"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Daglara bagry badaşan

Ençeme menzillerden seleňläp görünýän, başy bulutlar bilen tapyşýan Köýtendag daşky görnüşi, täsin tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen köpleri haýran galdyrýar. Bu duýgy dag dünýäsi bilen içgin tanşanyňda has-da güýçlenýär. Gojaman dagyň dereleriniňdir jülgeleriniň jana şypaly, tämiz howasy, durnagöz çeşmeleri, behişde gaýra dur diýdirýän baglary, hoş owazly guşlarydyr täsin jandarlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şol sebäpli bu sapaly sebitde ýeke sapar bolan adam daga müdimi aşyk bolýar, oňa ýene-de dolanyp gelmegiň küýseginde ýaşaýar. äsinlikler mekanyna ilkinji gezekki gezelenji Şaniýazyň hakydasyndan henizlerem çykanok. Şonda daglaryň başy ak garly gaýalary, biri-birine utgaşyp gidýän belent depeleri sarsmazlygyň, bakylygyň nyşany hökmünde onuň kalbyna ornapdy. Millionlarça, ýok, milliardlarça ýyllap tebigatyň dürli täsirlerine: gyşyň aňzagyna, tomsuň jöwzasyna diňe bu keremli daglar döz gelip bilýär. Şol sebäpli halkymyz daglar bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdir. «Gudrat görseň, daglara bar», «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar», «Dag görki ― daş, agyz görki ― diş», «Dag ýeri ― duman, ýurt ýeri ― çemen»... Dag eteginde ― Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginde eneden doglan Şaniýaz Meňliýew orta mekdepde okan ýyllarynda bu pähimler bilen tanşypdy. Şonda ol şeýle-de Köýtendagyň beýik Gissar daglarynyň günorta-günbatar bölegini düzýändi

Arzylanym — arwanam

Ýakynda Mary welaýatynda iş saparynda bolanda Gahryman Arkadagymyz Garagumuň jümmüşinde kärendeçi çopan maşgalasy bilen duşuşdy. Çopan çalmaryndaky söhbetdeşlik mahaly Milli Liderimiz maldarçylygyň gadymdan gelýän ýörelgelerine ünsi çekip, ata-babalarymyzyň sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýýandyklaryny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna aýratyn möhüm orun berilýändigini nygtady. Alym Arkadagymyzyň başlan bu gürrüňi maldar we düýe maly bilen baglanyşykly maglumatlary öwreniji mirasgär hökmünde meni diýseň begendirdi. Hydyr gören ymgyr çölde gozgalan bu gürrüň, meniň pikirimçe, hökman dowam tapar, türkmene edil bedew aty, wepaly alabaýy, dowary ýaly hemişe ýakyn bolan düýe üns bereniňe, öwreneniňe, yhlas edeniňe degýän mal.

Ýunus Emräniň döredijiliginde ekerançylyk düşünjesi

Ekerançylyk bilen meşgullanmak, topraga ideg edip, ondan bol hasyl almak adamzadyň ilkidurmuş köpçülikleýin jemgyýetinden daşlaşyp, medeni derejesiniň ýokarlanyp başlan zamanyndan gözbaş alyp gaýdýar. Biz muňa türkmen topragynda dörän irki ekerançylyk we şäher medeniýetleriniň iň gadymy ojaklary bolan Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly ösen siwilizasiýaly şäherlerden aýdyň göz ýetirýäris.

Waspyň sena boldy dillerde bedew!

Geçen ýylyň soňky aýlarynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny göge uçurdy. Çünki milli aýdym-saz sungatymyz atçylyk sungaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Bedew» diýlende, ilki bilen «Görogly» şadessanynda Gyratyna atlanan, bir elinde dutary, bir elinde gylyjy bolan Görogly göz öňüňde biygtyýar janlanýar.

Guýy suwy — derde derman

Gumda önüp-ösüp, şol ýerde gojalyga ýeten Ora çopan kalbyna howsala düşse, doga okap, guýynyň daşyndan aýlanyberýär. Geň galyp, seretseňem: «Guýy — gudrat, tamdyr — keramat» diýip, kagyza ýazybermeli gyzykly gürrüňe başlaberýär: — Aňzakda ýyljajyk, tomsuna buz ýaly suwy bilen ynsanyň, haýwanyň ömrüni uzaldýan guýynyň gudrat kemi ýok. Köneler «Bir içit, bir geçit, bir metjit» gurup, olary ulanmaga bereniň sogaby soňsuzdyr» diýip, ýöne ýere aýdan däldir. «Bismilla, ýa pirim Suhy-Zinde» diýip başlaýan guýy ussasy hepdeläp işlänsoň, süýji suwa, ýogsa-da ajy, şor suwa ýetýär. Guýy gazylanda dik, göni gazmak üçin inçe ýüpüň ujundaky çyranyň çüýşesinden «şugul» daňyp sallaýarlar. Guýyň gyşaran ýerinde çyra diwara degip, ussaň harsallygyny «şugullaýar». Guýy ussasynyň birje ýalňyşy ömrüne deň. Guýy gyşarsa «üzülýär», opurylýar. Garrylar «Guýy gazýan ussa, agzyna suw damdyrylýan hassa — jany gyl üstünde» diýerdi. Öňler guýy opurylmaz ýaly, tutdan çöwlük örülip, gyrasyna bile ýetip duran buljura — halka galdyryp, agzyna-da çagaryk-gapak ýapylýar eken. Guýudan ilkinji çykan süýji suw derman hökmünde yrym üçin çyrçykly çaga, önelgesiz zenana, derdi bilinmeýän bimara berlipdir.

Täsin halyda janlanýan taryh

2024-nji ýyl — Änew şäheri «Türki dünýäniň medeni paýtagty» Taryhy çeşmelerde «Gözellik öýi» ady bilen hem belli bolan Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidi ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleriniň biridir. Bu ýadygärlik gözelligi we binagärlik aýratynlyklary bilen Gündogaryň musulman binagärleriniň köpüsini haýran galdyran ymaratlaryň biridir. Gynansak-da, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan aýylganç ýertitreme orta asyr ussalarynyň döreden ajaýyp binagärlik nusgasyna zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, binanyň saklanyp galan bölekleri arheologlara we taryhçy alymlara ony öwrenmäge hem-de rejeleýiş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Buýsanç duýgusyny döreden waka

«7/24. tm» № 03 (190), 15.01.2024 ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Umumadamzat mirasy

Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa şahyra uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Munuň özi berkarar türkmen döwletini, agzybirligi arzuw eden söz ussadyna, sözüň gudratyna, edebi mirasymyza halkymyzyň goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandyr. Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has hem belende göterjek bu şanly waka taýýarlyk görmegiň barşynda alnyp barylýan asylly işler halkymyzyň medeni durmuşyny has-da baýlaşdyrýar.

Magtymguly Pyragynyň çuňňur pelsepä ýugrulan şygryýet mirasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.

Milli mirasymyzyň hukuk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli medeniýetimizi, mirasymyzy goramak, aýap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýetirmek ýaly asylly işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, ýaýratmak, halkara derejesine çykarmak üçin ýerine ýetirilen işler halkymyzy guwandyrýar. Türkmeniň milli mirasy taryhyň ähli döwürlerinde  bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklaryň birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, kalplara ynam, köňüllere ylham çaýýan şamçyragdyr.

Pyragynyň şygyrlarynda söz suratkeşligi

Şygryýet äleminde pikir, çeperçilik we duýgudan başga söz suratkeşligi diýen usul hem bar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem şygyr düzülişiniň bu usulyny goşguda ulanypdyr. Muňa biz onuň ähli goşgularynda diýen ýaly duşýarys. Ussat tebigy meňzetmeleri sözüň tebigatyndan alyp, okyjynyň ýüregine we heňňamlara öwrüp ýazypdyr. «Sözi Hak agzyma salar» diýen ussadyň diline gelip duran bu meňzetmeleri şygry bezemek üçin däl-de, manynyň pelsepesini çuňlaşdyrmak üçin kemala gelipdir. Mysal üçin:

Ýargyjak

Degirmeniň bugdaýy, arpany, daryny, jöweni üwäp, un öndürmekde ulanylandygyny, juwazyň däneli ekinlerden ýag almakda ulanylandygyny bilýäris. Degirmenlere, juwazlara biziň mirashanalarymyzda duşmak mümkin. Ýöne däneli ekinleriň arasynda şalyny gaýtadan işläp, tüwi we tüwi ýarmasyny almak üçin geçmişde, esasan,  soky, depme, ýargyjak ýaly gurallar ulanylypdyr. Olaryň içinde soky iň ýönekeýi bolup, depmeler gurluş taýdan çylşyrymlyrak bolupdyr. Özem adyndan belli bolşy ýaly, aýak bilen depilip işledilipdir. Şalyny gaýtadan işlemekde has giň ýaýran gurallaryň biri ýargyjaklar bolupdyr. Ýargyjak hakynda «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde»: «Şalynyň gabygyny arassalamak üçin daşdan edilen gural» diýlip, düşündiriş berilýär. Soňam «Görogly» şadessanyndan Hüňkär şanyň berýän zulumy dogrusynda aýdylýan «Hyzmatkär çorularymyz ýargyjagyny gatyrak darta bilmeýärdiler» diýen sözlem mysal getirilýär.

Ýylyň şygary — köňülleriň çyragy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Hökümet agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Çäre bilen ugurdaşlykda Mukamlar köşgüniň eýwanynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň, Milli Liderimiziň eserleriniň, şeýle-de halkymyzyň şekillendiriş, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi-de guralyp, ol maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Kesbi nesillere ýörelge

Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri senetçiligiň, hünärmentçiligiň ösmegine mynasyp goşant goşupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda senetçiligiň döwrebap öwüşginler bilen baýlaşmagy we dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçiren «Asyrlara görelde — nesillere ýörelge» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Hojambaz etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Haltäç Rahymow agaç ussaçylygy boýunça ýeňiji boldy. Ol birnäçe ýyldan bäri halkymyzyň milli senetçilik däplerini dowam edip, ussaçylyk bilen meşgullanyp gelýär. Onuň ýasaýan agaç önümleriniň arasynda at eýerleri we agaç okaralar aýratyn orny tutýar. Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlap, orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. Işiniň gapdalyndan özüniň ýaşlykdan öwrenen ussaçylyk kärini dowam edýär.

Parasatly pikirler

Durmuş sahna oýny kibidir: onda esasy zat oýnuň näçe wagtlap dowam edýändiginde däl-de, oýnuň nähili oýnalýandygyndadyr. ***

«Adym geçer ilden-ile, nagyş ederler dilden-dile»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip bellemek bilen, dana şahyrymyzyň döredijiliginiň uç-gyraksyz ummandygyny we onuň çuňňur öwrenilýändigini nygtaýar. Magtymguly Pyragy — özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir.

Alajalar nagyş hökmünde

Alajalar, alaja görnüşli ýüpler türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşan milli gymmatlyklar bolup durýar. Halkymyz alajalary uzak geçmişden başlap, häzirki güne çenli diňe bir gözden-dilden goraýjy serişde hökmünde däl, eýsem nagyş, bezeg hökmünde hem ulanypdyr. Çaganyň gundag bagy, sallançak bagy, gelin-gyzlaryň bukjasynyň bagy alajadan bolupdyr. Olara uk bag, tüýnük bag, serpik bag, üzük bag, durluk bag degişlidir. Alajadan edilen baglar ak öýlere özboluşly gelşik beripdir. Ak öýleriň torbalarynyň gyralaryna hem nagyş hökmünde alajalardan baglar tutulypdyr. Gelin-gyzlaryň el işlerinde, haly-palaslarda alaja şekilindäki nagyşlar köp ulanylýar. Gelin-gyzlar alaja nagşyny erkek adamlara niýetlenen tahýalara, guşaklara, çaýhaltalara, elýaglyklara has köp salypdyrlar.

Sandyk

Umumadamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän «Görogly» şadessanynda: Eý ýaranlar halaýyklar,Gyzlar göteriň sandygy.Aga-ini, dosty-ýarlar,Gyzlar göteriň sandygy —

Söz manysy

Hüýt Halkymyzyň arasynda eždatlarymyzdan gaýdýan «Hüýt ýaman gelse — ýut, ýagşy gelse — gut, çelek-çelek süýt» diýen aýtgy bar. Bu ýerde ýut — gadymy türkmen dilinde mal gyrgynçylygyny, gut — berekedi aňladypdyr. Biz «hüýt» sözi bilen gyzyklananymyzda duş gelen täsin maglumatlarymyzy okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.

Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi – dil hazynasynyň göwheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa, hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýip parasatly belläp geçmeginden ugur alyp ýurdumyzda gadymy eserler alymlarymyza ene dilimiziň geçmiş taryhyny, onda ýüze çykan özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde, çeperçilik taýdan ýokary hilli eserler döretmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň diwany”) atly meşhur eseri häzirki döwü