"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Jennet guşy Jennet guşlarynyň beýleki görnüşleri ýaly, bu guş hem adatdan daşary owadanlygy bilen tapawutlanýar. Suratdan görnüşi ýaly, olaryň horazlarynyň ýiti reňkli ýelekleri bolýar. Olar Awstraliýanyň we Täze Gwineýanyň tokaýlarynda we daglyk ýerlerinde ýaşaýarlar. Bu guşlaryň agramy ortaça 200 grama barabardyr. Olaryň agaçlaryň şahalaryna aňsatlyk bilen ýapyşmaga mümkinçilik berýän, uzynlygy ortaça 12 millimetre ýetýän dyrnaklary bardyr. Bu täsin guşlar uçan wagtlarynda olaryň ganatlary şakyrdap ses edýär. Olar agaçlaryň miweleri, kökleri, ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýärler.

Zenanlaryň täsin açyşlary

Durmuşymyza giňden ornan enjamlaryň, esbaplaryň birnäçesi zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylandyr. Olardan doňdurma ýasaýjy enjamy, elektrik sowadyjyny, gap-gaç ýuwujy maşyny, awtoulaglar üçin niýetlenen aýna arassalaýjy we gyzdyryjy enjamlary, ütük edilende peýdalanylýan stoly, awtoulag gyzdyryjysyny we beýlekileri mysal getirmek bolar. Hormatly okyjylar! Geliň, zenanlaryň täsin açyşlary barada gysgaça tanyş bolalyň.

Döwrebap çözgütler

Döwrümiziň hem-de geljegiň möhüm wezipelerini berjaý etmäge gönükdirilen aýdyň çözgütleriň bir bölegi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde jemlenýär. Häzirki döwürde diňe bir ählitaraplaýyn ösüş-özgerişleri däl, eýsem, bütin durmuşymyzy hem sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu gün ýurdumyzda maglumat tehnologiýalaryna daýanyp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň şu günki we geljekki ösüşleri üçin wajyp şertleriň biridir. Hut şonuň üçinem, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşjak döwrebap sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Eziz Watanymyzyň taryhy ösüşlere beslenýän zamanasynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy-tehniki we innowasion işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilim we ylym edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda esasy köpri bolup hyzmat edýär. Bilim we ylym edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Talyp ýaşlar sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorundan işjeň peýdalanýarlar.

«Akylly» şäherler konsepsiýasy maglumat jemgyýetiniň aýdyň geljegini nazarlaýar

Maglumatlar jemgyýeti, «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly ençeme düşünjeler durmuşymyza giňden ornaşýar. Elbetde, bularyň ählisi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ösüşi esasynda kemala gelip, birnäçe aýratynlyklary, şol sanda ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny özünde jemleýär. Geljegi nazarlaýan bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş sapary munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Ilki bilen, «akylly» şäher düşünjesiniň häsiýetli aýratynlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine göz ýetirmek gerek. Maglumatlar we aragatnaşyklar tehnologiýalary bilen internet ulgamynyň sazlaşygyndan döredilen «akylly» şäherde edara-kärhanalar, mekdepler, kitaphanalar, hassahanalar, ýol-ulag düzümleri, jemgyýetçilik hyzmatlary ýaly möhüm ugurlar bir bitewi elektron ulgam arkaly dolandyrylýar. Maglumatlaryň şeýle elýeterliligi hyzmatlar ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ep-esli gowulandyrmaga, zerurlyklary gysga wagtda amala aşyrmaga şert döredýär. Hut şonuň üçin-de, ilatymyzyň sosial-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, olaryň ýaşaýşy, dynç alşy üçin amatly gurşawy döretmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň esasy wezipesi hökmünde kesgitlän milli Liderimiz bu babatda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda sanly we I

Innowasiýalar: sanly ulgam

Kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň maksatlaýyn işini döwrebap guramak bilen, olarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy sanly ösüşi nazarlaýar. Ähli ulgamlarda önümçiligi guramagyň, dolandyrmagyň elektron-kompýuter meýilnamalaşmagy we maglumatlaşmagy, sanly ykdysadyýete geçilmegi ähli düzümiň tehniki we tehnologiýa esasyny özgerdýär. Elektron-kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap görnüşleriniň önümçilige barha giňden ornaşdyrylmagy işgärleriň bilim-başarnygynyň, medeniýetiniň yzygiderli ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň barşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyklary, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigi barada aýdanlary hem bu işe näderejede uly üns berilýändigini görkezýär. Durnukly ösüş diňe bir senagatyň ösüşini däl-de, her bir şahsyýetiň we jemgyýetiň ösüşini nazarlaýar. Ösen jemgyýetde her bir adamyň kämilleşmegi, başarnykly, ylymly, bilimli, hünärine ussat nesli ýetişdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Sanly ulgam — ösüşleriň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz çalt depginler bilen ösýär. Watanymyz dünýä döwletleriniň arasynda ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Halkymyzyň dostluk, goňşuçylyk, myhmansöýerlik, sahawatlylyk däpleri Garaşsyz Watanymyzyň ösüşleriniň mazmunyny baýlaşdyrdy». Ýurdumyzda dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmegi, Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalmagy ykdysady ösüşlerimiziň hem barha ilerlemegine getirýär. Çünki durmuşdaky bu baglanyşyk ykdysadyýetiňem, syýasatyňam, medeniýetiňem özara baglanyşygynyň mäkämdigini görkezýär. Ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda munuň özi möhüm ähmiýete eýedir.

Tehnologiýa dünýäsi

Gar tozgajygynyň iň dury suraty ♦ Gar bölejikleriniň bir-birine meňzemeýändigi aýdylýar. Tebigaty söýüjiler köp ýyldan bäri gaýtalanmajak gözellik bolan gar tozgajygyny surata alýarlar. Bilermenler garyň iň kiçi bölejiklerini ýokary durulykda surata almak üçin 18 aý zähmet çekdiler. ABŞ-nyň Kaliforniýa tehnologiýa institutynda fizika ugrundan iş alyp barýan professor Kennet Libbreht we köp ýyllar «Microsoft» kompaniýasynda zähmet çeken Natan Mihrwold bu taslamany amala aşyrmak üçin dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Libbreht: «Gar bölejigi nähili emele gelýär, nähili görünýär?» diýen sowallaryň jogabyny gözländiklerini belleýär. Professor suwuň molekula gurluşynyň ýönekeýdigini, iki wodoroddan we bir kislorod atomyndan ybaratdygyny, şeýle-de howanyň ýylylygy 0 derejeden pese gaçan wagty molekulalaryň ýygjamlaşyp, doňmak hadysasynyň ýüze çykýandygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, bulutdan emele gelýän gar bölejigi suw damjasyndan buz kristalyna öwrülýär. Suw molekulasynyň şekili gar bölejikleriniň altyburçluk bolmagyna sebäp bolýar. Asyl käri fotosuratçylyk bolan Natan Mihrwold paleontologiýa we astronomiýa ýaly ylymlar bilen meşgullanýar. Olar 2018-nji ýyldan bäri gar bölejiklerini surata almak üçin bilelikde işleýändiklerini aýdyp, bu işiň garaşylandan has çylşyrymly bolandygyny belleýärler. Islenilişi ýaly, suraty düşürmek üçin Alýaskanyň demirgazygyndaky Ferbanks,

Döwrebap ösüş

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy ösdürilýär. Sanly ykdysadyýet wagty we harajatlary tygşytlamak, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmak, sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary dünýä bazaryna çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Şolaryň hatarynda sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak, döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek ýaly çäreler bar.

Sanly ulgamyň sapasy

Sanly ulgam. Bu sözler häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap keşbiniň aňladylmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi we häzirki wagtda bu konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle ýurt möçberinde alnyp barylýan möhüm işe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşygy, ony wagyz etmegiň zerurlygy has-da aýdyň ýüze çykýar. Çünki sanly ulgamyň artykmaçlyklaryny halk köpçüligine düşündirmek bilen birlikde, ony eziz Watanymyzyň raýatlarynyň özleriniň gündelik ýaşaýyş-durmuşyna ornaşdyrmagynyň wajyplygyny äşgär etmek möhümdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 5-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde sanly ulgama geçmek syýasatyny giňden düşündirmegiň, täze tehnologiýalary ulanmagyň, welaýatlarda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň artykmaçlyklaryny wagyz etmegiň zerurdygyny belledi.

Iýmit galyndysyny döküne öwürýän robot

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işlenip taýýarlanan robot öýde üýşen iýmit galyndylaryny toplap, olary peýdaly döküne öwrüp bilýär. Iýmit galyndylarynyň aglaba bölegi dürli ýollar bilen ýene-de tebigata birigýär. Ýöne ýöriteleşdirilen robot bu aýlanyşygy has çaltlandyrýar. Netijede galyndylary 24 sagatdan soňra bakja ekinleri üçin ýokumly dökün hökmünde ulanyp bolýar. Ol öý şertlerinde güldanda ýetişdirilýän ösümliklerdir otag gülleri üçin has-da ýaramly.

Kiberhowpsuzlyk işi döwrebaplaşdyrylýar

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Kiberhowpsuzlyk maglumat ulgamlaryny, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramak bilen bagly düşünjedir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeler talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda Sanly ulgam merkezinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti: täze pikirleriň, innowasion taslamalaryň dünýäsine syýahat

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrundaky okuw binasynyň ýanynda döredilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetine baranymyzda, bada-bat ikinji gata çykylýan basgançakdaky: «Ähli zat pikirden başlanýar» diýen ýazgyda nazarym eglendi. Munuň hakykatdan-da şeýledigine asla şübhe ýok. Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyk hem hut pikirlenip bilmek başarnygy ahyryn! Akylly-başly pikirlenmek bilen, adamzat özüni gurşap alan barlykda indi sanýetmez ýyllardan bäri ýaşamagyny dowam edip gelýär. Ýer ýüzündäki adamlaryň sany milliardlarça, pikirlere bolsa asla soňlanma ýok... Işläp başlanyna o diýen köp wagt geçmedigem bolsa, biziň gürrüňini etmekçi bolýan IT meýdançamyza gatnaýan ýaşlaryň täzeçil pikirlenmelerinden, görüň, eýýäm innowasion taslamalaryň näçesi kemala gelipdir! Olary önümçilige ornaşdyrmakda-da asla müşgillik ýok. Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzyň ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde kesgitlän zamanynda şu hili «akylly» çemeleşmelere zerurlyk barha artýar. Şoňa görä-de, IT hünärmenlere we olaryň önümlerine zähmet bazarynda-da isleg örän ýokary.

Tehnologiýanyň miweleri

Häzirki wagtda islendik ugur barada gürrüň edilende, onuň ösüşini täze tehnologiýalar, kompýuterler bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki zaman döredijilik adamlarynyň — ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, režissýorlaryň... özlerini kompýutersiz, işlemek üçin oňaýly bolan noutbuksyz göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýanlarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Dogrudan-da, edil galam-kagyz ýaly, islendik ýere ýanyň bilen alyp gidibermeli noutbuklaryň oňaýlylygy oňa bolan islegiň barha artmagyna getirýär. Biz noutbuk diýenimizde olaryň ählisini umumylykda göz öňüne getirip öwrenipdiris. Ýöne kitap ýaly iki eplenilýän, özünde maglumatlaryň giden bir toplumyny saklamaga ukyply bu täsin kömekçimiziň belli-belli aýratynlyklaryna görä başgaça atlandyrylyşy-da bar. Mysal üçin, internetde işlemeklige niýetlenip ýörite döredilen, «Google» kompaniýasynyň «Chrome OS» operasion ulgamynda işleýän «Chromebook» noutbuklarynyň öndürijisi islendik kompaniýa-da bolup biler. Eger «Elitebook» diýen ýazgyny okasaňyz, öňüňizde «HP» kompaniýasynyň, «Lifebook» diýip ýazylgy bolsa «Fujitsu» şereketiniň önüminiň durandygyny biläýiň. Şonuň ýaly-da «Lenovo» kompaniýasynyň hem diňe özüniň öndürýän noutbuklary bar. Olaryň biri «Thinkpad» telekeçileriň işi üçin niýetlenilen bolsa, «Ideapad», esasan, ýaşlara, öwrenjelere, şonuň ýaly-da edaralarda hat-petek işlerini alyp barmaklyk ýaly uly agram talap etmedik zerurlyklara

Täze tehnologiýalar esasynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, ony halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we beýleki düzümlere giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda dünýä tejribesiniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti

Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglydyr. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetiň ähli pudagyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenilmegi we ýörite mejlislerde bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň bellenilmegi we beýleki işler sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm tapgyry boldy.

Sanly bilim — kämilligiň binýady

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Elektron kitaplaryň ähmiýeti

Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi gündelik durmuşymyza gönüden-göni täsir edýär. Ösen tehnologiýa adamyň zähmetini ýeňilleşdirýär, wagtyny tygşytlaýar. Bu ýagdaý fiziki işlerde bolşy ýaly, haýsydyr bir zady öwrenmekde hem şeýle. Häzirki wagtda haýsydyr bir zady öwrenmek, maglumat almak üçin uzak aralyga gitmäge zerurlyk ýok. Sebäbi internet hyzmaty bize bu babatda giň mümkinçilikleri hödürleýär. Köp zadyň elektron nusgasynyň bolşy ýaly, kitaphanalaryň hem elektron nusgalary peýda bolup başlady. Ösen aragatnaşyk tehnologiýasy kitaphanalaryň hem öz okyjylaryna elektron kitaplara elýeterliligini üpjün edýär. Şeýle kitaphanalar öz abonentlerine elektron kitaplaryny tölegsiz ýa-da elýeterli bahadan hödürleýär. Öýüňde ýa-da iş ýeriňde, tapawudy ýok, oturan ýeriňde özüňe gerekli kitabyň elektron nusgasyny alyp bolýar. Elektron kitaphanalarda hem adaty kitaplaryň deregine elektron kitaplaryň haýsydyr bir elektron görnüşinde saklanýan gory bolýar. Häzirki wagtda kitaphanalar özleriniň elektron nusgalaryny taýýarlaýarlar. Kitaphananyň bu görnüşi gerekli çeşmäni almak üçin wagt we ýer çäklendirmesiniň bolmadyk nusgasydyr. Bu ýagdaý kitaphanadan islendik wagtda, islendik ýerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Elektron kitaplardan peýdalanmak belli bir derejede tehnologiýadan habarly bolmagy talap edýär. Häzirki wagtda muňa dolulygyna mümkinçiligiň bardygyny bellemek gerek. Elektron kitaplary

Informasion tehnologiýalar

Soňky wagtlarda gündelik durmuşymyzda «IT» (aý-ti) adalgasyna köp duş gelýäris. Emma IT ulgamyň nämedigini soranyňda anyk jogap berip bilýänler az. Eger ýoldan geçip barýan adaty ötegçä ýa-da tanyş-bilişlerimize bu barada sowal bersek, onda «bu kompýuter bilen baglanyşykly bir zat» diýen jogaby eşitmek bolýar. Bu belli bir derejede dogry jogap, emma diňe belli derejede. IT ulgamda iş alyp barýan hünärmenler bilen gürrüňdeş bolsaň, bu ugur babatda has aýdyň düşünje edinip bolýar. Geliň, şu ýerde IT adalgasynyň mazmunyna we onuň ähmiýetine göz ýetirmäge synanyşalyň!

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda

Hormatly Prezidentimiz 6-njy fewralda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan bu ulgamyň ösüş depginini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere baha berip, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri hem kesgitledi. Milli ykdysadyýetimiziň tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçýändigini nazara alyp, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hususy ulgam bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, degişli ugurlar boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara IT kompaniýalarynyň taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen bagly meseleler bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe sürüldi. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, olary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmekde, okuw işine innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň bilim işinde yzygiderli peýdalanylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň artmagyny kepillendirýär. Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdir

«LG» jahany gezýär

Koreýada dünýäniň iň naýbaşy tehnologiýa harytlaryny öndürýän kompaniýalaryň birnäçesi ýerleşýär. «LG» kompaniýasy dünýäde öňdebaryjy şereketleriň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň harytlary sarp edijiler tarapyndan höwes bilen satyn alynýar. Köpugurly tehnologiýa kompaniýasynyň ştab-kwartirasy Koreýa Respublikasynyň işewürlik merkezi hasaplanýan Seul şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa, esasan hem, 4 ugur boýunça, ýagny, hojalyk harytlary, ykjam aragatnaşyk enjamlary, howa çözgütleri we ulag serişdeleri öndürýän bölümleri öz içine alýar. «LG» Koreýanyň iň uly dördünji hususy kärhanasy hasaplanylýar. Kompaniýanyň taryhy barada belläp geçenimizde, «LG» 1958-nji ýylyň oktýabr aýynda işewür Ku In-hwoý tarapyndan «GoldStar» ady bilen esaslandyrylýar. «GoldStar» Koreýanyň radio, telewizor, sowadyjy, kir ýuwujy maşyn we kondisioner öndürip başlan ilkinji kompaniýasy hasaplanylýar. 1994-nji ýylda kompaniýa «LG Electronics» adyny we nyşanyny resmi taýdan kabul etdi. Wagtyň geçmegi bilen kompaniýa tarapyndan öndürilýän elektronika enjamlaryna isleg artýar. Harytlar diňe bir ýerli ilata hödürlenmän, daşary ýurtlara hem eksport edilip başlanýar. Kompaniýa 2013-nji ýyldan başlap smartfon önümçiligini ýola goýýar. 2014-nji ýylda bolsa, planşetleri we kiçi göwrümli kompýuterleri öndürip başlaýar. Şol ýyl kompaniýa akylly sagat önümçiligini hem ýola goýmagy başardy. Kompaniýanyň hünärmenleri «Innowas