Meşhur Akhana dowamat geldi

25 Mart 2021
785

Bahar her ýurda öz gözelligi, ýatdan çykmajak ajaýyplygy bilen gelýär. Ata-babalarymyz togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, bu topragyň dem alşyna, onuň diňe bir daýhanlaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň kalbynda özboluşly bir duýgyny emele getirýändigini belleýärler. Bahar, ýaz, gül, gülälek, joşguna berlen gowünler bu günleriň täsirini artdyrýar. Watanymyza toý bolup dolan ýazyň ilkinji günlerinde şatlykly habarlaryň eşidilmegi buýsançly başymyzy göge göterýär.

Halkara Nowruz baýramynyň uly joşgun bilen bellenilýän günlerinde, has takygy, şu ýylyň 22-nji martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ol ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Köpetdagyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän topluma baran mahaly Gahryman Arkadagymyza özüniň seýisläp ýetişdiren meşhur Akhan atynyň ilkinji taýynyň doglandygyny habar berdiler. Buşluk habary hemmeleriň şatlygyny goşalandyrdy.

Guwanç ABDYRAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar