"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ýorunja — dermanlyk melhem

Ýurdumyzda köp duş gelýän ösümlikleriň biri bolan ýorunja dermanlyk aýratynlyklary bilen bellidir. Ýorunjanyň baý himiki düzümi bardyr, ol bedeniň dowamly ýadawlygyna garşy kömek edýän A, B, C, D, E, P witaminlerine, bedeniň gyzgynyny peseldýän we sowuklama garşy täsirleri bolan salisil turşusyna baýdyr. Ýorunjanyň düzüminde köşeşdiriji häsiýetlere eýe bolan, kelle agyryny we baş aýlanmagyny aýyrmaga kömek edýän efir ýagy şeýle-de karotin, uglewodlar, steroidler, saponinler, fenolkarboksil turşulyklary, ýag we mikroelementler (mis, marganes, bor, kobalt) bar. Halk lukmançylygynda ýorunja sowuklama we üsgülewüge garşy, agyz boşlugynda, nemli örtüklerde döreýän sowuklama, allergiýa garşy ulanylýar. Ýorunja bagyr kesellerinde, bronhial demgysmada, tapdan düşüp, güýjüň ýitmeginde, stenokardiýada, kelle agyryda we baş aýlanmada, süýji keselinde, guragyryda, ganazlykda, çyban ýaly ýaralarda we ýanmalarda täsirli dermanlyk serişdeleriň biri hökmünde ulanylýar. Wirus keselleriniň ýaýraýan döwründe ýorunja çaýy we gaýnatmasy immuniteti ýokarlandyrmak, bedene toniki täsir etmek üçin ulanylýar. Melhemi taýýarlamak üçin bir bulgur gaýnag suwa bir çaý çemçesi ýorunja gülüni guýup, 15 minut demine goýmaly. Ýorunja gaýnatmasy üçin ony 5-10 minut gaýnadyp, sowandan soň süzüp içmeli. Ony nahardan öň günde birnäçe gezek içmek maslahat berilýär. Çaý süýji keseli, kelle agyry, baş aýlanmak, sowukl

Saglyk — baş baýlyk

Gyş paslynda howanyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleri bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan hem, kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de birmeňzeş kliniki alamatlary, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda ýiti başlaýar. Adatça, syrkaw birdenkä üşüdip ugraýar, ysgyndan gaçýar, gyzdyrýar. Bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýda oňa özbaşdak antibiotik derman serişdeleri bermekden saklanmaly, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, onuň bellän bejergisini almaly. Möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak, keseliň öňüni almak hökmandyr. Adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan gaça durmaly. Hemişe ýanyňda çygly süpürgiçleri saklamaly. Wirusyň eller arkaly ýokuşmak howpy döredýän ýagdaýlarda elleriňi çygly süpürgiç bilen süpürmeli. Ýaşaýan jaýyň otaglaryny her gün 3-4 gezek ýelejiredip, çygly esgi bilen arassalap durmaly. Oksolin melhemini burun boşlugyna çalmaly. Sebäbi burnuň nemli gatlagy gurak bolanda, ýerli immunitet peselýär we wiruslaryň bedene aralaşmagy üçin oňaýly şertler döreýär. Keselden goranmak üçin lukman bilen maslahatlaşmaly. Her ýylyň güýz, gyş paslynda ýaýramagy müm

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Şu günler welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalarda, orta hünär okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. AIDS-e garşy Bütindünýä göreşiň biraýlygynyň dowam edýän günlerinde geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynyň esasy maksady ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmakdan we AIW ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Duşuşyklarda lukmanlar ýaş nesliň saglygyna zyýan getirýän nogsanlyklardan daşda durmak, şahsy arassaçylyk endiklerini berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň berýärler. Çäre mahalynda sowal-jogap alşylýar.

Ynsan saglygy — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy hakynda uly alada edilýär, her bir adamyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saglyk ulgamynda durmuşa geçiren beýik işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Ýurdumyzda bina edilen saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýleki maksatly desgalar dünýäniň iň ösen enjamlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şäherlerde, obalarda sport merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Bu merkezlerde ildeşlerimiz sport bilen meşgullanyp, medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi adam saglygynyň has-da gowulaşmagyna, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, 7-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaz

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsanyň ömrüni uzaltmak ýaly möhüm wezipeler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar, raýatlar ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesinde kämilleşdirilýändigine, halkara ülňülerine doly laýyk getirilýändigine güwä geçýär. Häzirki wagtda zähmet bilen dynç alşy utgaşykly guramak, ilatyň döwrebap şertlerde saglyklaryny berkitmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda şypahana işini ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şypahanalar tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak bilen ynsanlara şypa berýär.

Gyş pas­lyn­da dog­ry iýmit­len­mek

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Gök önüm­ler sag­dyn iý­mit­len­me­giň iň mö­hüm bö­lek­le­ri­niň bi­ri­dir. Ola­ryň dü­zü­min­de wi­ta­min­ler, mi­ne­ral­lar we an­ti­ok­si­dant­lar ýa­ly peý­da­ly mad­da­lar köp. Esa­sa­nam, gyş pas­lyn­da gök önüm­le­riň peý­da­sy has ulu­dyr, se­bä­bi olar be­de­ni wi­ta­min ýet­mez­çi­li­gin­den go­ra­ýar we im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Gyş pas­lyn­da adam be­de­ni Gün şöh­le­si­niň we he­re­ke­tiň ýet­mez­çi­li­gin­den ejir çek­ýär. Bu ýag­daý im­mu­ni­te­tiň pe­sel­me­gi­ne, nerw ul­ga­my­nyň gow­şa­ma­gy­na we umu­my sag­lyk ýag­da­ýy­nyň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Gök önüm­ler bol­sa şeý­le me­se­le­le­riň öňü­ni al­mak­da uly kö­mek ber­ýär.

BELENT YKRARNAMANYŇ HORMATYNA

Ir säher bilen oýanyp hereket etmegiň, mümkin bolsa, ylgamagyň haýry dogrusynda dünýä metbugatynda müňlerçe makalalar bar. Olaryň ählisinde-de bir pikir: munuň saglygymyz üçin örän peýdalydygy goldanylýar. Ýöne irdenki hereket dagda bolsa, munuň peýdasyny göz öňüne getirip görüň! Daglylaryň tekiz giňişlikde ýaşaýanlardan has sagdyn, has daýaw bolýandygyny bilýänsiňiz. Edil şolaryň ýaly duýgular özüň daga çykanyňda hem kalbyňda peýda bolýar. Noýabryň ikinji gününde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 6 müňden gowragy ir säher bilen şu duýgulary başdan geçirdiler. Mälim bolşy ýaly, şol gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi we öňbaşçylyk etmegi bilen Köpetdaga merjen monjuk düzüp oturan Saglyk ýolundan geçildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etmeginiň hormatyna geçirildi. Adamzady hemişe parahat ýaşamaga çagyrýan, bu maksadynda-da sporty esasy gural edinýän ýurdumyz täze ykrar edilen başlangyjy bilen täze sport ýaryşynyň döredilmegini gazanyp, adamzady jebisleşdirmekde möhüm ädimleriň ýene birini ätdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn görelde görkezýär. Bu beýik göreldä eýerýän halkymyz, esasan hem ýaşlar Saglyk ýolunyň menzillerini agzybirlik bilen geçýärler.

«Sahawat sagadata sebäp»

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň, onuň işiniň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar. Bilşimiz ýaly, 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, onuň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.

Lukmançylyk klasteri: saglykda döwrebap önümçilik

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris. Şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi jemgyýetiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezýär.

Bilim — geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň binýadyny berkitmek, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak baradaky tabşyryklary netijesinde amala aşyrylýan beýik işler uly üstünliklere beslenýär. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim islendik pudagy ösdürmegiň ilkinji şertidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy ylym-bilim ulgamynyň çalt depginlerde ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, şeýle hem beýleki pudaklar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş pudagynyň kämilleşdirilmeginde has-da aýdyň duýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda hem saglygy goraýyş ulgamynyň binýatlyk kuwwatyny berkitmek, bu ugurdaky ylmy gözlegleri innowasion tehnologiýalar esasynda yzygiderli ösdürmek ugrunda netijeli işler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu täze, döwrebap binalarda halkymyza ýokary hilli sag

Mähribanlyga ýugrulan aladalar

Çagalar durmuşyň gülüne meňzedilýär. Olar nurana ýylgyryşy bilen tutuş barlyga ýylylyk, mähir, söýgi paýlaýarlar. Durmuşyň lezzeti, ömrüň manysy çagalar bilen has-da goýazylaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler ýaş nesliň röwşen geljeginiň bähbidine amala aşyrylýar. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde seredilen meselelerden, kabul edilen möhüm çözgütlerden hem aýdyň göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi operasiýalaryň 500-den gowragynyň, üstümizdäki ýylda bolsa 261-siniň geçirilmegi, köpsanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylmagy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilmegi netijesinde körpeleriň ýüzlerçesi saglygyna gowuşdy, olaryň hossarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň bolsa iň uly ýürek arzuwy wysal tapdy.

Saglygymyz özümize bagly

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Täze, 2025-nji ýyly mähriban halkymyz uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýar.  Täze ýyl baýramynyň gelmegi bilen, aýratyn hem, çagalaryň şatlygy goşalanýar. Her bir öý bikesi Täze ýylda saçagyny giňden ýazyp, dürli-dümen naharlar, işdäaçarlar, süýjülikler bilen bezemäge çalyşýar. Şunda Täze ýyl baýramçylyk saçagyndaky iýmitler babatda arassaçylyk talaplaryny pugta berjaý etmeli, önümleriň saklanyşyna, möhletine ünsli bolmaly.

Saçlaryňyz sagdynmy?

Ynsan gözellikleriniň biri saçlarymyzdyr. Olaryň sagdyn, owadan bolmagy üçin dogry ideg etmek gerek. Häzirki wagtda kosmetiki serişdeleriň kämilleşmegi bilen şampun, sabyn, balzam, losýon ýaly önümleri ulanýarys. Ýöne ene-mamalarymyzdan gelýän öý şertlerindäki saç ideglerini ulanmak hem saçlarymyza örän gowy täsir edýär we olaryň gür, owadan bolmagyna ýardam berýär. Ene-mamalarymyz gadymdan bäri gatyga, süzmä saçlaryny ýuwupdyrlar. Gatyk, esasan-da, gyş paslynda saça ideg etmekde iň köp ulanylýan peýdaly serişdeleriň biridir. Çünki ol B we E ýokumlaryna, beloklara, kalsiýa hem-de beýleki ýokumly maddalara diýseň baýdyr. Bu ýokumlar bolsa saçy iýmitlendirmek bilen, olaryň gür we lowurdap durmagyna getirýär.

Uzak ýaşamagyň syry

Beden üçin işjeňlik fiziologiki zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Könelerimiz: «Hereket bereketdir» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Hakykatdan-da, hereket bereket bolmak bilen bir hatarda sagdyn, syratly bolmagyň hem ilkinji açarydyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olaryň biri fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak, beýlekisi bolsa dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsizlik we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa taýdan deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Munda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Munuň özi aşa semizlige eltýär. Şeýle-de gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoparozyna, ýürek-damar, oňurga, süýji, kelle-beýni keselleriniň we howply täze döremeleriň käbir görnüşiniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şuňa görä günüň dowamynda 30 minut bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeklik maslahat berilýär. Her gün bary-ýogy 30 minut işjeň türgenleşik adamyň saglyk ýagdaýynyň düýpli berkemegine ýardam edýär.

Ýaşaýyş gözelligi

■ Gyş paslynda ýüze çykýan ýiti respirator wirusly kesellerden goranmaly. ■ Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmak üçin bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Tansyň saglyga täsiri

Taryhy ýazgylardan we arheologik tapyndylaryň ýüzündäki wakaly suratlardan milli tanslaryň döreýşi barada örän gyzykly maglumatlara göz ýetirýärsiň. Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym-sazlary we tanslary döredipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly, milli tanslar joşgunly ylhamyň, paýhas akabasynyň asyrlara ýaň salan ruhy ýörelgesidir. Milli tanslar ynsan kalbynyň şatlygynyň, bagtyýarlygynyň, buýsanjynyň hereketler arkaly beýanydyr. Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. Alymlaryň pikirine görä, tans adamlaryň saglygyna-da peýdaly. Üstesine-de, diňe fiziki däl, eýsem, ruhy saglygyna-da oňat täsir edýär. Bilermenleriň geçiren barlagynyň netijesinde tansyň adamyň degna ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýandygy äşgär edildi. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün etmek bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

Ýönekeý kadalar, ygtybarly usullar

Gyş paslynyň gelmegi bilen ýiti respirator keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy has-da artýar. Kesel ýokuşanda, kellagyry, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak, bokurdagyň gyzarmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Keselden goranmak üçin ýaşaýyş we edara jaýlarynyň howasyny çalşyp durmak, ýelejiretmek zerur bolup durýar. Jaýlaryň howasyny tämiz saklap, ýokançlaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. Uzak wagtlap sowuk ýerde bolup, kesele garşy durnuklylygyň peselmegi sebäpli adamyň bedeni ýiti sowuklama keseliniň ýokançlaryna duýgur bolýar. Şol sebäpli otaglar ýelejiredilende, şemalyň öňünde durmaly däldir. Otaglarda çalt-çaltdan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Köpräk miwe we bakja önümlerini iýmeli. С ýokumyna baý narpyzly, ary bally we limonly çaýlary köpräk içmeli. Şeýle-de mäşli, noýbaly unaş örän peýdaly.

Miwesi hem, ýapragy hem peýdaly

Güneşli ülkämizde bitýän ösümlikleriň köpsanlysynyň bejerijilik häsiýete eýedigini ylmy maglumatlar tassyklaýar. Şolaryň hatarynda injir aýratyn orny tutýar. Onuň miwesi, ýapraklary melhemlik serişde hökmünde ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda bu barada giňişleýin durlup geçilýär. Injiriň düzüminde adamyň gan damarlarynda dykynyň döremeginiň öňüni almaga ukyply maddanyň bardygyny häzirkizaman ylmy kesgitledi. Şeýle hem injiriň düzümindäki asetilsalisil turşusyna (aspirin) meňzeş maddalar we efir ýaglary gany suwuklandyrýar we kelle-beýni gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Bu bolsa döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin has hem peýdalydyr. Halk lukmançylygynda injiriň süýtde gaýnadylan gaýnatmasy ýa-da sykylyp alnan şiresi ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerini, damagyň, traheýanyň, bronhlaryň sowuklamasyny, bronhoektaz keselini bejermekde ulanylýar. Degna ulgamyny berkidýändigi, öýjükleriň ýaşaýyş ukyplylygyny we bedeniň işjeňligini ýokarlandyrýandygy, ýadawlygy aýyrýandygy sebäpli ysgynsyzlykdan, gowşaklykdan saplanmak ýa-da agyr kesellerden soňky dikeldiş döwrüni tizleşdirmek, epilepsiýa tutgaýlarynyň öňüni almak üçin injiriň ter miwesini iýmek maslahat berilýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Gyş paslynda ýagyş-ýagmyrly aşa sowuk howada kiçi ýaşly çagalaryň we gartaşan adamlaryň ýeke özüniň köçä çykmagyna ýol bermeli däl.