Sazlaşykly ösüş we abadançylyk ugrunda

12 Mart 2024
402

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda welaýat häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda maýsaly  meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

«Watan».
Beýleki habarlar