"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sözüň täsiri

Şeker enäniň wagtyndan öň garramagyna ömrüniň agyr ýyllary sebäp bolandyr. Ýogsam, togsanda, bili bükülip, haldan düşmeli ene däl ol. Derek boýly gelniň nowjuwan döwri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat geldi. Ýaňy bir maşgala durmuşynyň gapysyndan ätläp, süýji günlere ýetende, uruş turdy. Obanyň erkek göbeklisi Watan goragyna gitdi. Gelin ýanýoldaşyny urşa gözýaş bilen ugratmady, mert durdy. Ýöne şol günüň ertesi ekin meýdanyna hemmelerden ir baryp, içi içine sygman aglady. Dek düýnüň özünde-de işden soň meýdandan ýyglan otlary bileje öýlerine daşaşan ýoldaşynyň bu gün ýanynda ýokdugyna hiç ynanyp bilmedi. Obada kileň ýaş gyzlar, garrylar galansoň, meýdanyň agyr işi gelinleriň boýnuna düşdi. Indi otag otap, ýekelew edip, pagta ýygmakdan daşgary, kätmen urup, çil çekmegem, ýap gazmagam olaryň boýnunady. Gijelerine-de dynuw ýokdy. Öýüň töri boş durmazdy. Ak öýüň töründe mydama haly ýüwürdilgidi. Bişir-düşür işinden soň halynyň üstüne çykaýmalydy. Günde garyş sere dokap, soň ýatylardy. Ir säherde ýene-de meýdan işi garaşýandyr.

Ruhy päkligiň baýramy

Ol günüň säheri adatdakylardan has üýtgeşik başlanýandyr. Gurban baýramyny uludan tutýan maşgalalarda şatlyk-şowhun al-asmana göterilip, goňşy goňşynyň gurbanlygynyň kabul bolmagyny dileýändir. Entek biraz salym ýatyp, Gün dogar uçurlarynda oýanmaly çagalaram ulular bilen bile örendirler. Ulular bu günki ýazylmaly desterhany datly tagamlar bilen baýlaşdyrmagyň ugrunda bolsalar, gyzlar maşgala agzalarynyň bu gün geýmeli lybaslaryny ýene bir ýola gözden geçirýändirler, körpeler bolsa eýýäm howlynyň töründe özleri üçin niýetlenen hiňňildigiň daşyndadyrlar. Gurban baýramynyň özboluşly aýratynlygam ruhy päklikden, arassalykdan, arymsylykdan gözbaş alýandygy bilen tapawutlanýar. Gurban aýynyň ilkinji gününden başlanýan arassaçylyk düzgünleri maşgala agzalarynyň ählisiniň süýjüje aladalar bilen gurşalmagyna sebäp bolýar. Baýramçylygyň öň ýanynda howla we öýe birlaý serenjam bermek, täze lybas tikinmek, ýassyk-ýorgandaşlaryny täzelemek birnäçe günläp dowam edýänem bolsa, hemmeler keýpiçagdyr. Maşgala agzalarynyň bar aladasy Gurban baýramyny mynasyp garşylamakdyr. Ol günlerde biz mekdep okuwçysydyk. Emma şonda-da geýjek köýneklerimiziň ýakasyny-ýeňini göze gelüwli edip bejermegi, sünnäläp tikmegi özümize ynanardylar. Enem biziň elimiziň owadan nagyşlary salmaga endik etmegi üçin munuň juda zerurdygyny häli-şindi nygtardy. Gurban aýyna girilmegi bilen enemiň agyz bekläp başlamagy bize ba

Alaja aladyryn...

Halk arasynda alajanyň ruhy güýjüniň bardygyna ynanç döräpdir. Göze ilginç, ünsi çekiji bolansoň, halkymyz ony gözden-dilden goraýjy hökmünde-de ulanypdyr. Bu barada hormatly Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde şeýle belläp geçýär: «Dünýä halklarynyň medeniýetinde şowlulyk getirýän, daşarky ýaramaz täsirlerden goraýan dürli hili şekilleriň, esbaplaryň asylyp goýulýandygyny bilýänsiňiz. Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar». Halk döredijiliginde bolsa:

Jorap örmegiň düzgünleri

Jorap örmegi öwrenjekler, ilki bilen, ýüňden gezekleşdirip, ak jorap örüp başlasalar, elleri, barmaklary gowy endik eder. Gülli jorap örmek üçin jorap örüjä saljak nagyşlarynyň nusgalarynyň halkalarynyň sanlary belli bolmaly. Sebäbi halkalaryny çişe düzüp başlaýarka, gyra nagşynyň halka-halka sanlarynyň ýerini düzüme girizmeli. Meselem, gyra nagşyna «okgözi» nagşy salmaly bolsa, oňa üç halka, her gapdalyna-da bir gyzyl halkany çişe düzmeli. Diýmek, gyra nagşy üç, bäş halka, «tegbent» üçinem bäş halka bolmaly.

Jahankeşde keşdeler

Halkymyzyň gadymy medeni mirasyny gorap saklamakda, olary täze mazmunda, döwrebap dikeltmekde we dünýä ýaýmakda on barmagy hünärli zenanlarymyz nusga alarlyk görelde görkezýärler. Gelin-gyzlarymyzyň zähmeti bilen döreýän milli mirasymyzyň nepis hem iň gözel nusgalary ene-mamalarymyzyň ýokary ussatlygy bilen döredilip, uzak asyrlaryň dowamynda öz görküni, many-mazmunyny we mynasyp ornuny ýitirmän, elden-ele, nesilden-nesle geçip ösdürilip gelinýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer, ilhalar ýörelgeleri we tagallalary bilen, milli mirasymyzy ösdürmek, baýlaşdyrmak babatynda dünýä derejeli guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Munuň netijesinde ýurdumyzyň taryhy, medeni birnäçe ýadygärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Zenan dünýäsiniň älemgoşary

Nagyş-keşdeler halkyň asyrlar içre geljekki nesillere tarap çeken kalp ýoly.Ol ýoluň ugry halkyň ahwaly baradaky gyzykly söhbetlerden doly. Keşde. Türkmen gyzynyň pyşyrdysy deýin näzik keşde. Ynsan kalbynda owadan pikirleri oýarýan jadyly senet. Sende zenan ýüreginiň owazy gizlenip ýatan ýaly. Şol syrly dünýä hakda, gör, näçe söhbetler edildi, niçeme şahyrana setirler döredildi. Gözüň ýagyny iýip gelýän bu gözellik kalba ylham, joşgun berýär. Aslynda keşde sözi «keşiden» diýen sözden gözbaş alyp, «çekmek» diýmegi aňladýar. Diýmek, türkmen zenanlary ýürek arzuwlaryny çekýän keşdelerinde beýan edipdirler. Keşde çekmek bilen owadan dünýä, nurly ykballara ýol çekipdirler. Şeýdip zenan ýüreginiň gözelliginden reňk alan ajaýyp sungat döräpdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Gözellik — türkmen zenanynyň wepalylygydyr. Gözellik zenanyň el işine ony sungat edip kämilleşdirýänçä eçilýän yhlasyndadyr».

Magtymguly — sözlär tili türkmeniň

Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjine deňelen Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki watançylyk we parahatçylyk söýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlardan aşyp, biziň bagtyýarlyga beslenen döwrümize öz mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Onuň döredijiliginde watançylyk häsiýetli eserleriň ajaýyp nusgalary uly orun tutýar. Bu eserler halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrapdyr. Şahyryň eserlerinde il-halky söýmek, onuň bähbidi ugrunda göreşmek, Watana wepaly bolmak aýratyn ähmiýetli orna eýedir. Häzirki wagtda türkmen alymlary we edebiýatçylary Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmekde uly işler alyp barýarlar. Şahyryň: «Aňla sözüm, ner zarbyny ner tanar, Eý ýaranlar är ýigidi är tanar» diýip, jaýdar belleýşi ýaly, bu gün onuň eserleriniň sarpasy belentde tutulýar. Onuň belli bir döwürlerde «Belli bir galyba sygmaýandygy» sebäpli halk köpçüligine ýetirilmedik şygyrlary çap edilip, halkymyza elýeterli edildi. Diňe bir çap edilmän, eýsem, dünýäniň dürli dillerinde terjime edildi we türkmen halkynyň beýik söz ussady jahanyň ençeme halklaryna tanadyldy.

Milli gymmatlyk — milli buýsanç

Milli gymmatlyklaryň hatarynda aýratyn orun alan gadymy gurallaryň biri-de pyçakdyr. Ilkinji pyçaklar çakmak daşyndan we iri mallaryň süňkünden ýasalypdyr. Günbatar Türkmenistandaky Jebel gowagynda geçirilen barlaglarda ýarym ýaý şekilli egreldilen tyg görnüşli süňk (iri malyň gapyrgasy) ýüze çykarylypdyr. Ol gyralary oňat ýonulan we egreldilen orak şekilli pyçakdyr. Şol ýerlerden orta daş asyr (mezolit) eýýamyna we täze daş asyryna (neolit) degişli çakmak daşyndan ýasalan pyçaklar hem tapylypdyr. Eýýäm bürünç asyry döwründe ata-babalarymyz pyçaklaryň dürli görnüşini ulanypdyr. Günorta — Günbatar Türkmenistanyň Sumbardaky gadymy gonamçylyklarynyň birinden hanjar (uzynlygy 29,5 sm, ini 4 sm) tapylýar. Onuň iki ýüzli tygyny uzaboýuna berkidiji gyraň geçýär. Hanjaryň sapy berçinlenip, çykyda berkidilipdir. Tapyndylaryň arasynda Sumbar hanjaryna taý ýokdur diýip, aýratyn bellemek bolar. Alymlaryňdyr bilermenleriň gürrüň bermeklerine görä, gadymy Sumbar gonamçylygyndan tygy uzyn, iki ýüzli göni pyçaklaram tapylýar. Olar orta gyranynyň ýoklugy, tygynyň has tekizligi taýdan tapawutlanýar. Sapynyň tygyna birleşýän ýerinde el direlýän kiçeňräk atanak şekilli bölegi bolan, iki ýüzi ýiti tygly, sünjüp-kesiji ýaragy ata-babalarymyz hanjar hasaplapdyr. Sumbar pyçaklarynyň sap ötürilýän kiçeňräk baldagy bolup, olaryň berçin deşikleri bolmandyr. Pyçagyň iki ýüzli görnüşleri dem

Senetçiligiň ösen mekany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde Türkmenabat şäherinde şu ýylyň 11—14-nji oktýabry aralygynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň geçiriljekdigi barada aýdylan hoş habar ildeşlerimiziň kalbyny uly şatlyga besledi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn halkara syýasatynyň çäklerinde geçiriljek bu halkara forumda halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary guralar, ussatlyk sapaklary, ylmy-amaly maslahatlar we beýleki çäreler geçiriler. Şeýle festiwalyň geçirilmegi dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, amaly-haşam sungatynyň gadymy köklerini içgin öwrenmekde uly ähmiýete eýe bolar. Çünki taryhy çeşmelerde Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşen gadymy Amul şäherinde senetçiligiň ösenligi barada maglumatlara aýratyn orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Amulyň gadymy senetçiliginiň Beýik Ýüpek ýolunyň ösüşine öz täsirini ýetirendigi bellenilýär. Bu şäherde Merkezi Aziýada seýrek gabat gelýän demirçilik ussahanalary işledilipdir. Amully demirçileriň sadaja gurluşly kürelerde we ýönekeý iş gurallary arkaly taýýarlan pil, kätmen, orak, teşe, palta, zynjyr, gaýçy, gyrkylyk, haly darak, ýüň darak, gyrgyç ýaly iş gurallary ýokary baha mynasyp bolupdyr. Ýerli demirçi ussalar

Dünýä ýaň salýan gymmatlyklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty umumadamzat bähbitlerine ýugrulandyr. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi, taryhymyzy ylmy taýdan öwrenmekde, ösdürmekde hem nusga alarlyk işler amala aşyrylýar. Medeniýet taryhy tejribäni, milli mirasy we jemgyýetiň häzirkizaman ösüşini özünde jemleýän, güýçli we depginli ösýän ulgamlaryň biridir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde medeniýetiň ähli ugurlaryny hil we mazmun taýdan ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Ýurdumyzyň şäherdir etraplarynda we obalarynda gurlup, ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany günsaýyn köpelýär. Adamlaryň aň-düşünjesini baýlaşdyrmakda halkyň kalbyndan syzylyp çykýan sungat eserleriniň jemlenýän ýeri bolan muzeýlere uly paý degişlidir. Şuňa laýyklykda biz hem  muzeýimiziň gaznasyny welaýatymyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan ençeme tapyndylaryň, ýagny, gadymy gap-gaçlaryň, küýzeleriň, teňňe pullaryň, iş gurallarynyň, şaý-sepleriň  hasabyna yzygiderli baýlaşdyrýarys.

Edenine el ýetmeýär

El hünäri, ýagşy gylyk-häsiýetleri, edep-ekramy — gyz maşgalanyň bezeg-zynaty. Asyllylygy, işeňňirligi bilen eden işiniň kemini goýmaýan edaly gyzlar haýsy işiň başyny tutsalar-da, üstünlik, abraý gazanýarlar. Şeýle gyzlaryň biri Bahar Jumaýewa geçen okuw ýylynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebi ýokary bahalar bilen tamamlady. Ol el işlerini ejesi Laçyn gelnejeden öwrendi. Kiçiliginden özünden uly gyz doganlary Aýjemal bilen Bilbil jorapdyr alaja örenlerinde, aldymgaçdyr jähek kakanlarynda, gaýma gaýanlarynda, köýnek biçip-tikenlerinde Bahar hem olaryň her bir hereketini üns berip synlap, doganlaryna kömekleşerdi.

Türkmen milli oýunlary

Her bir halkyň mirasy — taryhyň açyk kitaby. Onuň her bir sahypasy bolsa geçilen durmuş ýolunyň tükeniksiz ruhy-ahlak kämilliginiň beýanydyr. Milli mirasymyzyň ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr. Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalarymyzdan miras galan türkmeniň milli oýunlary hem häzirki döwürde has giň gerime eýedir. Nesil terbiýesi türkmen maşgalasynyň milli ruhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki millilik türkmeniň asyl süňňüdir. Ata-babalarymyz öz perzentlerini entek çagalykdan başlap belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Mertlik, merdanalyk, garadangaýtmazlyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini ýüze çykarýar. Türkmeniň milli oýunlary hem ýaş nesli durmuşa uýgunlaşdyrmak, hemmetaraplaýyn sagdyn ösdürmek, olarda geljekde ýüze çykjak islendik ýagdaýlardan baş alyp çykmak, çakgan bolmak, güýjüňi we çalasynlygyňy artdyrmak ýaly häsiýetleri ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Mirasgäriň arhiwinden

IKI USSA Atam möwritinde bir obada iki sany ussa bolup, olaryň biri kyrk günde bir käse, beýlekisem her günde kyrk käse ýasar ekeni. Emma kyrk günde bir käse ýasaýan beg ýaly ýaşasada, beýleki itiň hory bolup, karzkowal arkaly gün görüpdir.

Küýzegärçilik önümleri

Hum — agzy giň we göwrümi has uly bolan küýzäniň bir görnüşidir. Ol, esasan, bugdaý, şaly, jöwen ýaly önümleri uzak wagtlyk saklamak üçin peýdalanylypdyr. Kiçi göwrümli humlarda altyn-kümüş teňňeler, gymmatbaha şaý-sepler saklanylypdyr. Küpi — göwrümi humdan kiçi, süýnmek görnüşli bolýar. Ol gatykdan çal ýaýyp, saryýag almak üçin ulanylypdyr.

«Sary maýam çöküp otyr...»

Pähimdar pederlerimiziň geçmişde döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda künji, zygyr we günebakar ýaly ösümliklerden ýag almak üçin ulanylan juwaz enjamy aýratyn ähmiýete eýedir. Juwaz birnäçe agaç böleklerinden ybarat bolup, onuň sokusy güjüm agajyndan, içinde aýlanýan oky bolsa öňler berk daragtlaryň biri bolan kerkaw agajyndan taýýarlanylypdyr. Ony häzirki döwürde erik agajyndan hem ýasaýarlar. Onuň uzynlygy ortaça 7 garşa barabar bolup, ýogynlygy bolsa 30 santimetr töweregidir. Juwazyň sokusynyň sygymy 12 kilogram künjä niýetlenen bolup, onuň içi ýokardan aşaklygyna barha inçelip gidýär. Juwaz ussalary sokynyň ok bilen galtaşýan iç tarapynyň zaýalanmazlygy üçin onuň içine erikden ýasalyp kakylýan begçe diýen bölegi ulanypdyrlar. Munuň özi juwazyň sokusyny sürtülip zaýalanmakdan gorapdyr. Bulardan başga-da, juwaz kemança, künde, aryş, tokmak, ölçergiç, gejek, börük, düýe çeker ýaly birnäçe böleklerden durýar. Juwaz işledilýän jaýa «juwaztam», ony işledýän adama bolsa «juwazçy» diýilýär. Ata-babalarymyz geçmişde, esasan, düýe malyny juwaza goşmak bilen, ony herekete getiripdirler. Munuň şeýledigine halkymyzyň arasyndaky: «Sary maýam çöküp otyr, iç ýagyny döküp otyr» diýen ajaýyp jümle hem doly güwä geçýär.

Mukaddes borç

Türkmen halky ähli döwürde-de ýetişip gelýän ýaş nesli iň gowy ahlak sypatlary dowam etdirmäge we ösdürmäge ukyply adamlar bolup ýetişdirmegiň aladasyny edipdir. Adamyň iň gowy ahlak sypatlary bolsa, «adamkärçilik» diýen umumy düşünjede öz beýanyny tapýar. Bu düşünje kiçi göwünlilik, başgalara hormat goýmak, goldamak, kömek etmek, zähmetsöýerlik, beren sözüňe wepaly bolmak, tutanýerli, päk göwünli bolmak ýaly ençeme sypatlary özünde jemleýär. Adamkärçilikli, dogry terbiýeli nesil Watany, halky jan-tenden söýüp, ýaşululara hormat goýmak ýaly gowy sypatlary özünde jemlemeli. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda adamyň kämil şahsyýet bolmagy baradaky meselä uly üns gönükdirilýär. Bu kitapda adamyň kämilleşmegi, beýik adamkärçilik sypatlaryny dabaralandyryp, nusgalyk görelde bolmagy bilen bagly meselelere düýpli seljerme berilýär. Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň ösüşleri bilen bagly hökman aýtmaly sözleriniň bardygyna ünsi çekip, bu kitaba milli ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, dinimiziň kökleriniň juda çuňdugy, has gadymy döwürlerden gaýdýandygy baradaky pikirlerini girizendigini belläp geçýär. «Dünýewi döwletimizde milli ýol-ýörelgelerimizi gaýtadan dikeldýänligimiz, berkidýänligimiz, juda aýawly, päkize saklaýanlygymyz, ruhy gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň belentligi baradaky garaýyşlarymy beýan etdim» diýmek bilen, Gahryman Arkadagymyz milli edep-ter

Milli mirasymyz — buýsanjymyz

Täze taryhy döwrümizde halkymyzyň baý medeni mirasyny aýawly saklamakda, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde we bütin dünýäde wagyz etmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan hakykatdyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň ilkinji günlerinden bu wakanyň şanyna ýurdumyzda geçirilýän baý many-mazmunly çäreleriň uly ähmiýeti bardyr. Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň yglan edilip, häzirki günlerde onuň welaýat tapgyrlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem bu ugurda guwanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr. Şeýle özboluşly bäsleşikleriň geçirilmegi halypalardan şägirtlere geçip gelýän we täze taryhy döwürde ýoluny dowam edýän gadymy sungatymyza bu gün aýratyn ünsüň gönükdirilýändiginiň, milli medeniýetimiziň, aýdym-saz sungatynyň ösmegi we dünýä ýüzünde ýaýmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisiniň barşynda üstümizdäki ýylyň güýzünde, has takygy, 11—14-nji oktýabry aralygynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly

Ede­biň ýag­şy­sy

Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men ýi­git­le­ri­niň we gyz­la­ry­nyň il­ha­lar, sa­ly­hat­ly, edep-ek­ram­ly, il-gü­ne ge­rek­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ola­ryň ter­bi­ýe­si­ne we edep-ek­ra­my­na ýaş­lyk­dan uly üns be­ril­ýär. Türk­men­ler­de ça­ga ter­bi­ýe­le­mek me­se­le­si dur­mu­şyň äh­li pur­sat­la­ryn­da göz­den sa­lyn­man­dyr. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ula­ny­lyp ge­lin­ýän sa­lam­laş­mak des­su­ry hem öz gym­ma­ty­ny sak­lap gel­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz bu däp-des­su­ry örän ýer­lik­li ber­jaý edip, şu gün­le­re çen­li ýe­ti­rip­dir­ler. Ça­ga ma­na dü­şü­nip, köp­çü­lik bi­len öz­baş­dak gat­na­şyk edip baş­lan­dan, ýag­ny köp­çü­li­ge ga­ry­şyp oý­nap baş­lan­dan, özi ýa­ly­lar bi­len sa­lam­laş­ma­gy öw­ren­ýär. Soň­ra ulu­la­ra sa­lam ber­mä­ni öw­ren­ýär. Türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da «Ede­biň ýag­şy­sy — sa­lam be­re­ni, ýa­kyn­lyk ýag­şy­sy — ba­ryp ge­le­ni» di­ýen na­kyl bar. Sa­lam adam­la­ryň bi­rek-bi­re­ge sa­ta­şan­da, du­şu­şan­da il­kin­ji aýd­ýan ho­şa­maý sö­zü­dir. Yn­san gat­na­şyk­la­ry şol söz­den baş­lan­ýar. Türk­men­çi­lik­de hem­me­le­riň sa­lam­ly bol­ma­gy oňat gö­rül­ýär, ýa­şy ki­çi­niň ýa­şy ula, at­ly­nyň py­ýa­da, py­ýa­da­nyň otu­ra­na, aňyr­dan ge­le­niň öýe, ata-ene­si­ne, mu­gal­ly­my­na we us­sa­dy­na sa­lam ber­me­gi edep­li­lik ha­sap­la­nyl­ýar. Sa­lam­laş­ma­gyň edep­le­ri ba­ra­da bi­ziň akyl­dar­la­ry­myz, ýa­zy­jy

Gülüň owadan

Şu gün — 15-nji iýulda  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň  medeniýet  öýünde Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» atly keçe  bäsleşiginiň  welaýat tapgyry geçirildi.

Ak öý — garry öý

Aslynda «öýlenmek» sözüni öý (asyl söz) + len (işligiň buýruk şekili) ýaly böleklere bölünip, manysyny seljersek, «öý edinmek», «öýli bolmak» diýen manylary berip durandyr. Ýaş çatynjalar üçin tutulan şol ak öý bir ýyla çenli myhman-mediwan kabul edilýän öý hökmünde saklanylypdyr. Gelin gaýdyp gelenden soň, ýaş çatynjalar şol ak öýde ýaşap başlaýarlar. Ýöne şol öýde hiç wagt ot ýakylmandyr. Hatda gelniň çagasy bolandan soň hem ol öý arassa saklanyp, biş-düş gelniň gaýyn öýünde edilýän eken. Oglanyň ene-atasy olaryň rysgalyny aýyrýança ýa-da ikinji ogluny öýerip, toý tutýança, şol ak öý ak öýlügini saklap gelipdir. Agzan muddetimizden soň, ol ak öý aklygyny ýitirip ugrapdyr. Durmuş hajatlary üçin öýde ot ýakylyp başlanýar: çaý-nahar taýýarlamaly, sowuk-yssydan goranmaly bolýar. Şeýlelikde, ot-tüssäniň, bug-bursynyň täsirinden tärimler, uklar, tüýnük, üzükler, serpik gurýa baglap, ýuwaş-ýuwaşdan garalyp ugraýar. Geçmişde ak öýe «gara öý» diýlip atlandyrylmagynyň asyl manysy şundan gelip çykypdyr. Seni öýlendirip, üstüňe ak öý tutan eneň-ataň ojagy bolsa ogul-gyzlary üçin garry öý bolup galýar. Häzirki güne çenli ogul-gyzlarymyzyň, agtyk-çowluklarymyzyň «Garry öýden gelýärin», «Garry öýe barýaryn» diýmekleriniň gelip çykyşy-da şol köklerden gaýdandyr.