"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

jümle-jahan habarlary

Dünýäde iň uzyn asma köpri Demirgazyk Portugaliýanyň Aroka şäherçesiniň golaýynda uzynlygy 516 metre barabar bolan pyýadalar üçin iň uzyn asma köpri guruldy. «516 Aroka» diýlip atlandyrylan köpri 175 metr çuňlukdaky dereden akýan Paiwa derýasynyň üstünden geçýär. Gurluş V şekilli beton diňlere birikdirilen polat urganlardan asylandyr. Köprini gurmak üçin iki ýyl töweregi wagt sarp edildi we oňa takmynan, 2,3 million ýewro harçlanyldy. «516 Aroka» köprüsi dört ýyldan bäri saklanyp gelýän dünýä rekordyny täzeledi. Şu wagta çenli Şweýsariýadaky pyýadalar üçin niýetlenilen Çarlz Kuonen adyndaky köpri iň uzyn diýlip hasap edilýärdi. Ol Randa obasynyň golaýyndaky Mattertal jülgesiniň gündogar böleginde ýerleşýär. Onuň uzynlygy 494 metre barabardyr.

Innowasiýalar – önümçilige

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybarat boldy. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Innowasiýa ösüşinde gazanylan üstünlikleriň beýany

3-4-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr. Milli Liderimiz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini belledi. Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

Innowasion çözgütler — ösüşlere badalga

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ýola goýulmagyny üpjün eder. Sanly ulgam durnukly ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, esasy önümçilik-ykdysady işleriniň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Şeýle hem sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyň aradan aýrylmagyna we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da özgerdilmegine giň mümkinçilikler açylar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maglumat-kommunikasiýa amatlyklaryny, maglumatlaşdyrmak amatlyklaryny göz öňünde tutýar. Şunlukda, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we sebitlerinde işlenip taýýarlanýan maglumat ulgamlary umumydöwlet awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyna birikdiriler. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly özgertmeler ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň awtomatlaşdyrylmagyny, senagat, ulag, oba hojalygy, elektron söwda ulgamlarynda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmatlary, maliýe we bank, bilim, saglygy goraýyş we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlary ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy

Sanly ykdysadyýet — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada berýän tabşyryklary bu ugurda bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimlerimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýet — başgaça «elektron ykdysadyýet» diýlip hem atlandyrylýar we onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada «ykdysadyýet» sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady özgertmäniň netijesinde adamlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý, sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykandygyny görkezýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy delili sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşinden tapawutlylykda, dürli önümçiligiň tehnologiýa enjamlarynyň, şeýle-de harytlaryň saklanyşynyň we ýerleşişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar, sanlylaşdyrylan ykdysadyýet köp döwletler üçin özüne çekiji bolýar. Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň has-da üns bermeklerini onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekd

Täze tehnologiýalar — ilatyň hyzmatynda

Sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmakda iň täze we döwrebap tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligine hem elektron maglumat gorlaryny döretmek ýaly häzirki zaman innowasion täzelikler girizilip, halka ýokary derejeli döwrebap hyzmatlar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl gol çeken «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, raýatlarymyzyň pasportlaryny resmileşdirmek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklendi. Resminama laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edara-kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda indi ilatdan dürli hili delil hatlaryny talap edenoklar. Bu pasport ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämil, döwrebap ýerine ýetirilmeginde örän uly mümkinçilikleri döretdi.

Ösüşleri nazarlaýan özgertmeler

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Diýarymyzda halk hojalyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Öz nobatynda döwrebap innowasion tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň artýan häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzy kuwwatly senagat döwletine öwürmek babatda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň ählisi ata Watanymyzda uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilýär. Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Degişli ugurda ýetilýän sepgitler döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilýän maksatnamalaryň esasynda amal bolýan özgertmelerden gözbaş alýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Bu resminama esasynda ýurdumyzda ösen bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, milli ykdysadyýetimizi köpugurlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak wezipeleri netijeli çözülýär.

Sanly bank ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ulgama sanly bank önümleri giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär. Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Sanly bilim ulgamy — ösüşiň möhüm şerti

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygynyň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesilleriň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ulgama sanly tehnologiýalaryň we innowasion tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy babatda göz öňünde tutulan maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenildi. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim

Sanly dünýä syýahat

Sanlylaşdyrma: innowasion ösüşiň ýoly we täze mümkinçilikler XX asyryň ahyrynda sanly ykdysadyýet düşünjesi ýüze çykdy we bütin dünýäde durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak barada pikirler öňe sürlüp başlandy. Şondan soňky geçen çärýek asyra golaý döwrüň dowamynda kämil tehnologiýalaryň täze-täze görnüşleri döredilip, durmuşymyza giňden ornaşdyryldy. Bu gün akylly telefonlar, telewizorlar, sowadyjylar we beýleki öý hojalyk tehnikalary, şol sanda tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan öýler adaty zatlara öwrülip barýar. Hatda dünýäniň dürli ýerlerinde «akylly şäherleriň» onlarçasy döredildi. Halkara guramalarynyň berýän statistika maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde akylly enjamlaryň 26 milliarddan gowragy peýdalanylýar.

Sanly ulgam — döwrüň derwaýyslygy

Häzirki döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgam gurşap aldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy işlenip düzüldi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy zähmet öndürijiliginiň artmagyna, ilata edilýän hyzmatyň hiliniň gowulandyrylmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň möhüm orny eýeleýändigini bellemelidiris. Munda uzak aralykdan bilim bermegiň usullaryndan peýdalanmaga şertleriň bolmagy, özara tejribe alyşmaga mümkinçiligiň bardygy ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysadyýetinde hem sanly ulgama esaslanýan ykdysadyýet döreýär. Häzirki döwürde islendik pudagy sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek kyn.

Şanly döwürde — sanly ulgam

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işleriň aglaba bölegi sanly elektron ulgam arkaly alnyp barylýar. Resminamalaryň dolanyşygy kämil kompýuter programmalary we tehnologiýalar arkaly tiz wagtda, ýokary hilli maglumat goraglylygyny üpjün etmek bilen ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gullugymyzyň «Migration gov.tm» resmi internet saýtynyň «Online hyzmatlar» sahypasynda Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki maglumatly pasportlary almak boýunça internet ulgamy arkaly elektron görnüşindäki ýüztutmalary tabşyrmak üçin onlaýn ulgamy işe girizildi. Türkmenistanyň raýatlaryna biometriki maglumatly pasportlary resmileşdirilende we migrasiýa gözegçilik nokatlarynda raýatlaryň ýurduň çägine girişleri we çykyşlary hasaba alnanda döwrebap tehniki enjamlaryň kömeginden giňden peýdalanyp, işler sanly u

Sanly ulgamda täze mümkinçilikler

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir. Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

Ýaşlar we maglumatlar jemgyýeti

Ozal habar berlişi ýaly, 13 — 15-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirildi. «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Şonda olaryň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça taýýarlan taslamalarynyň 150-ä golaýy hödürlendi. Olaryň arasynda iň gowulary hasaplanan taslamalara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.

Pikirden üstünlige çenli

Geçilen menzillere «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň mysalynda göz ýetirmek mümkin «Ähli zat pikirden başlanýar».

Akylly şäherler

Ylmyň, tehnikanyň ösmegi täze-täze tehnologiýalaryň zamanasynyň başyny başlady. Bu günki gün «Akylly öý», «Akylly şäher» diýlen ýaly düşünjeler kem-kem ynsan durmuşynda adaty zada öwrülýär. Dünýädäki akylly şäherleriň sanawy gitdigiçe artýar. Şol şäherleriň käbirleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Singapur. Bu şäherde durmuş zerurlyklarynyň ählisi diýen ýaly datçikler arkaly gözegçilikde saklanylýar. Şäheriň köçelerinde sürüjisiz awtoulaglaryň gatnaw edip ýörmegi hiç kimi geň galdyranok. Ulaglaryň sanynyň kändigine garamazdan, köçelerde dyknyşyk emele gelmeýär. Ýörite datçikler şäheriň haýsy ýerinde howada hapa maddalaryň köpelýänini hasaba alyp, awtomatik usulda ulag akymlarynyň ugruny üýtgedip durýar. Bu ulgam Singapuryň awtosürüjilerine wagt tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Singapurda gartaşan adamlara hyzmat etmek gullugy hem ösen. Ýörite ulgam arkaly öýde ýeke galan gartaşan adamyň hereketleri gözegçilikde saklanylýar. Eger gözegçilikdäki adam uzak wagtlap hereket etmese, ulgam bu barada onuň hossarlaryna we lukmanlara habar berýär.

Sanly ulgam — ýokary hilli hyzmat

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýä tejribesini nazara alyp, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, işler sanly ulgam arkaly alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem işler sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Döwrebap enjamlardan netijeli peýdalanmagy başarýan harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli parasatly syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmekde öz işlerini ýokary derejede alyp barýar. Gullukda harby gullukçylarynyň bilim we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegi üçin elektron kitaphana ulgamynyň her bir harby gullukça elýeterli bolmagy, olaryň dürli

«Sanly innowasiýalar» bilen maglumatlar jemgyýetine ädilýän şowly ädimler ýaş alymlarymyzyň ylmy taslamalarynda aýdyň şöhlelenýär

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda ýokary tehnologiýaly we bäsleşige ukyply programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanmagy möhüm bolup durýar. Bu döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply, özbaşdak pikirlenip, ony durmuşa geçirip bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşik geçirilýär. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilýän bäsleşik öňňin öz işine başlady. Tematiki ugurlaryň 5-si — «Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» boýunça geçirilýän bäsleşige 130-dan gowrak iş hödürlenipdir. Ylmy taslamalary ýerine ýetirenleriň arasynda talyp ýaşlar bilen bir hatarda, mekdep okuwçylarynyň, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň hem bardygy bellenmelidir.

«Akylly» tehnologiýalar ýyladyşhanalarda bol önüm öndürmäge giň mümkinçilikleri açýar

Hormatly Prezidentimiz «akylly» tehnologiýalary hem-de ekologiki taýdan arassa bolan enjamlary durmuşa ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Hususan-da Gün batareýalaryny we ýel generatorlaryny ulanmak bilen baglanyşykly meselelerde ylmy çözgütleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Netijede, «akylly» tehnologiýalary diňe bir şäher gurluşygynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda hem ornaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ýokary tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar we sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikleri halk köpçüligine wagyz etmek barada hem uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzdan goldawly türkmen telekeçileriniň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmekleri guwandyryjy ýagdaýdyr.

Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilikler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimiz köpugurly ösdürilýär we sanlylaşdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna sanly ulgam doly ornaşdyrylýar. Munuň özi güýçli senagat ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda sanly ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde doly ykrar edilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy ýurduň ykdysady güýjüniň artmagyna mümkinçilik berýär. Olar döwletiň önümçilik, gaýtadan işleýän senagat, hyzmatlar we eksport kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa halk hojalygynyň döwrebap innowasiýalar bilen üpjün edilmegini we milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny zerurlyga öwürýär.