"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

2024-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýän halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça saýlap alan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň şeýledigine şu ýylyň fewral aýynyň syýasy wakalarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. 2-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşdy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň degişli Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek bilen bagly altynjy döwürleýin hasabatyna garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyşlarynda 2018 — 2023-nji ýyllar aralygynda syýasy, ykdysady, hukuk, medeni-durmuş ugurlarynda amala aşyrylan özgertmeler barada maglumat berdiler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda zenanlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň, şol sanda zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň bilim almagy we wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

Doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy — umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň binýady

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji marty) Hormatly aksakgallar!

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda BEÝANAT

Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşululary gatnaşdylar. Taraplar aç-açanlyk, dostlukly, netijeli ýagdaýda özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ýaşulular söwda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümliginiň artýandygyny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşyjylary myhmansöýer türkmen topragynda mukaddes Oraza aýynda garşylamaga şatdygyny aýdyp, geňeşiň ýolbaşçysyny bu mübärek aý bilen gutlady we oňa işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Halkymyzyň abadançylygy — döwlet syýasatynyň baş maksady

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. 5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamy geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Dost-doganlyk gatnaşyklary mizemezdir

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar. 15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

«TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Bosagada ýazky bag ekmek möwsümi

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, gögeriş suwy tutulýar. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýer

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

«TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!Gadyrly myhmanlar!

Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

Baky Bitarap döwletimiziň gözel paýtagty häzirki döwürde bütindünýä we umumadamzat ähmiýetli forumlaryň, maslahatlaryň, dürli ylmy, medeni çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde halkara jemgyýetçiliginde giňden tanalýar. Çünki eziz Watanymyzda guramaçylykly hem üstünlikli geçirilýän halkara derejesindäki her bir çäre sebitiň we bütin dünýäniň halklarynyň birek-biregi bilen ynanyşyp, parahat ýaşamaklaryna, ykdysady, medeni, gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlyklaryny has-da ösdürmeklerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Halkara derejesindäki şeýle ähmiýetli maslahatlaryň biri, ýagny hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda 11-nji martda Aşgabatda öz işine başlan Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi şu gün tamamlanýar. Turuwbaşdan, bu mejlisiň örän ýokary derejede hem-de netijeli geçendigini bellemek isleýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçen mejlisiň esasy maksady Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli ykdysady, medeni, gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de hemmetaraplaýyn berkitmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksat bilen geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar Geňeşiň we Türki Döwletleriň Guramasynyň işi bilen

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guraldy. Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!Gadyrly myhmanlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

“TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy — Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

Türki döwletleriň dost-doganlygynyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde eziz ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ynha, 11 — 13-nji martda paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hem dost-doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dost-doganlyk, halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly döwlet hökmünde abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barýar. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki ýurdumyz bahasyna ýetip bolmajak medeni-taryhy ýadygärliklere diýseň baýdyr. Gadymy Änew düzlügi hem däneçilik, ekerançylyk medeniýetiniň ösen ýeridir. Munuň özi mukaddes türkmen topragynyň ak bugdaýyň ilkinji mekany bolandygyny habar berýär.

Sazlaşykly ösüş we abadançylyk ugrunda

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda welaýat häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda maýsaly  meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, gögeriş suwy tutulýar. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beril

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji marty) Hormatly aksakgallar!Gadyrly myhmanlar!