"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

«Dragon Oil» 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul dereje ýakylyşyna geçer

«Dragon Oil» kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady. «Häzirki wagtda biz çykarýan gazymyzyň 70 göterimini ulanýarys, emma üç ýyldan biz 100 göterim derejä çykmagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa Türkmenistanda uglewodorod çykaryşymyzy ekologiýa taýdan arassa eder» diýip, Ali Raşid Al-Jarwan 25 — 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Ata Watanymyz bagy-bossanlyga beslenýär

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. KÖPETDAGYŇ ETEGINDE DÖWREBAP ATHANA

Ekologiýa abadançylygy – tebigatyň gözelliginiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Ynha, şonuň üçin hem her ýylda ýurdumyzda bag ekmek dabaralary rowaçlandyrylýar, halkymyz bu asylly işe işjeň gatnaşýar. Çünki, tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak düşünjesi ata-babalarymyzyň paýhas gazanynda gaýnap, nesilleriň aň eleginde süzülip, ýol-ýörelge hökmünde biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen maddy we ruhy baýlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygy babatdaky başlangyçlarynyň ilerlemegine aýratyn üns berýär. Bu ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Türkmenistan ekologiýa boýunça çözgütleriň kabul edilmegi babatda umumy ýörelgeleri berkidýän köptaraplaýyn halkara ylalaşyklarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybarat

Ekologiýa syýasaty dabaralanýar

Bag ekmek, agaç nahallaryny oturtmak döwletlilikden, bagtyýar geljekden nyşan. Agaç nahallarynyň, köp görnüşli miweli we saýaly baglaryň ekilmegi indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary halkymyz üçin has-da buýsançly ýagdaý. Asylly däbe görä, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu asylly çäräniň baş maksady ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekden, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmakdan hem-de ata Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin hem kärine we ýaşyna seretmezden, agzybir hem zähmetsöýer halkymyz, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek işlerine uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

AJAÝYPLYK BOSSANY

Şu gün ýurdumyzda güýzki ekologiýa çäresi – ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Köpçülik bolup oturdylan ençeme düýp saýaly, pürli agaç nahallary güýz paslynyň hoştap howasyna ygşyldaşyp, türkmen tebigatynyň gözelligine görk goşdy. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşynda asylly däpleriň biri bolup galdy. Munuň özi tebigatymyza gözellik çaýmak, ekologiýa arassaçylygy bilen birlikde, ýaşaýşyň dowamat-dowamdygyndan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanýan döwletli işler şeýle çuň many-mazmunly bolup, belli bir maksada gönükdirilendir. Ol asylly işler durmuşymyza giňden ornap, ösüşli ýollar bilen bagtly geljege sary uzap barýar. Olaryň arasyndan iň sogaplysy bolsa, bag ekmekdir, nesillere ýadygär goýup, dünýäň kitabynda at galdyrmakdyr.

Dal daragtlar tebigatyň gelşigi

Şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen günsaýyn gözelleşýän mähriban Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berildi. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu ählihalk watançylyk hereketine bir adam ýaly bolup, agzybirlikde gatnaşdylar.

Nesil terbiýesinde ekologik medeniýet

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Diýarymyzyň dürli künjeginde her ýylda millionlarça düýp nahalyň oturdylmagy ýurdumyzda ähli ýaşdaky adamlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda anyk işleriň amala aşyrylýandygyndan nyşandyr. Ekologik düşünje we tebigata söýgi adamyň çagalyk döwründe kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemek, olaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly ýüze çykýan çylşyrymly meseleler ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmegi, olara akyl ýetirmegi, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir mekdepde däl, eýsem, maşgalada hem ekologik düşünjeliligi kemala getirmek möhümdir.

Elektromobiller — ekoabadançylyk

Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi şäheriň öňünde innowasion ösüşleriň iň häzirki zaman tejribesi hökmünde täze mümkinçilikleri açýar. Biz munuň şeýledigini gurlup ulanmaga berilýän binalaryň döwrebap aýratynlyklarynda hem görýäris. Bu babatda şähergurluşygynyň aýrylmaz bölegi bolan sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hut şu aýratynlyklar hem bu şäheri «geljegiň şäheri» adyna eýe edýär. Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşýändigi nazara alnyp, bu ýeriň tebigy gözelligini saklamak üçin «ýaşyl» tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegini hem nazarlaýar. Şeýle işler şäheriň arassaçylygy, ekologiýa howpsuz täsirler we geografik ýerleşişi bilen sazlaşykly ýola goýlandyr. Çünki şäher gurluşygynda we durmuşynda iň döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri, elektrobuslardyr elektromobiller bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi

Sagdyn we ýeňil dem almak üçin zerur bolan kislorody bölüp çykaryp, howadaky kömürturşy gazy ýaly maddalary sorup almagy hem uly bir nygmat ahyry. Ine, şonuň üçin hem biz agaç nahallaryny oturdýarys. Olaryň goýry saýaly we datly miweli daragtlar bolup ýetişmegi üçin yhlas edýäris. Tebigatymyza we ruhy dünýämize gözellik hem-de öwüşgin çaýmagy üçin, hemişe ýagşy ýatlamalara hemra bolmak üçin daragtlary, nahallary oturdýarys. Bag ekmek halkymyzyň milli dessurydyr. Ata-babalarymyz täze öý gurunjak ýerinde hemişe bag nahallaryny oturdypdyrlar. Bag — berekediň bir çeşmesi hasaplanylýar. Näçe köp bag nahallary ösdürilip ýetişdirilse, şonça-da şol ojagyň, şol ýeriň rysgal-berekedi has köpeler diýilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan.

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, onuň hemişe arassa bolmagy ugrunda giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Dünýäni özgerdýän oňyn ýörelge

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagy bilen baglydygyna uly üns berýär. Bu ýörelge «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapdy. Ösen ykdysadyýetiň şertlerinde gözel tebigatymyzy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýetiň gerimini giňeltmek we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hasap edilýär. Gahryman Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hem häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşi hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde öňe sürdi. BMG-niň belent münberinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi öňe sürmek bilen, bu oňyn başlangyjyň Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyz dünýädäki ekologik meseleler babatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyk edýär. Bu gatnaşyklary dünýä döwletleri we halka

Ekologiýa abadançylygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini halkara derejede çözmäge işjeň gatnaşýar. Hususan-da, Aral deňzini halas etmek, sebitiň durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak uzak ýyllaryň dowamynda sebit derejesinde üns berilmegini talap edýän mesele bolup durýar. Ýurdumyz ekologiýa howpuny azaltmak ugrundaky tagallalary birleşdirmekde işjeň çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramaga, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder» diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli

Ekologiýa abadançylygyna goşant

Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de bütindünýä we sebit forumlarynyň çäklerinde tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça döredijilikli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak ýaly derwaýys meseleler boýunça başlangyçlaryny doly goldaýar. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar.

Ýaşyl ekologiýa — gözel ýaşaýyş

Her güni ösüşlere beslenýän Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu derwaýys işi hemişe üns merkezinde saklaýar. Ata Watanymyzda saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň oturdylmagy, tokaý zolaklarynyň döredilip, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy oňyn netijesini berýär. Ylhamyňa ylham, ýüregiňe joşgun berýän gür baglyklar göwnüňi göterýär. Güneşli Diýarymyzy  bagy-bossanlyga beslemek, tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak ählimiziň borjumyz bolup durýar. Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň gözelliklerini gorap saklamagy elmydama üns merkezinde saklan ata-babalarymyz ýaşyl baglaryň ajaýyp tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdir. «Bagym bar, barym bar», «Bag — barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýen nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr.

Ekologiýa abadançylygy – ählumumy bähbit

Tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak düşünjesi ata-babalarymyzyň paýhas gazanynda gaýnap, nesilleriň aň eleginde süzülip, ýol-ýörelge hökmünde biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen maddy we ruhy baýlygymyzdyr. Bu babatda bir howadan dem alýan, bir derýadan suw içýän, bir sebitde, bir yklymda ýaşaýan dost-doganlyk halklaryň hem halkymyzyň parahat dünýäde, asuda asmanyň astynda abadan durmuşda ýaşamak ýaly pikirlerini, ýol-ýörelgelerini goldaýandyklarynyň şaýady bolmak ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirýär. Munuň şeýledigine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy we ol ýerde taryhy çykyş etmegi hem aýdyňlygy bilen subut etdi. Taryha altyn harplar bilen ýazylan bu waka ekologiýa ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden eden çykyşynda gün tertibiniň möhüm meseleleri hökmünde howa we ekologiýa meselelerini çözmek barada aýratyn bellenilip geçildi.

Germaniýada howany goramak üçin ýük awtoulaglarynyň nyrhlary ýokarlandyrylar

Germaniýanyň mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap esasy ýollarda 7,5 tonnadan gowrak agramy bolan ýük awtoulaglary üçin tölegi ýokarlandyrmak boýunça kanun kabul edildi. Bu uglerod dioksidiniň zyňyndy töleglerini nyrhlara goşmak bilen amala aşyrylar. Kanunda bellenilişine görä, bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, agramy 3,5-den 7,5 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryna hem degişli bolar. Bu täze kanan ulaglardan çykýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen bolup, onuň kömegi bilen 2030-njy ýyla çenli umumy ulag duralgalarynda elektrik ulaglarynyň paýyny 35% -e çenli ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

Ekologiýa taýdan arassa ýurtlar

Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, daşky gurşawyň, ekologiýanyň arassalygy biziň ömrümiziň dowamlylygyny şertlendirýär. Şonuň üçin ABŞ-nyň Konnektikut ştatyndaky Ýel uniwersitetiniň Ekologiýa hukugy we syýasaty Merkeziniň alymlary her ýyl Ekologiýa işjeňliginiň indeksini düzýärler. 2022-nji ýylda bu merkeziň geçiren barlaglary netijesinde dünýäniň ekologiýa taýdan arassa döwletleriniň sanawy düzüldi. Bu sanawda ilkinji onlugy Daniýa, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa, Malta, Şwesiýa, Lýuksemburg, Sloweniýa, Awstriýa, Şweýsariýa we Islandiýa ýaly döwletler düzdüler. Barlag geçirilende, ýurtlaryň daşky gurşawy, tämiz howasy, ýaşamak üçin zerur şertleri, arassa agyz suwy, balyk gory, ekerançylyk we batgalyk meýdanlary, ýaşyl zolaklary, tokaýlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Iň ýokary ball 100 ball diýlip hasaplanyldy. Şonda Daniýa, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa döwletlerine degişlilikde, 77,9; 77,7; 76,5 ballar degişli boldy. Munuň özi bu ýurtlarda ekologiýanyň hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede arassadygyny görkezdi. Bu sanawda onluga giren ýurtlaryň iň pes baly 62,9-a deň boldy.

Gursakda joş alýar Watan söýgüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni kalbyňy heýjana salýan, gursakda köräp duran Watan söýgüsini barha möwjedýän şanly wakalardan, buýsançly hoş habarlardan doly. Baky Garaşsyzlygymyzyň şöhratly taryhynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýan, milli mukaddesliklerimiz hökmünde ýüreklerimize ornaýan bu ajaýyp pursatlar biziň ata Watanymyzyň röwşen ertirlerine bolan ynamymyzy berkidýär, röwşen geljegimiziň hatyrasyna yhlasly hem hyjuwly okamak, gurmak we döretmek höwesimizi artdyrýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öň ýanynda şaýat bolan wakalarymyz hem, «mawy ekran» arkaly eşiden hoş habarlarymyz hem biziň kalbymyzy şeýle bagtly pursatlara gaplady. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, ol köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde bolsa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň bardygy biziň baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Ýokary okuw mekdebinde okaýan esasy ugrumyz daş- töweregimizi gurşap alan ekoulgam bilen baglanyşykly bolansoň bu taryhy çözgüt bizde çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän we bütin

Ekologik abadançylyk — eşretli durmuşyň girewi

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. BMG-niň belent münberinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly oňyn başlangyçlary öňe sürüp, şonuň bilen bir hatarda teklipleri girizdi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň dünýädäki ekologik meseleler babatda hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi öňe sürýändigini nygtap, bu oňyn başlangyjyň Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendigini aýtdy. Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň özara sazlaşygynyň saklanylmagy adamzadyň durnukly geljeginiň girewidir. Sebäbi senagat pudaklarynda, şol sanda him

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri aýawly saklamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Şundan ugur almak bilen, tebigaty asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda oýlanyşykly işler amala aşyrylýar. Uzak we ýakyn ýyllary nazarlaýan maksatnamalarda hem bu ugurda toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulandyr. Ýaşyl zolaklary döretmek bilen, tebigy gurşawyň arassalygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, baýlaşdyrmakda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan işleriň uludygyny belläp geçmek gerek. Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilip, bu ugurda döwrebap kanunlar kabul edilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary muňa mysaldyr. Olar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.