"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

«Ýerde Nowruz hormaty...»

Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynda bellenilip gelnipdir. Bu hakda zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan «Awestada», Abylkasym Firdöwsiniň «Şanama» eserinde, Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler», Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserinde, Gündogaryň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Tebigy hadysalaryndan hasap tutan pederlerimiz Nowruzda gar ýa-da ýagyş ýagsa, ýylyň ygally boljakdygyny kesgitläpdirler. Sähra merdanalary bolan çopanlar üçin tebigat müňbir täsinlikleri bilen olaryň aňyna ornaşypdyr. Tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler, howanyň üýtgemegi, zeminde ýaşyl otlaryň gögermegi, guş-gumrularyň hereketiniň artmagy sähra adamlarynda dürli garaýyşlary oýarypdyr.

Hoşniýetliligiň baýramy

Bahar pasly biziň üçin diňe bir tebigatyň jana gelip, ýaşyl dona bürenýän, reňbe-reň gülleriň açylyp, çar tarapa gözellik eçilýän pasly bolman, eýsem ol ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlary alamatlandyrýan pasyldyr. Bu pasylda halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. «Awestada» onuň täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligiň, parahatçylygyň özboluşly beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr». Halkymyz Halkara Nowruz gününi goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde belleýär. Munuň özi dostluga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekde Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýetini hem-de ornuny görkezýär.

Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Sarahsdan demirgazyk-günbatara gidilende, sebitde o diýen uly bolmasa-da, adybir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänä gelýärsiň. Bu şäherde ýaşan akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (967 — 1049) — sufizmiň köp asyrlardan soň hem uly hormat bilen ady tutulýan görnükli wekilleriniň biridir. Halkymyzda bu şahsyýet «Mäne baba» ady bilen meşhurdyr. Onuň ýaşan döwründe Mäne şäheri ýeterlik derejede bol oba hojalyk önümleriniň mesgeni bolup, onuň bazarlary, kerwensaraýlary hemişe adamly ekeni. Şäheriň dört burçunda diňleri bolan gönüburçly içki galasy bolupdyr. Häzirki wagtda ol depe bolup dur, il arasynda oňa Göbeklidepe diýilýär. Onuň çäginiň daşynda Mäne babanyň sopulary üçin hanakasy ýerleşipdir. Mäne baba köp gezip, dürli şäherlerde bolup, şol döwrüň görnükli alymlary, filosoflary bilen duşuşypdyr, pikir alşypdyr. Halk hakydasy iki sany ussadyň — Mäne baba bilen Ibn Sinanyň arasyndaky söhbet hakyndaky rowaýaty şu günlere ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem getirýän şol rowaýatyna görä, Mäne baba Ibn Sina bilen gepleşip otyrka, käsäni ýokary zyňýar, käse bolsa howada aslyşyp durýar. Ol myhmanyna: «Siz, alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp: «Tutuş tebigaty boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar» diýýärsiňiz. Näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asyly

Kazy, wezir, hökümdar hem şahyr

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.Bu babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen birlikde, türkmen halkynyň geçmişinde uly yz galdyran şahsyýetleri öwrenmeklige hem uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylanyna 10 ýyl boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ylham» atly çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolupdy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça täze çeperçilik-seýilgäh toplumy «Ylham» diýlip atlandyrylypdy. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän bu muzeýde 40-dan gowrak taryhy we edebi şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan. Olaryň biri-de kazy, wezir, hökümdar hem şahyr bolan şahsyýet — Burhaneddin Ahmet Siwaslydyr.

Edermen alabaýymyz

Türkmen sährasynyň görki, guwanjy, Edermen, merdana alabaýymyz.Çopan goşlarynyň gorag-daýanjy,Üşükli, gaýduwsyz alabaýymyz. Arkadagyň eserinden orun alan,Mertebesi asyrlara ýaň salan.Waspyny ýetirsek älem diň salar,Gözellikde taýsyz alabaýymyz.

Şadiwanyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar ...Ady Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen Akhan Gurply we Ruhubelent atly bedewleriň nesli. Akhan Gyrsakaryň nesil ugruna degişli bolup, bu ugurda Kerwen, Garader, Gökleň ýaly ýyndamlykda aýlawlary baglan atlaryň bolandygyny aýratyn bellemelidir. Gyrsakar hem Boýnowyň nesil ugrundan gaýdýar. Gyrsakar 1936-njy ýylda doglan, onuň kaddy-kamaty boýunça-da saýlantgy derejededigi ykrar edilendir.

Türkmeniň uçar ganaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Türkmen seýisçilik sungatynyň kämilligi bilen kemala gelen dal bedewlerimize tebigatyň täsin gözelligi siňipdir. Onuň ýel ýaly öwsüp, ýyldyrym ýaly çalasynlygy, ýyndamlygy köpleri haýrana goýýar. Gözellikde, ýyndamlykda we wepalylykda köpleri özüne bendi eden ahalteke bedewleriniň täze neslini kemala getirmek, olaryň gadymy şöhratyny has-da dabaralandyrmak babatda bitirilýan beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Bilşimiz ýaly, ajaýyp döwrümizde ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa täze many-mazmuna eýe bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärliginde, täze gurlan we gurulýan ahalteke atçylyk toplumlarynda, şaýollaryň ugurlaryndaky yşyklandyryş sütünlerinde, şeýle-de ýollaryň çatryklaryndaky aýlawlarda, Olimpiýa şäherçesinde türkmen bedewleriniň keşbiniň ebedileşdirilmegi milli gymmatlygymyza goýlan belent sarpadan nyşandyr.

Nowruz saçagynyň tagamlary

Bereketli türkmen saçagynyň naz-nygmaty gadymdan bäri mälimdir. Munuň aňyrsynda Türkmenistanyň güneşe baý tebigy aýratynlyklary, halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, topragy keramatly hasaplap, oňa yzygiderli we mähirli hyzmat etmek ýaly milli ýörelgeleri bar. Nowruz baýramynda taýýarlanýan tagamlar hem özboluşly aýratynlyklara eýedir. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde 7-lik keramatly we täsin güýje eýe bolan san hökmünde orun alypdyr. Ýedi ölçäp bir kesmek, semeni tagamyny ýedi öýe dadyrmak, çaga çileden çykarylanda ýedi öýe aýlamak, aşyklara bagyşlanan ýedi dessan, hepdäniň ýedi güni, ýedi gat ýer, älemgoşaryň ýedi reňki, ýedi dürmen atly keteni matasy we şuňa meňzeşleri görkezmek bolar.

Çowgan — gadymy oýun

At üstünde oýnalýan oýunlaryň içinde gowy görülýänleriň biri-de, çowgan oýnydyr. Bu oýun Merkezi Aziýada antik döwründe döräpdir. Parfiýalylaryň arasynda giňden ýaýran çowgan oýny orta asyrlar eýýamynda özüniň ýokary derejesine ýetýär. Oýnuň maksady ujy egri taýakly atly jigitleriň iki toparynyň biri-biriniň garşysyna durup, eminiň yşaraty boýunça ylgap başlamagy we togalak agajy (topjagazy) meýdançanyň aýagujundaky dikilgi pürsleriň aralygyndan geçirmekden, garşydaş toparyň bolsa, ony saklap yzyna gaýtarmagyndan ybarat bolup durýar. Çowgan oýnunda, ilkinji nobatda, at zerur bolupdyr. Ýewropa edebiýatlarynda çowgan oýnuna «atyň üstünde oýnalýan top oýny» diýilýär. Orta asyr çeşmelerinde bu oýun «batyrlaryň oýny» diýlip atlandyrylypdyr, sebäbi ol örän güýçlüligi, çakganlygy, sowukganlylygy talap edipdir we meşhur esgerlere mynasyp kesp-kärleriň biri bolupdyr.

Nowruz gelse äleme

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda mähriban Watanymyzda Milli bahar baýramy uly şatlyk, dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Nowruz milli oýunlary

Türkmen halkynda Nowruz däpleri bilen bagly birnäçe milli oýunlar bar. Aslynda, toý-baýramlaryň şatlyk-şagalaňy, oýundyr ýaryşlary ýaşaýyş durmuşyň şatlygyny artdyrmagyň, iş-aladalary wagtlaýynça ýatdan çykaryp, gyzykly dynç almagyň bir görnüşidir. Şoňa görä-de, her bir türkmen toýunda bolşy ýaly, halkara Nowruz baýramynda hem ýörite taýýarlanylýan toý naharlary, geýilýän toý lybaslary, geçirilýän tomaşalardyr milli oýunlar, ýaryşlar, bäsleşikler adamlaryň ruhuny göterýär. Bu baýram bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan halk oýunlarynyň taryhy kökleri gadymyýetden gaýdýar. Mähriban çagalar, biz hem size öz gözbaşyny merdana pederlerimiziň — gadymy oguz-türkmen kowumlarynyň medeni däplerinden alyp gaýdýan käbir Nowruz milli oýunlary barada gürrüň bermekçi. Aşyk oýny — «Tänderdi». Nowruz we beýleki milli baýramçylyklarda oglanjyklar tarapyndan oýnalýan aşyk oýny şüweleňli milli oýunlarynyň biridir. Aşyk oýny üçin ownuk we iri şahly mallaryň aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. Uly aşyk süňküne «topaz», has kiçijik aşyk (guzy aşygy) süňküne bolsa «müji» diýlipdir. Aşygyň dört tarapynyň hersine özboluşly at berlipdir: aşaky giň aýlawly tarapyna «alçy» (at), ýasy tarapyna «tagan» (eşek), gapdalky çökgüt tarapyna «jikge», beýleki galybrak duran tarapyna bolsa «dükge» diýilýär. Oglanjyklar aşygyň jikge tarapyny köwüp, içine gurşun guýýarlar we ony «kenek» diýip atlandyrýarlar. Ken

Gulakhalka

Türkmen zenanlarynyň durmuşyna gadymy döwürlerde ornaşan şaý-sepleriň biri-de gulakhalkadyr. Halkymyzda irki döwürlerden bäri gyzjagazlar üç-bäş ýaşyndaka, käbir ýerlerde bolsa çaga bir ýaşynyň içindekä gulak deşdirmek däbi berjaý edilipdir. Bu dabaraly däp, esasan-da, bahar gelip, ilkinji garlawaçlar görnüp başlanda tutulypdyr. Gulak deşmek işi eli ezber enelere ynanylypdyr. Halk arasynda olara «Sümen» ýa-da «Sümen daýza» diýlipdir. Sümen daýza täzeje iňňä işilen saryja sapak geçirip, ony şerebä ýatyryp zyýansyzlandyransoň, gyzjagazyň gulagyny şol iňňe bilen deşipdir. Sapajyk çaganyň gulagynda ýarasy bitýänçä saklanyp, soňundan onuň ýerine altyn ýa-da kümüş gulakhalka dakylypdyr.

Nepisligiň nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda her günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenip, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga, olary nesilden-nesle geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Halylarymyzda halkymyzyň däp-dessurlary, dünýägaraýşy, gelin-gyzlarymyzyň päk arzuwlary jemlenýär. Ajaýyplygyň we kämilligiň nusgasy bolan halyçylyk sungatynyň gadymy görnüşlerini gorap saklamakda, nesillerimize ýetirmekde döredilýän şertler buýsanjymyzy artdyrýar. Watanymyzda çuň mazmun bilen baýlaşyp, öýlerimize hem-de toýlarymyza bezeg berýän halynyň gölleri halkyň baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda halyçylyk sungaty barada gyzykly gürrüňler, rowaýatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Türkmen tebigatyna düşünmezden, halkymyzyň baý ruhuny okamak mümkin däl. Türkmen zenanlary halyda türkmen tebigatynyň keşbini ussat nakgaş, söze çeper ussat bolup suratlandyrýarlar» diýip belleýär. Hawa, eli çeper zenanlarymyzyň dokan haly we haly önümlerini synlanyňda, bu sungatyň barha kämilleşýändigine, halyçylaryň oňa bar gujur-gaýratyny, söýgi-mährini, yhlasyny, zehinini hem-de zäh

Zehinli ýaşlaryň arasynda

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gumdag şäher geňeşiniň merkezi şäher kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, oňa şäherdäki orta mekdepleriň okuwçylary, talyp ýaşlar, şeýle hem ýaş mugallymlar toparlaýyn gatnaşdylar. Birinji tapgyrda bäsleşigiň jemi jemlenilende, 2-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen «Dostluk» topary baş baýraga mynasyp boldy. 6-njy orta mekdebiň «Gujurly nesil» topary birinji, 1-nji orta mekdebiň «Ylham» topary  ikinji, 3-nji orta mekdebiň «Agzybirlik» topary üçünji orunlary eýelediler.

Gadymy däpleriň dowamy

Türkmen halky Milli bahar baýramy bolan halkara Nowruz baýramyny gadymy döwürlerden bäri milli däp-dessurlara laýyklykda, joşgunly dabaralara, uly şagalaňlara besläp belläp geçipdirler. Gündogar halklarynyň köpüsinde gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty mart aýynyň 21-i hasaplanýar. Şondan soň tebigatda janlanma, oýanyş, ösüş başlanýar.

Nowruz barada...

Nowruz ýagşy geçiň şahyny ezse, hasyla garaş. Nowruz geçmän, dertli dertden sabamaz.

Baýramçylyk joşguny

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Halkara Nowruz güni mynasybetli, «Nowruz joşgunlary» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreden eserleriniň sergisi guraldy. Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk sergisinde M.Çaryýew, M.Hojagulyýewa, B.Gurbansähedow, Z.Çaryýewa, L.Muhtarowa ýaly tanymal suratkeşleriň ajaýyp bahar paslyny wasp edýän eserleri görkezildi. Baýramçylygyň belent joşgunyny özüne siňdiren sergide belli keramikaçylaryň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň milli öwüşginli eserlerine-de uly orun berildi. * * *

Rehnet çeşmesi

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler adamyň mynasyp ýaşaýşyny, abadançylygyny we ýurduň her bir raýatynyň şahsy mümkinçiligini hemmetaraplaýyn erkin ösdürmegi üpjün etmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, zähmeti guramak we goramak boýunça alnyp barylýan işler döwrebap ösüşlere beslendi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky döwlet wezipelerini ýerine ýetirmekde adamyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny döretmäge gönükdirilen zähmet ynsan durmuşynyň ösüşiniň we jemgyýetçilik öňegidişliginiň esasy görkezijisi bolup durýar. Hususan-da, bazar gatnaşyklaryna geçilýän, ylmyň we tehnologiýalaryň güýçli depginler bilen ösýän häzirki döwürde adamlaryň zähmet we intellektual mümkinçilikleri derwaýys önümçilik şertine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmakda netijeli işleýän zähmet bazarynyň giňeldilmegine, adamlaryň akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz şöhratly türkmen ýolunyň hoşniýetli gymmatlyklaryny özünde jemleýän, her jümlesi gymmatly pikirlerden doly türkmen dünýäsini, durmuşyny, döwletlilik ýörelgelerini çeper beýan edýän «Türk

Daşlaryň dilindäki söhbet

Çalynmadyk sazlara bagyşlanan heýkel Heýkeltaraş Polat Mämiýewiň özi bilen onuň döreden heýkelleri hakynda gürrüň etsek, ol her bir döreden eserinde özboluşly, üýtgeşik bir pikiri öňe çykarýar. Onuň bilen bile ussahanasyndaky heýkeli synlaýaryn.Sazanda Jepbar Hansähedow. Ol ýaş hem görmegeý. Ykjam hem gujurly. Dutary-da bar. Häzir dutaryny bir gulakdan düzüp, özüniň meşhur sazyna — “Baga girelä” başlaýjak ýaly duýgyny döredýär. Emma... Emma çalynmaz, sebäbi eser çalnan saz hakynda däl-de, çalynmadyk saz hakynda. Sazanda dutary tutanok, heýkelde dutar doly şekillendirilmändir. Göýä dutar bilen sazanda bir bitewi göwrä öwrülip, biri beýlekisine siňip duran ýaly bolup görünýär. Munda basylmadyk perdeler, kakylmadyk kakuwlar görünýär, sen, elbetde, olary göreňok, emma kalbyň bilen duýýaň. Dutaryň ho-ol sap ujunda — goşa gulagyň durmaly ýerinde bolsa gül tahýaly bir gyz uzyn saçlaryny ýaýyp duran ýaly görünýär. Ol-da sazandanyň indiki sazyna intizarlyk bilen garaşýarmyka? Polat onuň gyz maşgala däl-de, türkmeniň gowy görýän leýlisaç agajydygyny aýdanda, “Hä, asyl, şeýlemidi?” diýýäň hem-de şol wagt eserdäki aýdylýan pikiri dolulygy bilen kabul edýäň: heýkel ir üzülen ömri hem-de çalynmadyk sazlary ebedileşdirýär. Sag gursakda, dutaryň kädisi hem sapy bilen sazlaşyp duran ýerde görünýän zenan maşgalanyň suduryny bolsa wagtyndan ir solan ömre zarynlap duran ene topragyň keşbi h

Wepalylygyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz türkmen medeniýetini ösdürmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek ugrunda uly tagallalary edýär. Munuň üçin bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, olaryň medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň baý medeni mirasyny doly öwrenmegi we gorap saklamagy, mahlasy, türkmen ruhunda terbiýelenmegi wajyp bolup durýar. Ýurt Baştutanymyz 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Biz jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde halkymyzyň köp müňýyllyk ösüşiniň taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belledi. Hakykatdan-da, jemgyýetimiziň döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şerti türkmen milli medeniýetiniň giňden wagyz edilmegidir. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize bagyşlap döreden kitaplary bu günki gün bilim, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň ýakyn gollanmasyna öwrüldi. Olardan «Döwlet guşy», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ençeme kitaplarynda türkmen medeniýeti, urp-adatlary, däp-dessurlarymyz, gadymy mi