"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Üstünlik her ýaşda gelip biler

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Adamyň üstünlige ýetmegi üçin ilki bilen bir maksat tutunmagy we şol maksadyna ýetmegi üçin ynamly hem-de okgunly hereketde bolmagy zerurdyr. Durmuşyny sport bilen baglanyşdyran adamlarda bu üstünlik ýoly has hereketli geçýär. Olar dowamly türgenleşikler bilen dürli ýaryşlara gatnaşyp belent maksada ýetmek üçin ädimme-ädim öňe ilerlemeli bolýarlar. Her bir türgeniň baş maksady we iň uly ýeňşi sport ýaryşlarynyň iň iri hem iň abraýlysy bolan Olimpiýa oýunlaryň çempiony bolmak bolsa gerek.

Sport — sag­dyn­lyk we gö­zel­lik

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we sport ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­jy­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler bol­sa sport jan­kö­ýer­le­ri­niň, ýaş­la­ry­my­zyň spor­ta bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dy­ryp, us­sat tä­lim­çi­le­ri­mi­zi we tür­gen­le­ri­mi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş nes­liň wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­me­gi­ne, ola­ryň er­jel­lik, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk we yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de ýaş nes­liň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len ne­ti­je­li we yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­na, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi­ne, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz­da mil­li sport­da buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Di­ňe bir ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, ýe­ti­len sep­git­ler bi­len çäk­le­nil­män, öň­de bol­jak iri sport ýa­ryş­la­ry­na, çem­pio­nat­la­ra, ku­bok ýa­ryş­la­ry­na, Olim­pi­ýa we Azi­ýa oýun­la­ry­na şu gün­ler­den ýo­ka­ry dep­gin­li taý­ýar­lyk­lar gö­rül­ýär.

Sport — sagdynlygyň çeşmesi

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Wa­ta­ny­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan ýo­ka­ry ösüş­ler ada­myň aba­dan ýa­şaý­şy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Bin­ýa­dy berk­den gu­rul­ýan Ber­ka­rar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we ber­kit­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üns be­ril­ýän esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Türkmen döwlet Bedenterbiýe we sport instituty

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Sport we bedenterbiýe

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Bä­her­den et­ra­byn­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän 350 orun­lyk sport mek­de­bi gur­lup ulan­ma­ga ber­len gü­nün­den bä­ri, on­da en­çe­me sport ýa­ryş­la­ry, sport­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler ba­ra­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şa­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňüsyrasynda Bä­her­den et­rap sport mek­de­bin­de et­ra­byň jem­gyýet­çi­lik gu­ra­mala­ry et­ra­byň TDP-nyň iş­gär­le­ri­niň, et­rap KA-nyň hü­när­men­le­ri­niň, et­rap MAÝG-nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň we sport mek­de­bi­niň ha­ly­pa tä­lim­çi­le­ri­dir tür­gen­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da «Ga­raş­syz­lyk bi­len gal­ky­nan türk­men spor­ty» at­ly şy­gar as­tyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şan­lar öz çy­kyş­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan tu­tum­ly iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­di­ler hem-de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň sport­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler.

Türk­men küşt­çü­le­ri ýe­ňiş­li ýol­lar­da

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 Weng­ri­ýa­nyň Bu­da­peşt şä­he­rin­de 45-nji Bü­tün­dün­ýä küşt olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. Her iki ýyl­dan ge­çi­ril­ýän bu oýun­la­ra dün­ýä ýurt­la­ryn­dan mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ryň 381-si gat­naş­dy. Ola­ryň 197-si er­kek­ler, 184-si ze­nan­lar to­pa­ry­dyr.

Holand «Man­çes­ter Si­ti»-niň düzüminde 105 oýun­da 100 gol ge­çi­rip, Ro­nal­du­nyň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy

«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024 «Man­çes­ter Si­ti­niň» 24 ýaş­ly nor­we­gi­ýa­ly hü­jüm­çi­si Er­ling Ho­land klu­by oý­nan üçin 105-nji du­şu­şy­gyn­da 100-nji go­lu­ny ge­çir­di. Ho­land ýu­bi­leý go­lu­ny Prem­ýer-li­ga­nyň 5-nji tap­gyr du­şu­şy­gyn­da, Man­çes­ter şä­he­rin­de «Eti­had» sta­dio­nyn­da «Ar­se­na­la» gar­şy du­şu­şyk­da ge­çir­di. Du­şu­şyk 2:2 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy.

Fut­bol dün­ýä­si: mü­di­mi re­kord­lar

«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Fut­bol — tä­sin bir dün­ýä. Ol tür­gen üçi­nem, tä­lim­çi­dir emin üçi­nem gy­zyk­ly­dyr. Ýö­ne onuň to­ma­şa­çy, jan­kö­ýer üçin gy­zy­gy­ny aýt­saň... Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­niň 3,5 mil­li­ar­da go­laý ila­ty bu sport gör­nü­şi­niň jan­kö­ýe­ri­dir.

Olim­piýa oýunlarynda Nowak Jo­ko­wiç altyn medal gazandy

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Pa­riž­de Olim­pi­ýa oýun­la­rynyň çäk­le­rin­de ten­nis bo­ýun­ça ýa­ry­şyň ikin­ji aý­la­wyn­da ser­bi­ýa­ly ten­nis­çi No­wak Jo­ko­wiç is­pa­ni­ýa­ly tür­gen Ra­fa­el Na­dal­dan üs­tün çyk­dy.

Skandinaw ýörişi

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Dün­ýä spor­tu­nyň dö­re­ýiş we ösüş ta­ry­hy­na na­zar aý­la­ny­myz­da, biz dür­li halk­la­ryň ara­syn­da ýü­ze çy­kyp, özü­niň kä­mil­li­gi, be­den­ter­bi­ýä­niň, sag­ly­gyň we gö­zel­li­giň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­li­gi bi­len nus­ga­lyk de­re­jä ýe­ten sport gör­nüş­le­ri­niň kän­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris. Ola­ryň il­kin­ji ýü­ze çy­ka­nyn­dan kän wagt geç­män­kä dün­ýä­de yk­rar edi­len sport gör­nüş­le­ri­niň ha­ta­ry­na gi­ren­le­ri hem az däl.

Tennis topy barada

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 Asyr­lar­bo­ýy köp­çü­li­giň gy­zyk­la­nyp gel­ýän meş­hur güý­men­je­si bo­lan ten­nis naý­ba­şy sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýa­şyl we gyz­gylt meý­dan­ça­da (kort) oý­nal­ýan bu sport gör­nü­şi, esa­san hem, ýaş­la­ryň ara­syn­da has ýör­gün­li­dir. Sport gör­nüş­le­ri­niň kö­pü­si­niň özü­ne mah­sus düz­gün­le­ri we oýun üçin ni­ýet­le­nen es­bap­la­ry bar. My­sal üçin, fut­bol ýa­şyl meý­dan­ça­da, bäş­burç­luk­lar­dan dü­zü­len ala­be­der top bi­len oý­nal­ýan bol­sa, wo­leý­bol üçin ýe­ňil­jek sarymtyl gök top we set­ka­ly ki­çi­räk meý­dan­ça ge­rek. Çu­kur­jyk­ly meý­dan­ça­da ge­çi­ril­ýän golf üçin ki­çi­jik ak top­lar we ujy eg­ri ta­ýa­jyk ze­rur bol­sa, reg­bi üçin tut­ma­ga amat­ly ýu­murt­ga şe­ki­lin­dä­ki top ge­rek. Ten­ni­siň hem öz­bo­luş­ly şert­le­ri bo­lup, oýun üçin ra­ket­ka, tor çe­ki­len meý­dan­ça we ki­çi­jik sa­rym­tyl ­ýa­şyl top ge­rek. Eý­sem, ten­nis­de nä­me üçin ak, gy­zyl ýa­da gök däl­de, sa­rym­tyl-ýa­şyl top­lar saý­lan­dy­ka?! Ge­liň, ten­nis to­pu­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Ronaldomy, Messi?

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024 2-nji iýu­lyň Sport žur­na­list­le­ri­niň gü­nü­di­gi me­ni ta­na­ýan­la­ryň ara­syn­da di­ňe Şü­kür­ba­ýe­wi­çiň ýa­dy­na dü­şüp­dir. Hat­da dog­lan gü­ne hem kän bir äh­mi­ýet ber­me­ýän ada­my hal­ka­ra hü­när baý­ra­my bi­len bag­ly gür­rüň­ler gy­zyk­lan­dyr­ma­jak ýa­ly. Em­ma ony fut­bol bi­parh goý­ma­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne öle­men fut­bol jan­kö­ýe­ri Sü­leý­ma­n bi­len du­şu­şan wagt­la­ry has aý­dyň göz ýe­ti­rip bol­ýar. Bu ge­zek «EURO 2024» we «Copa Ame­rica» (2024) bi­len baş­la­nan gür­rüň «Ro­nal­do­my, Mes­si?» di­ýen ri­to­ri­ki so­wa­la öw­rü­len jüm­le bi­len jem­len­di. Eger 5-nji gat­da­ky iş ota­gy­ma, oz­al­ky­la­rym ýa­ly, bas­gan­çak bi­len gel­sem, oý­lan­ma­ga wag­tym bol­jak­dy. Lif­tiň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nan­ly­gym üçin pi­kir­len­mä­ge ma­ýym bol­ma­dy. Şu gys­ga pur­sat­da fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran ýyl­dyz­la­ry ýat­la­ma­ga ça­lyş­dym.

Sport hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýdyp, toý şatlygyny paýlaşmaga ýurdumyza gelendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz, öz nobatynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz myhmanyň saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Aziýa çempionatyndaky üstünlik

Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow Hançžou (Hytaý) şäherinde uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen WKF karate boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy. Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde kumite boýunça şowly çykyş edip, üstünlige barýan ýolda üç ýeňiş gazandy.

Ussatlyk sapagy

Golaýda ýurdumyzyň dzýudo boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, ýaponiýaly hünärmen Tokuno Kazuhiko Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde bolup, bu ýerde bilim alýan ýetginjekler bilen ussatlyk sapagyny geçdi. Tejribeli tälimçi dzýudonyň inçe tilsimlerini görkezmek bilen, ýaşlaryň hem ukyp-başarnyklaryny synady. Ol türkmen türgenleriniň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

Abraýly ýaryşyň altyn medaly

Türkmen türgeni Şahzadbek Matýakubow Ispaniýanyň Leon şäherinde tamamlanan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medal gazanmagy başardy. Şeýle hem ol dünýä rekordyny goýdy. 102 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz silterläp götermekde 175 kg netije görkezdi. Itekläp götermekdäki dünýä rekordyny 1 kilogram täzelän (216) ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 391 kg netije görkezip, dünýä çempiony boldy. Bu agram derejesinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde braziliýaly Mateus Pessanýa (383 kg) bilen müsürli Mahmud Hosni (369 kg) eýelediler. Bu ýaryşda Anamjan Rustamowa hem silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Ol 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 103 kilogram netije görkezdi we üçünji orny eýeledi. Dünýä çempionatynda 67 ýurtdan 350-den gowrak türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.

Bedenterbiýe we sport

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň dzýudo boýunça açyk birinjiligi geçirildi. 2008 — 2010, 2013-2014, 2015-2016, 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgen oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň topary 1-nji orna mynasyp boldy (tälimçi Ahmet Akyýew). Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň topary 2-nji orny eýeledi (tälimçi Tahyr Amandurdyýew). Ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Taryhda şu gün

Häzirki wagta çenli Portugaliýanyň futbol çempionatyny 29 gezek birinji orunda tamamlan topar 1987-nji ýylda Ýewropanyň iň naýbaşy bäsleşigi hasaplanýan Ýewropa çempionlarynyň Kubogynyň ýeňijisi bolýar. Soňlugynda Çempionlar ligasy adyna eýe bolan Kubok bäsleşigindäki ikinji üstünligini 2004-nji ýylda gazanýar. Toparyň 2003-nji ýylda UEFA-nyň Kubogynda hem-de 2011-nji ýylda Ýewropa ligasynda üstünlik gazanandygy hem bellenmäge mynasypdyr.

Gyzykly geçen ýaryş

Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşi welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Welaýat merkeziniň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparlaryň arasynda gyzykly ýagdaýda geçen ýaryşyň netijesi boýunça birinji orna welaýat dermanhana müdirliginiň topary mynasyp boldy. Ikinji orny Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň, üçünji orny welaýat saglygy goraýşyň awtoulaglary kärhanasynyň toparlary eýelediler.