Toýotada «Hyundai» çempion boldy
Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň iň soňky ýaryşy, 13-nji bäsleşigi Ýaponiýanyň Toýota şäherinde geçirildi. 21 tapgyrdan ybarat 302,59 kilometrlik ýaryşda «Toyota Gazoo» toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewans ýeňiji boldy. Ol 3 sagat 24 minut 41 sekuntda ýaryşy tamamlap, karýerasyndaky 9-njy ýeňşini gazandy. Ýaryşda toparyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie 2-nji, «M-Sport Ford» toparynyň fransiýaly piloty Adrien Furmo 3-nji orna mynasyp boldy. Ýaryşy 6-njy orunda tamamlan belgiýaly Tierri Noýwill karýerasynda Dünýä Ralli çempionatynyň çempionlygyny gazandy. «Hyundai Shell Mobis» toparynyň belgiýaly piloty utugyny 242-ä ýetirdi we 15 ýyllyk WRC karýerasynda ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Toýota şäherinde «Hýundai» toparynyň çempion bolmagy aýratyn bellärliklidir. Şol bir wagtyň özünde «Hyundai Shell Mobis» topary «Toyota Gazoo» toparynyň 5 ýyllyk çempionlygyny hem soňlandyrdy. Şeýle-de, 36 ýaşyndaky sürüji Dünýä Ralli çempionatynda çempionlyk gazanan ilkinji belgiýaly pilot hökmünde taryha girdi. Ol Dünýä Ralli çempionatynda çempion bolan 22-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy.