Eksport mümkinçilikler artdyrylýar

6 Noýabr 2023
537

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda HHR-niň Başlygynyň çakylygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekin şäherinde geçirilen «Bir guşak, bir ýol» atly üçünji halkara maslahatyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz şol maslahatyň çäklerinde eden taryhy çykyşynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasynyň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna laýyk gelýändigini belledi. Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama gol çekilmegi geljekde özara tejribe alyşmak arkaly ady agzalan ulgamyň kämilleşdirilmegi babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň çäklerinde Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýangyç-energetika hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleri babatynda iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde täze tapgyryň başyny başlady.

Leýli JUMAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar