"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Döwür bilen beýgelýän şanly sport

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ma­wy tol­kun­ly Ha­za­ryň gö­zel ke­na­ry­ny jä­hek­läp otu­ran Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ösüş ýo­ly şöh­rat­ly hem-de mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra baý­dyr we bu ýe­ňiş-üs­tün­lik­li ýol hä­zi­rem şeý­le ru­hu­be­lent­lik­de do­wam et­di­ril­ýär.

Ynam­ly ýeň­iş

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Dün­ýä­niň çem­pio­ny! Bu jüm­le­de, gör, ne­neň­si joş­gun­ly, hy­juw­ly gö­reş ru­hy, gi­je-gün­diz­ çe­kil­ýän yh­las­ly zäh­me­tiň dat­ly mi­we­si jem­len­ýär. Wa­ta­ny­myz, hal­ky­myz, Gah­ry­man Arkadagy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz sa­ňa be­lent ynam bil­dir­se­ler, sen hem bu mu­kad­des yna­my ödäp, ýa­ryş­la­ryň, çem­pio­nat­la­ryň be­lent mün­be­rin­de ýe­ňi­ji­niň or­nu­na çyk­saň, çar tö­we­re­giň­den sa­ňa il­deş­le­riň, sport jan­kö­ýer­le­riň al­kyş­ly söz­le­ri gö­nük­dir­se­ler, şun­dan uly bagt bo­lup bi­ler­mi?!

Sport ha­kyn­da söh­bet­deş­lik

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li uni­wer­si­te­tiň Türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­rin­de bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ha­kyn­da te­ge­lek sto­luň ba­şyn­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.

Türk­men ta­ly­by çem­pi­on bol­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de do­wam ed­ýän Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler şow­ly çy­kyş ed­ýär­ler. 10-njy sent­ýabr­da türk­men tür­gen­le­ri 3 me­dal ga­za­nan bol­sa­lar, 11-nji sent­ýabr­da il­deş­le­ri­mi­ziň ýe­ne 2-si hor­mat mün­be­ri­ne çyk­dy. Ola­ryň bi­ri Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­dy.

Sport ýa­ry­şy ge­çi­ril­di

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sport ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. Bu ül­ke­de ýo­la go­ýul­ýan, bi­na edil­ýän her bir zat ra­ýat­la­ryň aba­dan we sag­dyn dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek üçin gö­nük­diri­len­dir. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar, sport des­ga­la­ry yz­ygi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär.

Sport habarlary gysga setirlerde

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Güýz paslynyň gel­me­gi bi­len mil­li sport tür­gen­le­ri­mi­ziň iş­jeň­li­gi me­se­-mä­lim ar­typ baş­la­ýar. Çün­ki öň­de iri döw­let, se­bit we hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar, çem­pio­nat­lar bar. Dün­ýä­niň dost­luk­ly döw­let­le­ri­niň iri sport des­ga­la­ry dün­ýä bel­li tür­gen­le­ri, meş­hur sport klub­la­ry üçin ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar­lar.

Çarwadarlar oýny: doganlaşdyryjy we jebisleşdiriji güýç

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 In­di 10 ýy­la ba­sa­lyk­ly dö­wür­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, umu­ma­dam­zat ta­ry­hy ta­pyn­dy­sy bo­lan çar­wa­dar­lyk dur­mu­şy ba­ra­da pi­kir­le­riň de­ňin­de az salym eg­le­ne­ni­ňi duý­man gal­ýar­syň.

Astanadaky üstünlik

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde dünýäniň 91 döwletinden 3 müňe golaý türgeni bir ýere jemlän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy türgenlerimizi täze ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatmaga ruhlandyrdy. Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşyp, aýgytlaýjy duşuşykda özbegistanly türgeni ýeňdi we altyn medala eýe boldy.

Sport we ýaşlar

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiz ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berýär. Döwletimiziň ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamagynyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagynyň kepili bolup durýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2021—2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäginde bedenterbiýe we sport ugrunda gazanylan üstünlikleri, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini düşündirýän wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Sagdyn jemgyýeti berkarar etmegiň ilkinji şertleriniň biri-de sporty, bedenterbiýäni, saglygy goraýşy ýaýbaňlandyrmakdyr. Türkmenistanda sporty goldamak we ilatyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly esaslaryny döretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Tälimçileriň okuw sapagy

Ýurdumyzyň basketbol federasiýasynyň Halkara basketbol federasiýasy bilen bilelikde geçiren «Bütindünýä tälimçileri» atly ikinji okuw sapagy sportuň şu görnüşinden täze segitlere ýetmekde ähmiýetli ädime öwrüldi. Halkara basketbol federasiýasynyň wekili Torsten Loýbol ýurdumyzyň ussat tälimçileri bilen nazary we amaly okuw maslahatyny geçdi. Maslahata T.Baýryýew, B.Ibragimow, N.Akyýew, P.Akmammedow, M.Mazakow, K.Kiýathanow, A.Arhipow, P.Awerýanow, A.Amanberdiýew, T.Allanurow, W.Sitnikow, N.Nagiýewa ýaly tälimçilerimiz gatnaşdylar. Germaniýaly tälimçi bir hepdäniň dowamynda geçen okuw sapagyna gatnaşan ýurdumyzyň tälimçileriniň öz beren nazary we amaly okuw sapagyny gowy özleşdirip, synaglary üstünlikli tabşyrandyklaryny belläp, olaryň ussatlyklaryna ýokary baha berdi.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 2012 – 2014-nji hem-de 2015 – 2016-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda karatedo boýunça paýtagtymyzyň saýlama ýaryşy geçirildi. «Täze zaman» bedenterbiýe we sagaldyş toplumynda geçen ýaryş türgenleriň 80-sini bir ýere jemledi. Şolaryň 60-sy oglanlar, 20-si bolsa gyzlardyr. 30 kilograma çenli agramdan 50 kg-e çenli agram derejesinde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň çäginde diýseň dartgynly duşuşyklaryň ençemesi bellige alyndy. Şunlukda, gyzlaryň bäsleşikleriniň netijesi boýunça 2015-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda Merýem Gulamanowa (-30 kg), 2013-nji ýylda dünýä inen ýetginjeklerden bolsa Aýjahan Annagylyjowa öz agramlarynyň ýeňijileri boldular. Oglanlaryň ýaryşlary hem diýseň çekeleşikli geçip, Daýanç Annamyradow (-40 kg),

Taryhda şu gün

Ol 1904-nji ýylda Sent-Lýuis şäherinde geçirilen tomusky Oýunlarda 60, 100 hem-de 200 metr aralyklarynda olimpiýa çempiony bolýar. Onuň 200 metr aralyga ylgamakdaky medalyny dünýä rekordy bilen (21,6 sekunt) gazanandygyny bellemek gerek. Häzirki wagta çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýän «Gysga aralyga nädip ylgamaly» atly kitabyň hem awtorydyr.

XVII to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy

Pa­riž­de ge­çi­ri­len XVII to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. 12 gün­läp do­wam eden oýun­lar­da me­dal sa­na­wyn­da hy­taý­ly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­lar 1-nji or­ny eýe­le­di­ler. Hy­taý­ly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­lar 2004-nji ýyl­dan bä­ri to­mus­ky oýun­lar­da me­dal sa­na­wyn­da 1-nji or­ny eýe­läp gel­ýär­ler. Bas­syr 6-njy ge­zek 1-nji or­ny eýe­län Hy­taý Pa­riž­de 94 al­tyn, 76 kü­müş, 50 bü­rünç, je­mi 220 me­dal ga­zan­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan we­kil­çi­lik eden pa­ra­lim­pi­ýa­çy­lar 49 al­tyn, 44 kü­müş, 31 bü­rünç, je­mi 124 me­dal ga­za­nyp, 2-nji or­na my­na­syp bol­dy. ABŞ-nyň tür­gen­le­ri 36 al­tyn, 42 kü­müş, 27 bü­rünç, je­mi 105 me­da­la eýe­lik et­di we bu ugur­da Pa­riž Pa­ra­lim­pia­da­sy­ny 3-nji bo­lup ta­mam­la­dy. Ni­der­land­la­ryň (27 al­tyn, 17 kü­müş, 12 bü­rünç, je­mi 56 me­dal) 4-nji bo­lan sa­na­wyn­da Bi­ta­rap pa­ra­lim­pi­ýa­çy­lar, ýag­ny Rus­si­ýa we Be­la­rus­dan gat­na­şan tür­gen­ler (26 al­tyn, 22 kü­müş, 23 bü­rünç, je­mi 71 me­dal) 5-nji or­ny eýe­le­di­ler. Je­mi 85 ýurt azyn­dan 1 me­dal ga­za­nyp, şo­la­ryň 67-si­niň al­tyn me­da­ly bar.

Mar­kes ýe­ne-de ýe­ňiş ga­zan­dy

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy San Ma­ri­no «Gran Pri­si» Ri­mi­ni şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Şä­her­dä­ki 4,2 ki­lo­metr­lik Mi­sa­no Mar­ko Si­mon­çel­liniň adyny göterýän halkara tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len 27 aý­law­dan yba­rat ýa­ryş­da «Gi­re­si­ni Ducati» to­pa­ry­nyň is­pan sü­rü­ji­si Mark Mar­kes ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 9-njy bo­lup baş­lan ýa­ry­şy­ny 42 mi­nut 52,083 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki bas­syr 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 61-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Iki hep­de öň 3 ýyl­dan soň il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­za­nan Mark Mar­kes 2021-nji ýyl­dan bä­ri yz­ly-yzy­na 2 ýa­ry­şy bi­rin­ji­lik bi­len ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Ýa­ryş­da «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­le­ri 2-3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Ýe­ňi­ji­den 3,1 se­kunt yza ga­lan Fran­çes­ko Ba­naia 2-nji, 5,4 se­kunt soň pel­le­ha­na ge­len Enea Bas­tia­ni­ni 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Ro­nal­do – 900 go­ldan geçen il­kin­ji fut­bol­çy

UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne ba­dal­ga ber­lip, «A» Li­ga­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da il­ki Hor­wa­ti­ýa­ny, so­ňam Şot­lan­di­ýa­ny 2-1 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Her du­şu­şyk­da-da to­pa­ry­nyň 2-nji go­lu­ny ge­çi­ren 39 ýa­şyn­da­ky Kris­tia­no Ro­nal­do ýe­ne bir ýo­la ady­ny ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Hor­wa­ti­ýa bi­len bo­lan du­şu­şy­gyň 34-nji mi­nu­tyn­da ge­çi­ren go­ly onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 900-nji gol hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le­lik­de, ol fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da res­mi du­şu­şyk­lar­da 900 go­la ýeten il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. 2-nji du­şu­şyk­da bol­sa 2-nji ýa­ry­myň ba­şyn­da oý­na gi­ren Ro­nal­do 88-nji mi­nut­da to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly ge­çir­di. Gol­la­ry­nyň sa­ny 901-e ýe­ten Ro­nal­do mil­li ýy­gyn­dy­da 132-nji ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Şot­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy onuň gol ge­çi­ren 48-nji mil­li to­pa­ry bo­lup, ol bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça hem re­kor­dyň eýe­si­dir. Ýag­ny Ro­nal­do iň köp mil­li ýy­gyn­dy­nyň der­we­ze­sin­den gol ge­çi­ren fut­bol­çy­dyr. Ro­nal­do­nyň kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça ge­çi­ren gol­la­ry­ny sel­je­reni­miz­de, 1-nji go­ly bi­len 100-nji go­lu­nyň ara­syn­dan köp wagt geç­ýär. Ýag­ny Ro­nal­do 100-nji go­ly üçin 6 ýyl ga­raş­ma­ly bol­ýar. Ýö­ne on­dan soň­ky her 100 go­la 2 ýa-d

UEFA-nyň klub ýa­ryş­la­ry­nyň tä­ze for­mat­da­ky il­kin­ji möw­sü­mi

UEFA-nyň en­çe­me ýyl­dan soň ge­çi­ri­liş ter­ti­bi üýt­ge­di­len klub ýa­ryş­la­ry­nyň tä­ze möw­sü­mi­niň bi­je­le­ri aw­gust aýy­nyň soň­ky gün­le­rin­de çe­ki­lip­di. Gel­jek hep­dä­niň do­wa­myn­da bol­sa, şol ýa­ryş­la­ra ba­dal­ga ber­ler. Has ta­ky­gy, gel­jek hep­dä­niň si­şen­be, çar­şen­be we pen­şen­be gün­le­ri UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň 70-nji möw­sü­mi­niň il­kin­ji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ri­ler. Ýew­ro­pa Li­ga­sy­nyň 54-nji möw­sü­mi­niň il­kin­ji du­şu­şyk­la­ry bol­sa 25-26-njy sent­ýabr­da, UEFA-nyň tä­ze ha­sap­lan­ýan ýa­ry­şy Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­sy­nyň 4-nji möw­sü­mi­niň du­şu­şyk­la­ry-da 2-3-nji okt­ýabr­da oý­na­lar. Eý­sem, tä­ze for­mat­da­ky bu 3 ýa­ry­şa haý­sy ýurt­dan nä­çe klub gat­naş­ýar. Haý­sy ýurt­la­ryň we­kil­le­ri haý­sy ýa­ryş­da çy­kyş eder? UEFA-nyň 3 klub ýa­ry­şy­nyň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da şol bäs­le­şik­le­riň tä­ze möw­sü­mi bi­len bag­la­ny­şyk­ly kä­bir gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne ba­dal­ga berildi

UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­ne (2024/25) ba­dal­ga ber­lip, to­par­lar to­par­ça­lar­da­ky il­kin­ji 2 du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di­ler. Je­mi 4 li­ga­dan yba­rat ýa­ryş­da A Li­ga­nyň 1-2-3-4-nji to­par­ça­la­ryn­da öň­dä­ki 2 or­ny eýe­län­ler gel­jek ýy­lyň mar­tyn­da çär­ýek fi­nal­da du­şu­şar­lar. UEFA Mil­let­ler Li­ga­sy 4-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, mun­dan öň­ki 3 ýa­ryş­da Por­tu­ga­li­ýa (2018/19), Fran­si­ýa (2020/21) hem-de Is­pa­ni­ýa (2022/23) ýe­ňi­ji bo­lup­dy. «A» Li­ga­nyň 1-nji to­par­ça­syn­da ýa­ry­şyň il­kin­ji çem­pio­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ren du­şu­şyk­la­ryn­da Hor­wa­ti­ýa­ny-da, Şot­lan­di­ýa­ny-da 2–1 ha­sap­lar bi­len ut­dy. 39 ýa­şyn­da­ky su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do 2 du­şu­şyk­da hem ta­pa­wut­la­nyp, onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky gol­la­ryň sa­ny 900-den geç­di. Şot­lan­di­ýa­ny myh­man­çy­lyk­da 90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ren go­ly bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňen Pol­şa myh­man­çy­lyk­da Hor­wa­ti­ýa­dan utul­dy (1–0). Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 52-nji mi­nut­da je­ri­me ur­gu­syn­dan Lu­ka Mod­riç ge­çir­di. 9-njy sent­ýabr­da 39 ýa­şy­ny dol­du­ran Lu­ka Mod­riç mil­li ýy­gyn­dy­da 180 ge­zek meý­dan­ça çy­kyp, bu ugur­da Ser­hio Ra­mos bi­len deň­leş­di we Ýew­ro­pa­da Kris­tia­no Ro­nal­do­dan soň 2-nji orun­da bar­ýar.

«Ame­ri­ka Açy­gyň» tä­ze çem­pi­on­la­ry

Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň 4-nji «Uly tu­wal­ga» ýa­ry­şy bo­lan «Ame­ri­ka Açyk» bäs­le­şi­gi ta­mam­lan­dy. Umu­my baý­rak ga­z­na­sy 75 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan we 144-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da er­kek­le­riň ara­syn­da ita­li­ýa­ly Ýan­nik Sin­ner, ze­nan­lar­dan be­la­rus­ly Ary­na Sa­ba­len­ka ýe­ňi­ji bol­dy. Ola­ryň iki­si-de fi­nal­da ame­ri­ka­ly ten­nis­çi­ler­den üs­tün çy­kyp, 3,6 mil­li­on dol­lar­lyk pul baý­ra­gy­ny ga­zan­dy. 1988-nji ýyl­dan soň bir ýy­lyň do­wa­myn­da ga­ty ör­tük­li (hard) meý­dan­ça­da­ky 2 «Uly tu­wal­ga» ýa­ry­şyn­da-da («Awst­ra­li­ýa Açyk», «Ame­ri­ka Açyk») er­kek­ler­de­nem, ze­nan­lar­da­nam şol bir ten­nis­çi ýe­ňi­ji bol­dy. Iki ten­nis­çi-de kar­ýe­ra­la­ryn­da­ky 16-njy ku­bok­la­ry­ny ga­zan­dy. Ilkinji italiýaly erkek tennisçi

Hepdäniň esasy duşuşyklary

13-nji sentýabr (anna) Borussiýa D – Haýdenhaým (23:30)

Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2 du­şu­şyk­da 12 gol ge­çir­di

Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň Azi­ýa zo­la­gy bo­ýun­ça 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň 1-2-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. 1-nji du­şu­şyk­la­ryň kä­bi­rin­de ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler ha­sa­ba alyn­dy. «A» to­par­ça­da Öz­be­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy öz meý­dan­ça­syn­da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny Ma­şa­ri­po­wyň 20-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 hasabynda ýeň­di. Eý­ran hem şol ha­sap bi­len Gyr­gy­zys­tan­dan üs­tün çy­kyp, ýe­ke-täk go­ly 34-nji mi­nut­da Meh­di Ta­re­mi ge­çir­di. Ka­ta­ryň ýy­gyn­dy­sy­nyň öz meý­dan­ça­syn­da BAE-den 3–1 hasabynda utul­ma­gy ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je bol­dy. 1-nji ýa­rym­da Al-Has­sa­nyň go­ly bi­len öňe ge­çen ka­tar­ly­lar 2-nji ýa­rym­da 3 gol ge­çirt­di­ler. BAE-niň ýy­gyn­dy­sy­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Ab­dal­la (68), Ib­ra­him (80) hem-de Sa­leh (90+4) ge­çir­di. 2-nji du­şu­şyk­lar­da Öz­be­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy myh­man­çy­lyk­da Gyr­gy­zys­ta­ny ýer eýe­le­ri­niň 2 ge­zek öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di (Ko­žo 15, Ab­du­rah­ma­now 35 — Şo­mu­ro­dow 17, Ali­ku­low 45, Uru­now 72). Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy bu tap­gyr­da-da iň ki­çi ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, olar myh­man­çy­lyk­da BAE-ni Ga­ýe­di­niň 45+3-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ut­dy.