"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bir etrapdan iki habar

Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowaçalaryň ideg möwsüminde hatarara bejergi, ösüş suwyny tutmak bilen bir hatarda, olary zyýan berijilerden goramak işlerine-de uly üns berýärler. Etrap boýunça 15-sany biolaboratoriýalar hereket edip, ekinlere gerekli bioönümler taýýarlanýar. Daýhan birleşiklerinde, dökünhimiýa bazasynda, pagta arassalaýjy kärhanasynda hereket edýän laboratoriýalarda öz işine ezber işçi-hünärmenler zähmet çekip, taýýarlanýan bioönümleriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaça meýdanlaryna trihogramma, gabrabrakon, altyngözlije goýbermek işi alnyp barylýar. Her günde etrap boýunça 750 — 800 gektar ýere peýdaly mör-möjekler goýberilýär. Ekinleri zyýan berijilerden goramakda «Akgala», «Bereket», «Maslahat», «Täzeýap», «Zaman» daýhan birleşikleri aýratyn tapawutlanýarlar.

Bagban mugallym

Allamyrat mugallym barada ýazmaga öňden hyýallanyp ýördüm. «Her zadyň öz wagty-sagady bar» diýleni-dä, bu işiň başyna indi, ikimizem pensiýa çykanymyzdan soň, bardym. Özem peýläp ýören gahrymanymyň ýazylmaga, taryp edilmäge mynasyp keşpleri, 40 ýylyň dowamynda toplan, ile ýaýradylmaga degişli mugallymçylyk tejribesi barada däl-de, ony hut häzirki günlerde meşhurlyga ýetiren bagbançylyk kesbi barada ýazmagy ýüregime düwdüm. Zehinli adam, aýdylyşy ýaly, hemme babatda-da zehinli, başarnykly bolýar. Wekilbazar etrabynyň Mülkbüküri obasynda 1961-nji ýylda doglan Allamyrat Hommadow hünäri boýunça taryh mugallymy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, indi biregne 41 ýyl bäri obasyndaky 12-nji orta mekdepde zähmet çekýär. Şu ýyllar oňa mugallym hökmünde şöhrat getirdi. Sapaklary guramakda, taryh otagyny göwnejaý abzallaşdyrmakda, okuwçylar bilen mekdepden we sapakdan daşary terbiýeçilik işlerini guramakda, zehinli okuwçylar bilen goşmaça taýýarlyk okuwlaryny alyp barmakda ol welaýat derejesinde tanalýan, tejribesi öwrenilýän mugallymlaryň birine öwrüldi. Onuň okuwçylarynyň ençemesi «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň welaýat we döwlet tapgyrlarynyň ýeňijileri boldular.

Maksatlary aýdyň, ümzükleri öňe

Halaç etrabynyň Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylary ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny kemala getirýärler. Olar geçen ýyl hem 1380 gektar meýdandan 4285 tonna derek 4501 tonna «ak altyn» ýygnadylar. Hojalygyň pagtaçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasylynyň düýbüni hem ykjam tutdular. Olar 1380 gektar meýdana gowaça ekip, şondan meýilnamada görkezilen 4284,9 tonna derek 4500 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Gowaçadan ýokary hasyl almak isleseň, onuň idegini kemsiz ýetirmeli. Muňa gowy düşünýän babadaýhanlar häzirki wagtda gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek, iýmitlendirmek, suwarmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Bu işde daýhan birleşiginiň we etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary pagtaçylara uly ýardam berýärler.

Bagy bereketli, miweleri datly

«Bag — durmuşyň bezegi» diýip, ata-babalarymyz ýöne ýerden aýtmandyrlar. Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde hem bagçylygy ösdürmeklige uly üns berilýär. Hojalykda ekerançylyk meýdanlarynyň 96,19 gektaryny miweli baglar tutýar. Şonuň 18 gektary bolsa üzümçilik. Baglardan ýylyň-ýylyna ýokary hasyl alynýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem baglardan ýokary hasyla garaşylýar. Hojalykda kärendeçi bagbanlaryň 110-sy yhlasly zähmet çekýär. Olaryň hemmesi hem bu ugurdan köp ýyllyk iş tejribesi bolan bagbanlardyr. Olar özlerine berkidilen baglara eýeçilik gözi bilen seredip, oňat garaşyk edýärler. Aýratyn-da, Aýna Abdyllaýewa, Jemal Rozyýewa, Bahar Salyhowa, Daýanç Döwletow dagy öz işine ussat bagbanlar hasaplanylýar.

Galla — 2024

JOŞGUNLY WE YHLASLY ZÄHMETIŇ AJAÝYP MIWESI Welaýatymyzyň gallaçylary zähmet üstünligini gazandylar

Welaýatymyzyň gallaçylarynyň ajaýyp zähmet üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyzyň merdana gallaçylary azabyňy gaýgyrmasaň, idegini ýetirseň, bereketli hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonna guşgursak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däplerini ösdürip, mynasyp dowam etdirýändikleriniň, kämilleşdirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ýylboýy çekýän argynsyz azaby bilen ene topragy gülledýän, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýan welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary bu gün ýeriň, suwuň hakyky eýeleri boldular. Bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde oňat netije berýän peýdaly usullaryň ekerançylyga işjeň ornaşdyrylmagy, dünýäniň ösen, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan başarnykly peýdalanylmagy, ekin meýdanlarynyň uzak möhletleýin esasda isleg bildiren tejribesi ýetik hasyl ussatlaryna berilmegi, işde ýokary netijeleri gazanmagy başarýan daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, ýer eýeleriniň ýokary hilli tohum, dökün bilen üpjün edilmegi bereketli toprakdan alnan hasylyň ýokary bolmagyna uly ýardam etdi.

Ekine tenekar, topraga hemdem

Irki döwürlerden bäri daýhançylygy kesbine öwrüp, bereket tapan ata-babalarymyz suw howdanlarynyň ençemesini gurupdyrlar, akabalaryň ugrunda bentleri dikeldipdirler. Geçmişde gurlan suw desgalarynyň ençemesi biziň günlerimize gelip ýetip, olaryň käbiri häli-häzirem halkymyza hyzmat edýär. Şol suw howdanlarynyň köpüsi Garaşsyzlyk ýyllary içinde abatlandy, suw toplaýyş göwrümi has giňeldildi.

Balkan welaýaty: arzyly sepgide ýetildi

Balkan welaýatynyň edermen oba hojalykçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagy düýpli ösdürmek babatda kabul eden taryhy kararlarydyr çözgütlerine mynasyp jogap bermek ugrunda yhlas edýärler. Welaýatyň zähmetsöýer daýhanlarynyň ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny taýýarlamak babatdaky borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri-de muňa doly şaýatlyk edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen mejlisinde habar berildi. Welaýatyň gallaçylarynyň eýelän belent sepgitleri olaryň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny düýpli ösdürmäge gönükdirilýän tagallalaryň netijesidir. Ýeri gelende aýtsak, balkanly gallaçylar indi bassyr üç ýyl bäri welaýatlaryň arasynda azyklyk bugdaý taýýarlamagyň meýilnamasyny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Daşoguzly daýhanlaryň zähmet ýeňşi

Daşoguz welaýatynyň edermen gallaçylary azyk howpsuzlygynyň esasy çeşmeleriniň biri bolan ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatyň ussat daýhanlary 145 müň gektar ýerden 270 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, ýurdumyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşdular. Orak möwsüminiň bütin dowamynda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň 450-si bökdençsiz işledildi, ýük ulaglarynyň 2200-e golaýy ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara üznüksiz daşady. Şu möwsümde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 114-si oraga gatnaşýan mehanizatorlara, sürüjilere, kärendeçi gallaçylara toplumlaýyn hyzmat etdi. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklamagy, görkezmeleri netijesinde, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri welaýatyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan öz wagtynda amala aşyryldy.

Kärendeçi tejribeli bolanda...

Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Bägül Berdimyradowa indi 14 ýyla golaý wagtdan bäri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, olardan bol hasyl alyp gelýär. Tejribeli daýhan kärendesine alan 10 gektar ýerinden Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda guşgursak ak bugdaýyň her gektaryndan 39 sentner hasyl tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Mundan başga-da, tejribeli kärendeçi şu ýyl 9 gektar meýdanda gowaça tohumyny ekip, oňat gögeriş aldy. Ol häzirki döwürde ekiniň ähli ideg işlerini wagtly-wagtynda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirýär. Bu bolsa, giň gözýetime uzap gidýän meýdandaky ýaşajyk gowaçalaryň günsaýyn boý alyp, bereketli hasyla durmagyna itergi berýär.

Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

Şu ýyl 1 müň 460 gektar ýerde gowaça ösdürip ýetişdirýän «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri gowaçalaryň idegini kemsiz ýerine ýetirip, olaryň kadaly ösüşini, bol hasyl toplamagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaçalara hatarara bejergi işi bilen bir hatarda mineral dökünler berilýär, ösüş suwy tutulýar. Gowaçaly meýdanlara joýa çekmekde dürli kysymly tehnikalaryň 6-sy işledilýär. Atyzlara joýa çekmekde has-da göreldeli mehanizatorlardan Arazbaý Gurbangylyjowy, Döwletmyrat Käbäýewi, Rahat Togalakowy görkezmek bolar. Daýhan birleşiginiň çäginde gowaçalara ösüş suwuny tutmak üçin suw sorujy enjamlaryň 11-si işledilýär. Suw sorujulara jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olar enjamlaryň hemişe saz işlemegini gazanýarlar. Şeýle hem gowaçalary biologik usulda goramak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Gowaçalara ideg etmek möwsüminde ähli işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy ekiniň kadaly boý alyp, bol hasylyň kemala geljekdiginden habar berýär.

Ýeralmanyň bol hasyly

Ýer — hazyna. Daýhanlar bolsa şol hazynanyň eýeleri. Bu hazynanyň bereket çeşmesi olaryň yhlasly zähmetinde jemlenýär. Ene topraga maňlaý derini siňdirip, bol hasyl alýan kärendeçileriň, daýhanlaryň ykbaly göterildi. Saçaklaryň berekedini artdyrýan, ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşant goşýan edermen daýhanlar päk zähmetiň rehnedini görüp ýaşaýarlar. Ene topraga yhlasly hyzmat edip, ondan bol hasyl alýan janypkeş daýhanlar Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde-de köp. Olar ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakda baý tejribe topladylar. Ýer eýeleri soňky ýyllarda gowaçadyr bugdaý bilen birlikde ýeralma, kelem, käşir ýaly gök ekinleri hem köpçülikleýin ýetişdirýärler, olardan bol hasyl alýarlar.

Şaly kadaly boý alýar

Daşoguz welaýaty boýunça 8 müň 100 gektarda ýetişdirilýän şalynyň ählisi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky we «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde, şeýle hem «Ykbal açary» daýhan hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýär. Mälim bolşy ýaly, şaly ekini görnüşlerine laýyklykda irki, aralyk, giçki görnüşlerde ýetişdirilýär. Ady agzalan daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalygynda bu ýerleriň toprak, howa şertlerine uýgunlaşan şalynyň «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2», «Bereket» görnüşleri ekildi. Ýeri gelende aýdylsa, şu ýyl meýdanlaryň agramly bölegine şalynyň irki görnüşleri ekildi. «Şalynyňky suw bilen» diýlip nakylda aýdylyşy ýaly, şalynyň bütin ösüşi suw bilen bagly. Şonuň üçinem bu hojalyklara Monjukly, Çynakar suw akabalaryndan suwuň ýeterlik mukdary goýberildi. Şaly ekiljek ýerleriň her gektaryna ekişden öň 400 kilogram fosfor, 100 kilogram karbamid, 100 kilogram kaliý dökünleri berlip gurplandyryldy.

Dowardarçylykda deňiz suwotunyň peýdasy

Maldarçylykda ot-iým goruny baýlaşdyrmakda Hazar deňzinde ösýän suwotulary uly ähmiýete eýedir. Çünki onuň düzüminde ýokumly maddalaryň we birleşmeleriň — polisaharidleriň, beloklaryň, lipidleriň makro we mikroelementleriň köp möçberi bar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazar deňzinde suwotunyň 1 milliard tonnadan gowrak gory bar. Hazar deňzinde suwotularyň, esasan, gök, ýaşyl we gara-goňur görnüşleri duş gelýär. Deňziň türkmen kenarynda ösýän suwotulary barlanyp görlende, olaryň düzüminde polisaharidleriň 35—40 göteriminiň, beloklaryň 30 göteriminiň, makro we mikroelementleriň 30—35 göteriminiň, witaminleriň bolsa 5 göteriminiň saklanýandygy ýüze çykaryldy. Mikroelementleriň içinde iň möhüm bölegi ýod we onuň birleşmesidir. Ine, şu ýagdaýlar hem Hazar deňziniň suwotularyny oba hojalyk mallarynyň ot-iým düzüminde ýokumly goşundy hökmünde ulanmaga esas döredýär. Hazar deňziniň suwotuny saryja tohumly goýunlar baga bakylanda, ot-iýmlere ýokumly goşundy hökmünde ulanyp görmegi maksat edinip, ylmy-hojalyk synagyny geçirdik. Bu synag Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Durun» daýhan birleşiginde geçirildi. Hojalyklarda ete ýöriteleşdirilen, esasan, ýaşyna ýetmedik erkek toklular, 13 aýlyk işşekler we 5 — 6 ýaşly gartaşan goýunlar baga bakylýar. Semretmek üçin 13 aýlyk işşekleriň 30-sy, 5 — 6 ýaşly arryk goýunlaryň hem 30-sy saýlanyp alyndy. Işşekler ýaz gyrkymyndan soňra (aprel-ma

Bolçulyga goşant

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, mallardan, aýratyn hem iri şahly mallardan alynýan önümleriň mukdaryny döwrebap artdyrmak baradaky hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine hötde gelinmegine hojalyk jemgyýetleri we hususyýetçiler, maldarçylyk toplumlarynda zähmet çekýänler hem mynasyp goşant goşýarlar. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Ak hünji» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumydyr. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän, esasy maksady ýurdumyzyň ilatynyň et we süýt önümlerine bolan ösen isleglerini kanagatlandyrmakdan, maldarçylyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmakdan we iri şahly mallaryň baş sanyny artdyrmakdan ybarat bolan, her ýylda 50 tonna süýt we 60 tonna et öndürmäge niýetlenen bu toplumda häzir işler sazlaşykly we netijeli dowam etdirilýär. Ýewropa döwletlerinden getirilip, biziň ýerli şertlerimize uýgunlaşdyrylan, golşteýn we simmental tohumlaryndan bolan mallar bu günki gün eýeleriniň dillerini gysga edenoklar. Gowy şertler, mümkinçilikler döredilen sygyrlardan alynýan önümler bu günki gün göreni begendirip, «tüweleme!» diýdirýär. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden hem-de mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen ýokary tehnologiýaly, döwrebap sagym enjamlaryny ussatlyk bilen ulaný

Toprak bilen söhbet (Oýlanma)

Toprak, ene toprak! Daýhanyň derinden nemlenip, görklenen toprak. Ynsan ýüregi ýaly mähribansyň! Gudrat, keramat sendedir! Baýlyk, bereket, rysgal sendedir. Ata-babalarymyzyň ýürek ýagyna deňelen, bahar gelende ýaşyl kürtä bürenip, güýz sary donuny egnine atanda, penje-penje ak altynly hanalar bilen aklyga öwrülen, elwan gülleri bilen kalbyňy heserledýän, baýlygy, berekedi özünde jemläp, ähli zadyň enesine öwrülen keramat özüňsiň! Sen eçileniňde hasam owadansyň. Altyna öwrülen atyzlaryňdan gallaçy daýhanyň rysgaly boldan eçilýär. Ak hanalardan çogup çykan «ak altynlar» asmandaky ak bulutlar bilen bäsleşip, daýhanyň kalbyna üýtgeşik ýakym berýär. Sende bitýän bugdaýlary diýsene! Onuň sümmülleri saçlarymyzyň örümine meňzeş, ygşyldysy şirin sazlara meňzeş. Eziz topragym, sen hakynda söhbet edeniňde, kalbyňda müň dürli duýgular döreýär. Seniň her daban ýeriň üçin başyny goýan ärleriň, gerçekleriň nurana keşpleri göz öňüňde janlanýar. Toprak hakynda ýatladygyňça, dürli pikirler hyýalyňa dolýar. Ezizlerimizi bagrymyza basyşymyz ýaly, seni-de bagra basyp bolýan bolsady. Senden aýalarymy dolduryp alyp, gözlerime sürtýän, tagzym edýän. Şonda-da az ýaly, asyl, seniň mähriň üýtgeşik. Käte-käte ol mähre nähili bendiwan bolanymy-da duýman galýaryn. Belki, onuň sebäbi sende doglup, dil bitip, ilkinji ädimimiziň hut seniň üstüňde başlanmagy bilen bagly bolmagyndadyr. Ýa-da ejem janyň ş

Galla — bereket çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak barada aýdanlaryny ugur edinýän Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri jogapkärli orak möwsümini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Şanly ýylymyzyň bol-bereketli hasylyny gysga wagtda ýygnap almakda Gökdepe etrabynyň gallaçy daýhanlarynyň çeken yhlasly zähmetiniň ýerine düşendigini aýratyn bellemek gerek. Etrabyň ussat gallaçylary Watan harmanyna 20 müň 100 tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý tabşyryp, ilkinjileriň hatarynda tabşyrygy berjaý etmegi başardylar. Gökdepeli gallaçylaryň yzysüre Babadaýhan etrabynyň gallaçylary hem arzyly sepgide ýetdiler. Etrabyň zähmetsöýer daýhanlary 30 müň gektar meýdandan gallanyň 62 müň tonnadan gowragyny ýygnap harmana goşdular hem-de şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler. Häzirki günlerde ýygnalan bugdaý hasyly kabul ediş nokatlaryndan ammarlardyr elewatorlara bökdençsiz daşalýar. Şonuň bilen birlikde, hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri geçirilip, ýerleri geljekki ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamaga jogapkärli çemeleşilýär.

Göwnüňi göterýän meýdanlar

Kaka etrabynyň «ak altyn» ussatlary 22 müň gektardaky gowaçanyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Etrabyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynda ekiniň ideg işlerine aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Daýhan hojalygynyň agronom-hünärmeni Baýram Annamuhammedowyň aýtmagyna görä, ýaz paslynyň amatly howa şertleri gowaça ekişini talabalaýyk geçirip, kadaly gögeriş gazanmaga oňyn täsirini ýetiripdir. Şu günler ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şeýle-de hatarara bejergi işleri sazlaşykly alnyp barylýar.

Çigildem

Çigildem gülleriň içinde iň sada görnüşe eýe bolsa-da, gözelligi bilen haýrana goýýar. Sowgatlyk üçin niýetlenen gülleriň arasynda bägül bilen deň derejede arzylanýan çigildem dürli ýurtlarda söýginiň, hormat-sarpanyň, sazlaşygyň, mähribanlygyň, maşgala agzybirliginiň nyşany hasaplanýar. Şol sebäpden hem gülçülikde çigildem ýetişdirmek ýörgünlidir. Gülçüleriň ondan taýýarlaýan sowgatlyk çemeni bolsa örän geçginliligi bilen tapawutlanýar. Köp ýurtlarda çigildemi durmuş toýunyň tutulanynyň 11 ýyllygyna sowgat bermek ýörgünlidir. Gülüň esasy aýratynlyklarynyň biri-de onuň daş-töweregini gurşap alýan tebigy şertlere hem-de ýaşyna görä, öwüşginini üýtgedýändigidir. Şeýle-de ol ýolnansoň hem solman, gaýtam, suwda goýlan halatynda ösmäge, gözel durkuny birnäçe günläp saklamaga ukyplydyr. Çigildem howanyň durumyna çydamly bolandygy sebäpli, ony şäherdir obalaryň ýol ýakalaryny, seýilgähleri bezemek üçin köpçülikleýin ekýärler. Çigildemiň güli gündiz açylyp, Gün batansoň ýapylýar. Çigildem geliotrop häsiýetlidir, ýagny onuň güli Güne tarap öwrülip açylýar. Esasan-da, köpleri haýrana goýýan çigildemiň «Pol Şerer» görnüşidir. Ol niderland gülçüleriniň alyp baran seçgi işleri netijesinde döredilen goýy benewşe — gara öwüşginli çigildem gülüdir.

Oba hojalyk özgertmeleri rowaçlanýar

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeginden oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly hoş habarlar gelip gowuşýar. Has takygy, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligi has-da ýokarlandyrylýar.