Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde eziz ata Watanymyzyň at-abraýy Ýer ýüzünde barha belent derejelere göterilýär. Şunda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ynha, 11 — 13-nji martda paýtagtymyzda geçirilýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hem dost-doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dost-doganlyk, halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly döwlet hökmünde abraýly halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barýar. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki ýurdumyz bahasyna ýetip bolmajak medeni-taryhy ýadygärliklere diýseň baýdyr. Gadymy Änew düzlügi hem däneçilik, ekerançylyk medeniýetiniň ösen ýeridir. Munuň özi mukaddes türkmen topragynyň ak bugdaýyň ilkinji mekany bolandygyny habar berýär.