Abadan durmuşyň kepili
«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmäge guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Dürli kärdäki raýatlaryň, jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän çözgütleriň kabul edilmegi ösüşlerimizi dowamata atarýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň