"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ösüşleriň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan hoş habarlara beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýär. Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilýär, olaryň täzeçe işlemegi, gurmagy, döretmegi, öndürmegi babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem, bu gün türkmen telekeçileri hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyna jogap edip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna saldamly goşant goşýarlar, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýärler. Olar dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürip, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen doly üpjün edýärler hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytdyr önümleriň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzyň çäginde öndürilmegini ýola goýýarlar.

Guwanmak bagty («Garaşsyzlygyň miweleri» atly makalalar toplumyndan)

Halkymyz bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gadyrlap ýaşaýar. Sebäbi, ol halkyň alnyndan ak Gün bolup dogdy, oňa garaşsyz ýurtda ýaşamak bagtyny berdi. Şol bagty on iki süňňi bilen syzýan il-günüň eşretli ýaşamagy, ýurt bähbidine, nesilleriň hatyrasyna işlemegi we döretmegi üçin bolsa giň mümkinçilikler döredilendir. Gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň aýdyň ýörelgelerinden alyp gaýdýan şol mümkinçiliklerden peýdalanýan her bir raýatyň gazanýan şahsy üstünligi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşant bolýar. Bu bolsa köňüllerde hoşallyk döretmäge höwesi, işlemäge hyjuwy oýarýar. Olar bolsa gözbaşyny Garaşsyzlykdan alyp gaýdýar. Garaşsyzlyk Gündür! Ol milleti Gün kibi çoýýar, il-günüň, ýurduň ösüş ýoluna ýagty saçýar. Garaşsyzlyk Güneş bolup çoýýandyr,Köňül köşgüm bagy-bossan gülzarlyk.Ösüşleriň berk binýadyn goýýandyr,Tarypy bolar oň dessan ýazarlyk.

Bagy bossan diýarym

Halkymyzyň owalahyr aňynaganyna, ruhuna siňen mukaddes ýörelgesi şeýle: ýol, köpri guran, bag ekip ýetişdiren ýada jemagatyň haýyrlanýan haýsydyr bir desgasyny bina eden adamyň haýyrsogapdan ýüki ýetik bolup, ilgün şol ýagşy ynsanlary hemişe ýagşylykda ýatlaýar, olaryň atlary nesilleriň hakydasynda ebedilik orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine we şu ýylyň birinji aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçiren giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalyny ekmek baradaky gol çeken Kararynyň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada oýlananyňda, umumadamzat bähbitli şeýle sogaply, haýyr işleriň, belent tutumlaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzy müň mertebe alkyşlaýarsyň. Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hemde ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hemde demir ýollarynyň ýakalaryny bagybossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz giň gerimli Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hemde doly derejeli ýaşaýşy hemde dynç alşy üçin amat

Akhanyň ak ýoly dowam, Arkadag!

Şeýle bir halatlar, hadysalar bolýar. Göwnüňe bolmasa, olar biziň güýjümizden has daşary gelýän ýaly bolup görünýär. Ýaly däldir-de, daşarydyr. Ony täsin waka diýibem bilýärler. Ol beýle däl. Düýbünden başga zat. Takygyny aýtsaň, Gudratdan gelýän güýç, adatylykdan ýokary göterilýän başarnyk, başgalyk. Ol saňa berlende, bada gelende, adam bulaň ählisine ukyplydyr. Aslynda, ynsan güýjüne gelýän zat barmy?! Ýokdur. Ony dünýe boýun alýar ahyryn. Aldyrýan ägirtler, ärler bardyr. Zehinmi ol, ruhy goldawmy ol, sen dünýe bilen gidişip bilýänsiň. Olaryň güýji bilen dünýe bakylygyny-müdimiligini saklaýar. Dürli taraply ussatlara baş egýäň, tär-tilsimini ele alyşlaryna haýran galýaň. Diýýänim dünýäň danadan tanymal ynsanlaryna degişli. Men bu ýerde nämäni ýaňzytjak bolýan?! Sözümiz, söhbedimiz bedew hakda. Diýmek, suw şol tarapa syrygýar, akýar. Gahryman Arkadagymyz ýaly atda çapyp bilýän aperin bardyr öýdemok. Bu uly aýratynlyk hem artykmaçlyk. Men bu barada ýazan uly göwrümli goşgymy ýatlamaly bolýan. Bedew, onda-da Akhan at meniň döredijiligimden aýry duranok, dolulygy bilen baglanyşyklydyr.

Ýüregi sen ýurdumyň, ak şäherim Aşgabat!

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän şowhunly dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan halk bähbitli özgertmeler bolsa bedew badyna beslenip, halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dabaralandyrýar. Sahawatly türkmen topragyny nurlandyryp dogýan Gün täze ösüşleriň, buýsandyryjy wakalaryň buşlukçysy bolup dünýäni nurlandyrýar. Biz muny ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris. Toýlary-toýa ulaşýan berkarar döwletimizde halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara Nowruz gününi uly ruhubelentlikde belläp geçdi. Dabaralara beslenen günlerde halkymyzyň bir adam ýaly bolup agzybirlikde bag oturtmak işine işjeň gatnaşmagy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýany gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysaly boldy.

Şatlykly wakanyň şaýady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek şanly ýylyň häzirki taryhy günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda welaýatymyzyň çäginde döwrebap ýyladyşhanalaryň birbada ikisiniň toý ruhunda açylyp, işe girizilmegi şatlykly wakalara utgaşdy. Habarçymyz şol joşgunly, taryhy waka mynasybetli ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançly sözlerini ýazga geçirdi. Nowruz ÖWLÝAKULYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy:

Parahatçylyk — dünýäniň ykraryýeti

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “ARMENPRESS” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Metbugat maslahatynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny jebisleşdirmek, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alşyldy.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni,Ak şäherim Aşgabat!Dost-doganlyk merkezi,Ak şäherim Aşgabat! Köpetdagyň çeşmesi,Garagumuň keşdesi,Göýä ak gül dessesi,Ak şäherim Aşgabat!

Baky bagtyň şäheri

Gözellik — göwünlere ganat bermek ukybyna eýe bolan gudratly güýç. Bu düşünje döwür, haýsydyr bir ýurduň halkynyň durmuşy bilen baglanyşykly getirilende, onuň ähmiýeti has-da artýar. Şeýlelikde, ol gözelligi şahyr şygyrlarynda wasp etse, bagtyýar pursatlar suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Kompozitorlar gözelligiň goýnunda gülleýän Watanyň şanyna ajaýyp saz eserlerini döredýärler. Çünki islendik eser öz gözbaşyny haýsydyr bir kalba joşgun beriji güýçden alyp gaýdýar. Bize bolsa ilkinji ylham berýän zat — ajaýyp zamanamyz. Bagtyýarlyk döwrümiziň görkanalygyny öz eserlerine siňdirmek bu günki gün ýurdumyzyň her bir döredijilik işgäriniň baş maksadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň mermer lybasa beslenen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny baýram etmek hakynda aýdanlary-da ildeşlerimizde, şol sanda döredijilik işgärlerinde uly joşgun duýgularyny döretdi. Gözel paýtagtymyzda ajaýyp zamanamyzda günüň-güňüne bolup geçýän şatlykly wakalar, özgerişler bolsa bagtyýarlyk barada islendik uly eseri döretmäge ylhamlanmak üçin ýeterlik. Sebäbi ol wakalar, özgerişlikler halkyň geljeginiň abadanlygynyň buýsançly ykrarnamasy. Ine, şular barada pikir edeniňde, biygtyýar Türkmenistanyň gahrymany şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň:

Şadiwanyň şuglasy

Eziz diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri we bedew batly ösüşler bilen bellenilýär. Şu bagtyýar günlerde hormatly Prezidentimiziň paýhas ummanynyň ajaýyp dürdänesi «Aşgabat» atly täze kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişendigi baradaky hoş habaryň beýan edilmegi ähli ildeşlerimiz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň täze Şadiwany Aşgabadyň taryhy, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.

Meşhur Akhana dowamat geldi

Bahar her ýurda öz gözelligi, ýatdan çykmajak ajaýyplygy bilen gelýär. Ata-babalarymyz togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, bu topragyň dem alşyna, onuň diňe bir daýhanlaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň kalbynda özboluşly bir duýgyny emele getirýändigini belleýärler. Bahar, ýaz, gül, gülälek, joşguna berlen gowünler bu günleriň täsirini artdyrýar. Watanymyza toý bolup dolan ýazyň ilkinji günlerinde şatlykly habarlaryň eşidilmegi buýsançly başymyzy göge göterýär. Halkara Nowruz baýramynyň uly joşgun bilen bellenilýän günlerinde, has takygy, şu ýylyň 22-nji martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ol ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Köpetdagyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän topluma baran mahaly Gahryman Arkadagymyza özüniň seýisläp ýetişdiren meşhur Akhan atynyň ilkinji taýynyň doglandygyny habar berdiler. Buşluk habary hemmeleriň şatlygyny goşalandyrdy.

Döwrebap kanunçylyk — döwrebap ösüşiň möhüm şerti

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy duşuşykda eden çykyşynda ýurdumyzda ähli ugurlar babatda ýokary netijeleriň gazanylmagy üçin kanun çykaryjylyk işiniň esasy meseleleri we gaýragoýulmasyz ugurlary barada durup geçdi. 13-nji martda bolsa sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Bular dogrusynda ýurdumyzyň milli parlamentiniň wekilleriniň beren gürrüňlerini dykgatyňyza ýetirýäris. Ýusupguly EŞŞÄÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy:

Ak arzuwlaryň we ösüşleriň nyşany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly senesi utgaşýar. Toýlary goşadan gelýän halkymyza Milli bahar baýramynda — Nowruz günlerinde milli medeniýetiň kämil nusgasyna, buýsanjyna öwrülen, dünýä belli Akhan atymyzyň nesil dowamaty bolan ilkinji taýçanagynyň buşluk habary eşidildi. Bahar paslynyň älem-jahany nurlandyryp, läle-reýhana besleýän günlerinde, 22-nji martda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Akhandan bolan taýa Aşgabat diýip at goýmagynda hemişe ýagşy niýeti döwletlilik saýýan halkymyzyň göwün guwanjy, maksat-myrady, arzuw-hyýaly, geljekki günlere ynamyň özboluşly dabaralanmasy şöhlelenýär. «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «At münen döwletli bolar» diýýän halkymyzyň bedew atlaryna garaýşy üýtgeşikdir. Ajaýyp behişdi bedewler Garaşsyz Türkmenistanyň buýsanjy hem döwletlilik nyşany saýylýar. Ahalteke bedewiniň şekili ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezeýär. Bu gün milli medeniýetimiziň gymmatlygy bolan bedewlerimiz ýurdumyzyň ösüşleriniň we dostana gatnaşyklarynyň özboluşly nyşanydyr. Milli ösüşlerimiziň, täze özgertmeleriň, rowaçlyklaryň ýene bir nyşany bolsa, eziz Watanymyzyň ýüregi, beýik ösüşleriň çyragy bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheridir.

Aşgabady ösdürmegiň hukuk esaslary

Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabat baý taryhy bilen tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip, onuň hukuk derejesi berkidilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda täze ösüş ýoluna düşdi, ýurdumyzyň baş şäheri ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam basdy. Ýurdumyzyň paýtagty ähli halkymyzyň söýgüsinden hem mährinden kemal tapýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna täzeden gurulýar. Onuň birnäçe ýyl ozalky keşbi bilen şu günki sazlaşykly gözelliklerini deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz her ýylda döwürleýin amala aşyrylýan birnäçe, has anygy, «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde seýilgähleri döwrebaplaşdyryp gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini, çagalar baglaryny we umumy bilim berýän orta mekdepleri we beýleki bilim edaralaryny gurmak hakynda» Kararlara gol çekýär.

Ynsanperwerlige esaslanyp

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp, öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň nobatdaky başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda parahatçylyga ýugrulan gatnaşyklary ösdürýär we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.

Garaşsyzlygyň miwesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden rowaçlanmasydyr. Türkmen halkyny döwletlilige, sowulmaz döwrana, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlyk türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesidir. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy taryhy waka boldy we ol ýurduň ösüşine kuwwatly badalga berdi. Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň durmuşy düýpgöter üýtgedi we bagtyýarlyga beslendi. Ine, şu nukdaýnazardan alanymyzda, Garaşsyzlygymyz mukaddesdir. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda Watan goragçylaryna şeýle ündeýär: «Asudalygyň goragçysy! Sen gaýrat bilen ömrüni bezän merdanalaryň neslisiň. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny goramak seniň gursagyňa borç bolup guýlan iň arzyly kesbiňdir. Eziz diýarymyzyň asuda durmuşy seniň bilimiň, yhlasyň, gaýratyň, merdana pederlere goýýan sarpaň bilen gazanylandyr». Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz diýarymyzy beýik ösüşlere besläp, parahatçylykda, asudalykda we bagtyýar halkymyzyň agzybirliginde nurana geljege a

Watanyň merdana goragçylary

Il-gününe asudalyk bagş eder, Watanperwerligi köňle nagş eder,Gullugyny yhlas bilen berkider,Watanyň merdana goragçylary. Berkarar ýurdumyň gadamy batly,Garaşsyzlygmyzyň miwesi datly,Ýörediň Arkadag ýolun şöhratly,Watanyň merdana goragçylary.

Buýsançly goşgy

Geçen ýyllar rysgal-döwlet getirdi,Nama ýazýan gözel döwre seslenip.Arkadagym bilen eziz Diýarym,Öňe barýar ösüşlere beslenip. Akýar ozal akan ýerinden aryk,Dolandy döwranlar türkmene laýyk.Gelýär ýyllar bir-birinden ajaýyp,Öňe barýas ösüşlere beslenip.

Topragym

Gitsem senden biraz wagtlyk uzaga,Mähriň meni çeker durar, topragym.Sen şeýle mähriban, ýakyn ýüregme,Ýüregim Sen diýip urýar, topragym. Göze görünmeýän jady bar sende,Eçilýän hasylyň dady bar sende,Köňlümiň tükenmez şady bar sende,Bu kalbyma ylham beren topragym.

Eziz Watan ösüşlere beslenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyz uly ösüşler bilen türkmen halkyny buýsanja besleýär. Beýik ösüşleriň ýoly bilen nurana geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanýandygy ýurdumyzda alnyp barylýan köpsanly gurluşyklaryň mysalynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli amatlyklary we oňaýly şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ýagny oba ýerlerinde-de giň gerimde gurulýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn ösdürilýändigini, özi hem sanly ulgama geçilýändigini bellemek ýakymlydyr.