taýdan täze derejä çykdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan ÝUNESKO-dan gelip gowşan şatlykly habar munuň aýdyň subutnamasydyr. Dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mädeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýene-de bir türkmen gymmatlygynyň dünýäde ykrar edilendiginiň güwänamasydyr.

Magtymguly — düýpsüz umman

Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny täzeçe öwrenmeklik ýola goýlup, bu ugurda tutumly işler edilýär. Türkmen alymlary Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasyny öwrenmekde we olaryň esasynda şahyryň şygyrlaryny neşire taýýarlap, halk köpçüligine elýeterli etmekde uly tejribe topladylar. Şahyryň edebi çeper dünýäsini açmaklyga edilen synanyşyklar, dünýewi hem ylahy-pelsepe goşgularynyň derňewi onuň dünýägaraýşyny we şygyr-çeperçilik ussatlygyny kesgitlemekde ähmiýetli boldy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Magtymgulynyň sopuçylyk garaýyşlary magtymgulyşynas alymlar tarapyndan öwrenilip, ussadyň ylahy dünýäsiniň «gizlin syry» açyldy. Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde türkmen döwletiniň edara edilişini, jemgyýetde her bir toparyň tutmaly ornuny, olaryň ahlak ýörelgelerini, ondaky ynsan gatnaşyklaryny paýhaslylyk bilen çeper söze salypdy. Magtymguly Pyragy Döwletmämmet Azadynyň bu pikirlerini ikelläp goldapdyr. Şonuň üçinem döwlet binasyny gaýym gurmagyň aladasyna ýugrulan şygyr gahrymanyny orta çykarypdyr.

Edep başy — salam

Edep-ekramyň we her bir döwletli işiň başy elmydama salamdan başlanýar. «Salam» sözi arap sözlerinde «Saglyk» diýen manyny aňladýar. Salam «Taňrynyň haky» ýa-da «Taňry salamy» diýilýär. Ir döwürlerde adamlar dürli hereketleriň we yşaratlaryň üsti bilen biri-birleri bilen salamlaşypdyrlar. Elbetde, halklaryň arasyndaky salamlaşmak edebi öz wagtyna we däp-dessurlaryna görä tapawutlanypdyr. Gadymy Aziýa halklary ir wagtlarda biri-birleri bilen salamlaşanlarynda ýa-da görüşenlerinde ellerindäki taýakdyr naýzalaryny ýokary galdyryp gygyryşypdyrlar. Özleriniň biri-birine duşman däldigini tanatmak bilen dostlugy saklapdyrlar. Soň-soňlar adamlar öz elleriniň ýaragsyzdygyny bildirmek üçin boş ellerini, açyk aýalaryny biri-birlerine uzadyp görkezipdirler. Salamlaşylanda edilýän hereketleriň üsti soňabaka degişli sözler arkaly doldurylypdyr. Häzirki wagtda salamlaşmakda ählumumy ulanylýan birmeňzeş hereketler bar hem bolsa, onda birek-birege aýdylýan sözler we söz düzümleri belli bir derejede öz köpdürlüligini saklap gelýär. Şeýle köpdürlüligiň esasy sebäbi, dürli halklaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň biri-birleriniňkiden tapawutly bolandygy bilen baglanyşykly birnäçe mysallary getirmek ýerlikli bolsa gerek. Gadymy hytaýlylar bir-birleri bilen salamlaşanda: «Siz iýdiňizmi?» diýip ýüzlenipdirler, gadymy parslarda bolsa, «Şadyýan bol!», afrikalylaryň käbir taýpalarynda bolsa «Men seni gör