Sagdynlyk — ruhubelentlik
Sagdyn durmuş ýörelgesi saglygyny goramaga we berkitmäge tagalla edýän her bir adamy biparh goýmaýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi lukmançylykda, sosiologiýada we psihologiýada gazanylan üstünlikleriň we açyşlaryň hasabyna has-da dabaralanýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemesine görä, saglyk bu diňe keselleriň we näsaglaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, doly fiziki, ruhy we sosial eşretdir. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlaryň täsiri esasynda, saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr. Şunda tebigy hadysalar hakynda gürrüň edilende Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen adamyň derisi D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, nerw dartgynlylygyndan goraýan oňat serişdedir. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, onkologik kesellere, beden myşsalarynyň we bogunlaryň agyrysyna we süýji kesele alyp barýar. D witaminini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Arassa howa bedeniň umumy ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Öýüň içindäki howa dymyk bolsa, kellagyry, ukynyň bozulmagyna, ganygyzgynlyga, ünsüň gowşamagyna, peselmegine sebäp bolýar. Adamyň durmuşynda suwuň ähmiýeti hakynda aýdylanda bolsa, suw ýaşaýşyň çeşmesidir. Bedenimiziň kadaly hereketi üçin günde 1,5 — 2 litr suwuklyk, onuň 3-den 2 bölegi bolsa, adaty suw bo