Ösüşleriň ýoly bilen

26 Mart 2021
801

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly turuwbaşdan hoş habarlara beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine uly ynam bildirýär. Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilýär, olaryň täzeçe işlemegi, gurmagy, döretmegi, öndürmegi babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem, bu gün türkmen telekeçileri hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyna jogap edip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna saldamly goşant goşýarlar, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirýärler. Olar dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürip, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen doly üpjün edýärler hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytdyr önümleriň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzyň çäginde öndürilmegini ýola goýýarlar.

Seýitmyrat ATAMURADOW,
TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar