"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi

Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ynsanperwer ugurly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyz parahatçylyk söýüjilik, raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak ýörelgelerine eýermek bilen, bu däpleri nesilden-nesle geçirip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp, Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan şu ýylyň noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybaratdyr.

Türkmenistan Yrak Respublikasyna tebigy gazy eksport eder

Aşgabat, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden “swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýtagtymyzda aragatnaşyk boýunça GDA azga ýurtlarynyň maslahaty geçirildi

8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda  GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Maglumat boýunça GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň  ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmeklik maslahatlaşyldy

Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobeska duşenbe güni Buharestde resmi saparda bolýan Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Onuň barşynda Odobeska Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini tiz wagtda işe girizmek meselelerini maslahatlaşmagyň wajyplygyny nygtady. “Veridica” neşiriniň habar bermegine görä, bu başlangyç Gara we Hazar deňizleriniň portlaryny Gündogar – Günbatar üstaşyr ulag geçelgesinde möhüm merkezlere öwrüp, Günorta Kawkaz, Merkezi Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerinden täze goşmaça ýükleri çekmäge mümkiçilik berer diýip, daşary işler ministri Luminisa Odobeska belledi.

Gyrgyzystan we Eýran Türkmenistanyň üstünden geçýän geçelgede hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Häzirki wagtda Eýranyň Bandar-Abbas deňiz portundan Gyrgyzystanyň Oş şäherine konteýner daşamak üçin synag demir ýolunyň açylmagy öwrenilýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýew Daşkentde YHG-ä agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisiniň çäginde mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berýär. Ol bu ugruň «Eýran — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» ugrunyň bir bölegidigini aýtdy.

Türkmenistan — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: täze gözýetimleri nazarlap

Halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatdaky hyzmatdaşlyk köpugurly bolup, ählumumy hem-de sebitleýin howpsuzlyk, durnukly ösüş nukdaýnazaryndan, maksatlaryň, wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga sebit ösüşiniň oňyn şertleriniň biri hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz bu gurama agza döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli dowam etdirýär. 8-9-njy noýabrda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkentde geçiriljek YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 16-njy sammitinde bu guramanyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini agza döwletleriň hem-de dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin peýdalanmagyň geljegi uly ugurlary öz beýanyny tapar.

Türkmen-Hytaý gatnaşyklary: ylmy-tehniki ulgamda tejribeler alşylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşiň, parahatçylykly durmuşyň hatyrasyna döretmek, gurmak babatda öňe sürýän we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň halkara guramalar, dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň ygtybarly köprüsi has-da berkidilýär. Taryhy we medeni kökleriň, hoşniýetli ýörelgeleriň umumylygy arkaly berk baglanyşykly bolan bu döwlet bilen ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan we Hytaý söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar biziň halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýär.

Hyzmatdaşlygyň täze ugry: «Türki döwür» şygary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine amala aşyran iş sapary köpugurly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini nazarlamakda möhüm pursat boldy. Bu Guramanyň işi taryhyň gadymy döwründen bir kökden gözbaş alyp, çar ýana ýaýylan gojaman daragtyň nowça nahallarynyň pajarlap gülleýşi ýaly barha kuwwatlanýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň işi taryhy taýdan ruhy-medeni ýörelgeleri birmeňzeş bolan halklary birleşdirip, parahatçylykly we durnukly ösüşiň hatyrasyna özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

YHG-niň Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirer

Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugry arkaly halkara multimodal geçelgäni döretmek baradaky teswirnama gol çekdi. Bu barada «nCa» internet portaly habar berdi. Bu resminama 1 — 3-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji mejlisiniň çäginde gol çekildi.

Daşkentde ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar

Mälim bolşy ýaly, 8-9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler. Gün tertibine laýyklykda, sammitde guramanyň çäklerinde söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «Report.az» habar berýär. Çeşmäniň özbek habar beriş serişdelerine, şol sanda Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp belleýşi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlary guramanyň işini gowulandyrmak meselesini hem ara alyp maslahatlaşarlar.

Aşgabat — ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýörite habarçymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar RUSTEMOWA birnäçe sowal bilen ýüzlendi. — Çynar Täjiýewna, bu şatlykly waka mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de dizaýn şäheri hökmünde Aşgabadyň abraýyny halkara derejede belende götermekde alyp barýan işleriňizde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Sungatlar söhbetleşende...

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň prezidenti Jorjio Bartolomuççi, bu akademiýanyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozon hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar zehinli talyplaryň «Altyn gazna» muzeýinde sergilenen sungat eserleri bilen içgin tanyşdyrylyp, olara ýokary okuw mekdebinde hünärleriň öwredilişi barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara pikir alşyldy. Bilşimiz ýaly, italiýan sungaty dünýä şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşdy. Bu ýurtda toplanan baý tejribe ýaş zehinli sungat işgärlerini ýetişdirmekde, olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi medeni köprüleri has-da pugtalandyrjak guwançly wakadyr. Resminama laýyklykda, akademiýalaryň arasynda binagärlik, dizaýn we şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary saklanylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Eksport mümkinçilikler artdyrylýar

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda HHR-niň Başlygynyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekin şäherinde geçirilen «Bir guşak, bir ýol» atly üçünji halkara maslahatyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz şol maslahatyň çäklerinde eden taryhy çykyşynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýändigini belledi. Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama gol çekilmegi geljekde özara tejribe alyşmak arkaly ady agzalan ulgamyň kämilleşdirilmegi babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň çäklerinde Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýangyç-energetika hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleri babatynda iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen Hytaý H

Guwandyryjy halkara hyzmatdaşlyk

Yzygiderli we netijeli içerki ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri has oňaýly daşarky şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle şertleriň kemala getirilmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndaky ýörelgelere we kadalara esaslanan parasatly, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli daşary syýasat ýörelgeleriniň netijesinde amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda döwletleriň birek-birege özara hormat goýmagy we deňhukuklylygy esasy orny eýeleýär. Şu möhüm düzgünlere daýanyp, hemişelik Bitarap türkmen döwleti Milletler Bileleşigine agza bolmagynyň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň ösdürilmegine, häzirki wagtda ählumumy Gün tertibiniň öňünde durýan giň gerimli meseleler boýunça BMG-niň çözgütlerini işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge uly goşant goşdy. Şeýle ugurlaryň biri energetika durnuklylygydyr we howpsuzlygydyr, halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekdir. Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen çözgütlerde beýanyny tapyp, iri energetika taslamalarynyň birnäçesiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy mynasyp dowam etdirilýär.

Işewür gatnaşyklar berkidilýär

3-nji noýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň biziň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine dostlukly döwletiň kompaniýalarynyň, şol sanda «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki çykyşy

(Astana şäheri, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry) Hormatly döwlet Baştutanlary!

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygy umumy taryhy-medeni mirasyň hem-de umumy diliň esasynda üstünlikli ösdürilýär

3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary boldy. 2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu derejäniň biziň ýurdumyza-da berlendigini bellemek gerek.

Türki dünýä: kökler bir, ýollar aýdyň (Ýaş žurnalistiň sözi)

Gözbaş dury bolsa, çeşmeler arassa bolýar. Dünýäniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň mirasdüşerleri — kökleri bir, birek-birege: «Gardaş, arkadaş!» diýip ýüzlenýän türki halklary hem taryhy bitewülik, medeni-ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Diňe bir geografiki taýdan däl, eýsem, ruhy ýakynlyk, ýürekdeşlik, islendik pursatda bir-biregi goldamak, hatda hiç hili dil päsgelçiligi bolmazdan düşünişip bilýänligimiz bu gün türki döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açmakda ygtybarly binýatdyr. 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy ýubileý sammitiniň geçirilmegi dünýä gatnaşyklarynda türki döwletleriň tutýan ornunyň uludygynyň täze bir görkezijisi boldy. Bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşyp, strategik häsiýetli çykyş etmegi möhüm syýasy ähmiýete eýedir. BIR TARYH, DURNUKLY GELJEK

TransLogistica Uzbekistan 2023: Türkmenbaşy porty dünýäniň ulag kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi

2023-nji ýylyň 1-3-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TransLogistika Uzbekistan 2023” atly halkara sergisi geçirildi. Bu çärä 15 ýurtdan 60 dan gowrak kompaniýa gatnaşyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem öz sergi stendi bilen çykyş etdi. Bu çäräniň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Halkara Ulag Forumy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji duşuşygy we "Awiasiýa we logistika 2023" atly halkara awiasiýa forumy hem geçirilýär. Agzalýan çärelere ýurdumyzyň ýokary derejeli wekilýeti hem gatnaşdy.