8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady ýokary derejede gurnalan mejlise Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, Maglumat boýunça GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.