Ulagyň taryhy
XIX asyryň ahyrynda kwadrisikl atly dört tigirli ilkinji ulag Genri Ford tarapyndan oýlanyp tapylýar. Häzir ýönekeý ýaly bolup görünse-de, öz döwri üçin täzelik bolan bu ulag we onuň oýlap tapyjysy hakynda täsin maglumatlar bar. 1863-nji ýylda ABŞ-da doglan Ford inženerçilik okuwyny tamamlap, 1879-njy ýylda ykbalyny düýpgöter üýtgetjek Detroýt şäherine göçüp gelýär. «Westinghouse» kompaniýasynda ýangyç hereketlendirijisi pudagynda işleýär we Klara Braýant bilen durmuş gurýar. Durmuşyndaky iň möhüm ädim Tomas Edison tarapyndan esaslandyrylan «Edison» kompaniýasynda işe başlamagy bolýar. Bu ýerde ençeme ýyllap işlän Genri Ford beýik oýlap tapyjy Tomas Edison we beýleki zehinli inženerler bilen duşuşýar. Dört tigirli ulag baradaky pikir işdeşleriniň biriniň kömegi bilen ýüze çykýar. Onuň «Edison» yşyklandyryş kompaniýasynda bilelikde işleýän inžener dosty Çarlz King «American Machinist» žurnalynda 1895-nji ýylyň noýabr aýynda neşir edilen bir makalany görýär we bu Forduň hem ünsüni çekýär. Makalada ýangyç bilen işleýän ýeňil we güýçli awtoulaglar babatda agzalýar. Heniz bu ylymda öwrenilmedik bolsa-da, Ford şeýle tehnologiýa bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Ýaş mehanist