Aksakallar, bak, danadyr

30 Awgust 2024
138

...Döwürler, heňňamlar özgerse-de, bir zat mizemän galýar, ol-da jemgyýetde abraý-mertebeli ýaşamak, özüňden ýagşy at galdyrmak. Bu gymmatly ahlak ýörelgeleri halkymyzyň milli terbiýe mekdebiniň özeni hökmünde müdimi ýaşap gelýär. Adamzat elmydama ýagşy adamy, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek barada aladalanypdyr. Şeýle adamlardan edilýän ilkinji talap jogapkärçilik duýgusy, öz borjuňy duýmak başarnygy bolupdyr.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Aslynda, meniň pikirimçe, hakyky ynsan boljak bolsaň, mydama öz-özüňden hasabat sorap ýaşamaly... Adamlar özlerinde her ýaşyň aýratyn jogapkärçiligini duýmalydyrlar we ýaňky ýaly soraglar orta gelende, muňa has ünsli garamalydyrlar. Şunda öz-özüňe örän talabedijilik bilen garamak gerek, sebäbi munuň özi galan ömrüňi hem manyly ýaşamak üçin tijenmäge iterýär». Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçende, bu ugurda ýene bir gymmatly pendini ýaşlar bilen paýlaşyp, şeýle diýdi: «Halal zähmet ynsanyň abraý-mertebesini, ömrüniň manysyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ýaşlara şeýle sargyt edesim gelýär: beýik maksatlara ýetmek üçin zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň! Siziň çekýän zähmetiňiz hemişe halal, ile-ýurda bähbitli bolsun!».

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar